Türkiýäniň Prezidentiniň 50-nji Türkiýe tigir turniri tamamlandy

27-nji aprelde Alanýada başlan tigir turniri Stambulda tamamlandy

Türkiýäniň Prezidentiniň 50-nji Türkiýe tigir turniri tamamlandy

Türkiýäniň Prezidentiniň 50-nji Türkiýe tigir turniri Stambul-Stambul etaby bilen tamamlandy.

27-nji aprelde Alanýada başlan tigir turniri Stambulda tamamlandy.

121 kilometrlik Stambul-Stambul etabynda Beýik Britaniýaly Mark Kawendiş ýeňiji boldy.

2 sagat 35 minutda ýeňiş gazanan Kawendiş şeýlelikde 8 etabyň 4-sinde birinji orny eýeledi.

Turniriň esasy lideri bolsa Orika Grinek komandasyndan Edim Ýetes boldy.

Ýetes 8 günde 1251 kilometrlik ýoly bäsdeşlerine görä has gysga wagtda tamamlady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar