Kan kino film festiwalynda "Gyş ukusu" filmi görkezildi

Kan kino film festiwalynda Altyn Palma baýragy üçin bäsleşen Nury Bilge Jeýlanyň “Gyş ukusu” filmi görkezildi

Kan kino film festiwalynda "Gyş ukusu" filmi görkezildi

67-nji Kan kino film festiwalynda Altyn Palma baýragy üçin bäsleşen Nury Bilge Jeýlanyň “Gyş ukusu” filmi görkezildi.

Filmi surata düşüren topar Soma etrabyndaky magdan pajygasynda şehit bolan magdançylar üçin gara lenta dakdy, filmiň hormatyna beriljek agşam nahary bolsa goý bolsun edildi.

Nuri Bilge Jeýlan bilen birlikde filmiň aktýorlary Nejat İşler, Nadir Sarybajak, Tamer Lewent, Aýberk Perjan we Serhat Mustafa Kylyç festiwalyň ýolbaşçysy Teri Fremo tarapyndan garşylandy.

“Gyş ukusy” Kanda 2008-nji ýylda “Üç maýmyn” filmi bilen “İň gowy režisýor” baýragyny, 2011-nji ýylda “Bir wagtlar Anadoly” we 2002-nji ýylda “Uzak” filmi bilen Emin agzalarynyň ýörite baýragyny alan Nuri Bilge Jeýlanyň soňky filmidir.

3 sagat 17 minutlyk filmde merkezi Anadolyda ýaş aýaly we uýasy bilen kiçi myhmanhanany dolandyrýan ozalky aktýoryň durmuşy gürrüň berilýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar