Ömer Çelik Metropolitan muzeýine baryp gördi

Çelik Amerikaly ýolbaşçylaryň Türk-Yslam taryhyna degişli eserleri ünslilik bilen gorap saklamagyndan hoşaldygyny aýtdy

Ömer Çelik Metropolitan muzeýine baryp gördi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ömer Çelik ABŞ-na guraýan iş saparynyň çäginde Metropolitan muzeýine baryp gördi.

Muzeýde sergilenýän eserler bilen ýakyndan gyzyklanan Çelik Amerikaly ýolbaşçylaryň Türk-Yslam taryhyna degişli eserleri ünslilik bilen gorap saklamagyndan hoşaldygyny aýtdy.

Türk-Yslam dünýäsine degişli esgerler bilen hem ýakyndan gyzyklanan ministr Çelik ýolbaşçylardan maglumat aldy.

Sapary hakynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine beýanat beren Çelik, ABŞ-dan Türkiýä degişli taryhy eserleriň yzyna berilmegi üçin hiç hili ýüz tutmanyň edilmändigini aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar