Serwet Tazegül Ýewropa çempiony boldy

Milli türgen Tazegül altyn meýdalyň eýesi boldy

Serwet Tazegül Ýewropa çempiony boldy

Milli türgen Tazegül Ýewropa Tekwando çempionadynda altyn meýdalyň eýesi boldy.

Ýewropa Tekwando çempionadynda türk türgen Serwet Tazegül 68 kilogram agyrlykda birinji orny eýeledi.

Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwdaky Serhedçi sport merkezinde 47 ýurtdan 363 türgeniň gatnaşmagynda geçirlen çempionadynyň 4-nji gününde erkekleriň arasynda 68 we 74 kilogram, zenanlaryň arasynda bolsa 53 we 67 kilogram agyrlyklarda bäsleşikler geçirildi.

Erkekleriň arasynda 68 kilogram agyrlykda bäsleşen Serwet Tazegül ilkinji bäsleşiginde Bolgariýaly Wladimir Dalakliewi 8-7 hasabynda ýeňmegi başardy.

Tazegül ikinji bäsleşiginde bolsa İspaniýaly bäsdeşi Daniel Kuesada Barrerany 8-7 hasabynda ýeňip ýarym finala gatnaşmaga hukuk gazandy.

Tazegül ýarymda finalda Maldowaly bäsdeşi Wladislaw Arýentini we finalda rus bäsdeşi Alekseý Denisenkony ýeňip Ýewropanyň çempiony boldy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar