Dokumental filmlerine berilýän baýraklar eýelerine gowşuryldy
TRT tarapyndan dokumental filmlerine berilýän baýraklar eýelerine gowşuryldy
Finalda bäsleşen 34 eseriň arasyndan “Web garaşlylary” we “Gaý” atly dokumental filmleri birinjilik baýragyna laýyk görüldi
Dokumental filme köňül berenleri goldamagy we tomaşaçylara ýokary hili filmleri hödürlemegi maksat edinýän “TRT-niň Dokumental Filmler Günleriniň” soňky gününde baýrak gowurlyş dabarasy geçirildi.
Stambulda geçirilen baýrak gowşurlyş agşamyna Stambulyň gubernatory Hüseýin Awni Mutlu, TRT-nin Baş müdiri İbrahim Şahin we köp sanly tomaşaçy gatnaşdy.
TRT-niň Baş müdiri İbrahim Şahin dabarada maksatlarynyň dokumental film sungatyny goldamakdygyny ýatladyp, çärä bolan gyzyklanmanyň ýylsaýyn artýandygyna ünsi çekdi.
Halkara kategoriýada “İň gowy film baýragyna” Hila Medelýanyň we Şoh Şylamyň režisýorlyk etmegindäki “Web garaşlylary” filmi laýyk görüldi.
Milli hünärmen kategoriýasynda finala çykan filmlerin arasynda birinjilige laýyk görüleni bolmady.
Şol kategoriýada Mehmet Özgür Jandanyň režisýorlyk etmegindäki “Çalykuşu” atly filmi ikinjilik baýragyna laýyk görüldi.
Aýdyn Kapanjygyň režisýorlyk etmegindäki “Gaý” filmi bolsa Milli höwesjeň kategoriýasynda “İň gowy film” baýragyna laýyk görüldi.
Şu ýyl abraý baýragy uzak ýyllaryň dowamynda TRT operator bolup işlän Tewfik Şenola berildi.
Degişli Habarlar
Trendýol Super Liganyň 32-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 32-nji hepdesinde geçirilen duşuşyklar we olaryň netijeleri
Samara Žoý Stambulda Konsert Berer
Amerikaly jaz aýdymçysy Samara Žoý 19-njy aprelde Stambulda konsert berer.