Jumalykazyk we Bergama Bütindünýä miras sanawynda…

Şeýlelikde Türkiýäniň sanawa degişli edilen mirasy 13 boldy

103890
Jumalykazyk we Bergama Bütindünýä miras sanawynda…

Jumalykazyk we Bergama BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi UNESKO-nyň Dohada geçirilen 38-nji Bütindünýä miras sanawynyň maslahatynda Bütindünýä miras sanawyna kabul edildi.
Kataryň Milli kongresler merkezinde geçirilen maslahatda Kataryň üýtgetme girizme barasynda hödürlän teklibi “Bursa we Jumalykazyk: Osman imperiýasynyň döreýşi” we Germaniýa tarapyndan telip bilen “Bergama köp gatlakly medeni peýžaz zolagy” delolary Bütindünýä miras sanawyna kabul edildi.
“Jumalykazyk irki Osman şäher we oba ýerleri” we “Bergamanyň” kabul edilmeginden soň Türkiýäniň Bütindünýä miras sanawyna degişli ýerleriniň sany 11-den 13-e ýetdi.
“Bursa we Jumalykazyk: Osman imperiýasynyň döreýşi” Bütindünýä miras zolagy Orhangazi kompleksinden we ýanaşyk ýerlerini öz içine alýan Hanlar zolagyndan, Hudawendigar kompleksinden, Ýyldyrym kompleksinden, Ýaşyl kompleksinden, Muradiýe kompleksinden we Jumalykazyk obasyndan ybarat.
Elenistik döwrüň iň uly kitaphanalaryndan biriniň ýerleşen ýeri bolan gadymy Bergama hem medeni peýžaz kategoriýasy boýunça sanawa degişli edildi. Elenistik, Rim, Gündogar Rim we Osman döwürlerine degişli gatlaklary özünde jemleýän Bergama akrapol, golaýdaky ýedi sany tumus we Mukaddes Kibele giňişligi bilen birlikde 9 bölekden ybarat.
Türkiýäniň Bütindünýä miras sanawyndadaky delolary bolsa: Stambulyň taryhy ýerleri, Diwrigi metjidi we şypahanary, Hattuşaş, Nemrut dagy, Hantos-Letoon, Safranbolu şäeri, gadymy Truwa şäheri, Edirne Selimiýe metjidi we kompleksi, Göreme goraghanasy we Kapadikiýa, Pamukkale Hierapolis we neolitik döwre degişli Çatalýoýýuk şäheri.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar