Ýapon Şazadasy Akiko Mikasa Ýassyhoýýukde

Ýaponiýanyň şalyk maşgalasynyň Türkiýedäki taryhy mirasa bolan gyzyklanmasy uly

Ýapon Şazadasy Akiko Mikasa Ýassyhoýýukde

Ýapon Şazadasy Akiko Mikasa Ýassyhoýýukde alynyp barylýan arheologik işler bilen tanyş boldy.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çeligiň çagyrmagy boýunça gelen ýapon Şazadasy Akiko Mikasa Kyrşehir welaýatyna bardy.

Kyrşehir welaýatynyň Kaman etrabynda ýerleşýän Ýapon Anadoly Arheologiýa İnstitutyna baryp gören Mikasa 2010-njy ýylda kakasy Şazada Tomohito tarapyndan açylan institut barasynda maglumat aldy.

Şazada Akiko Mikasa soň bolsa b.e.ozalky 2-nji müň ýyllygyň birinji çärýeginde asurlar tarapyndan gurlan “Ýassyhoýýuk” ýaşaýyş merkezine bardy.

Şazada ýapon arheologlarynyň “Ýassyhoýýukda” alyp barýan gazuw-agtaryş işleri barasynda maglumat berildi.

Ýapon Şazadasy we ýanyndaky topar soň bolsa Ankara geldi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar