Türkiýäniň Sesi Radiosy Altyn Galam baýragyna laýyk görüldi

6-nji Altyn Galam ykdysadyýet habarlary üstünlik baýraklary eýelerine gowşuryldy

Türkiýäniň Sesi Radiosy Altyn Galam baýragyna laýyk görüldi

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasy TRT-niň Türkiýäniň Sesi Radiosy Altyn Galam baýragyna laýyk görüldi.

Ykdysadyýet žurnalistleri jemgyýeti tarapyndan berilýän 6-nji Altyn Galam ykdysadyýet habarlary üstünlik baýraklary eýelerine gowşuryldy.

TRT-niň Daşary ýurt ýaýlymlar departamentiniň jogapkärçiligindäki Türkiýäniň Sesi Radiosy, Radio ykdysadyýet habary we gepleşigi boýunça baýrak aldy.

Baýrak gowşurlyş dabarasyna Wise-premýer Ali Babajan hem gatnaşdy.

Ýaýlyma berilýän Ykdysadyýet analizi atly gepleşigi bilen baýrak alan TSR-nyň baýragyny Daşary ýurt ýaýlymlary departamentiniň başlygy Doktor Süleýman Erdala TÜRMOB-yň başlygy Nail Şanly gowşurdy.

Süleýman Erdal baýrak gowşurlyş dabarasynda eden çykyşynda “Türkiýäniň gymmatlyklaryny, medeniýetini we gün saýyn ösýän, güýçlenýän Türkiýäni dünýä ýurtlaryna tanyşdyrmak üçin tagalla edýäris”diýdi. Süleýman Erdal “Dünýä ýüzlenýäris” şygary bilen TRT-niň Daşary ýurt ýaýlymlarynyň maksadyny we durmuşa geçirýän işlerini gürrüň berdi.

Türkiýedäki ykdysadyýet neşirlerine Ykdysadyýet žurnalistleri jemgyýeti tarapyndan berilýän ilkinji baýrak bolan Altyn Galam baýraklary gazet, žurnal, telewideniýe, radio we internet ýaly haýsydyr bir ýaýlym organynda ýaýlyma berlen ykdysadyýet bilen baglanşykly habarlary we gepleşikleri öz içine alýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar