Global Perspektiwa-17 Türkiýäniň 32-nji ähliumumy,Ilkinji Prezident Saýlawy

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

958824
Global Perspektiwa-17  Türkiýäniň 32-nji ähliumumy,Ilkinji Prezident Saýlawy

 

Türkiýäniň 32-nji ähliumumy, Ilkinji Prezident Saýlawy

 

Türkiýe 2018-nji ýylyň 24-nji iýunynda iňňän seýrek gabat gelýän ýagdaýda taryhynyň 32-nji ähliumumy we ilkinji prezident saýlawyny geçirer.

Türkiýe ilkinji ähliumumy saýlawyny Osman döwleti zamanasynda, 1876-njy ýylda geçiripdi. Şondan soň 1878, 1908, 1912, 1914 we 1919-njy ýyllarda saýlawlar geçirildi. Şol döwürde 6 gezek saýlaw geçirildi.

Respublika döwründe bolsa bir partiýaly döwür bilen birlikde 25 gezek ähliumumy saýlawlar geçirildi. Bir partiýaly döwürde 1923, 1927, 1931, 1935, 1939 we 1943-nji ýyllarda 6 saýlaw geçirildi. 1946-njy ýylda köp partiýaly syýasy ulgamynyň başlamagyndan bäri bolsa jemi 19 saýlaw geçirildi. 2018-njy ýylyň 24-nji iýunynda 20-nji saýlaw geçiriler.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Türkiýede 1876-njy ýylda geçirilen saýlawdan soňky ähliumumy saýlawyň geçiriljek güni bolan 24-nji iýuna çenli 142 ýylda 32 gezek saýlaw geçirildigi bolar. Beýleki tarapdan agdarlyşyklar sebäpli salawlaryň geçirilip bilinmedik döwürleri hem başdan geçirildi.

Tapawutly saýlaw tapgyrlary

Şübhesiz her bir saýlawyň ýa-da saýlaw tapgyrynyň özüne mahsus özboluşlyklar bolýar. Osmanly döwründe geçirilen saýlawlar patyşalyk ýaly adaty, halyflyk we şyhulyslamlyk ýaly dini guramalaryň bolan döwründe geçirilen saýlawlar. Türkiýe demokratiýa halyflyk we şyhulyslamlyk ýaly edaralaryň bolan döwründe geçendigi üçin yslamyň we demokratiýanyň utgaşykly bolup bolmandygy uly diskusiýalar döretmedi.

1923-1943-nji ýyllaryň aralygyndaky saýlawlar bir partiýaly saýlawlardy. Şol döwürde oppozision partiýalara rugsat berilmedik hem bolsa saýlawlaryň geçirilmegi Osman döwründe başlan saýlaw däbiniň ýatdan çykarylmazlygy, günbataryň faşizme we nasizme gönügen ýyllarynda formal taýdan hem bolsa saýlawlary dowam etdirmegi taýdan ýerliklidir.

Türkiýe 1946-njy ýylda köp partiýaly syýasy ulgama ýaňadandan geçdi. 1876-1943-nji ýyllaryň aralygynda saýlawlar iki basgançakly, 1946-njy ýyldan bäri geçirilen saýlawlar bolsa bir basgançakly saýlawlardyr. İki basgançakly ulgam şu günki günde ABŞ-daky saýlawa meňzeýär. Bu ulgamda saýlawçylar ikinji saýlawçylary, ikinji saýlawçylar bolsa halk deputatlaryny saýlaýar. İki tapgyrly ulgam esasan umumy sese bolan ynamsyzlygy görkezýär.

Türkiýe 2018-nji ýylyň 24-nji iýunynda bolsa ähliumumy saýlawlar bilen birlikde taryhynda ilkinji gezek Prezident saýlawyny geçirer. 1876-njy ýyldan biziň günlerimize çenli hökümet saýlaw bilen iş başyna gelen Mejlisiň düzüminden emele gelen bolsa, ilkinji gezek halk deputatlary bilen hökümeti gurjak döwlet ýolbaşçysy aýry-aýrylykda saýlanar. Türkiýede Prezident dolanşygy hökümet ulgamyna näme sebäpden geçilendigi barada 2017-nji ýyldaky referendumdan ozal ýazan “Netijeli, Durnukly we Güýçli Türkiýe Üçin Prezident Dolanşygy Ulgamy” kitabym ser salyp bilersiňiz.

Saýlawlaryň manysy

Demokratiýa güýjüni eýe bolan usulyndan däl, eýsem legallygyndan alýar. Geçen döwürlerde syýasy ulgamlar üçin legallygyň tapawutly usullary bardy. Geljekde-de başga usullar ýüze çykyp biler. Emma häzirki döwürde demokratiýa syýasy ulgamlary jemgyýetçilik legallyk bilen üpjün edýän belkem ýeke-täk usuldyr. Şol sebäpli saýlawlar arkaly haýsydyr bir syýasy ulgamyň dolandyrylýanlar tarapyndan tassyklanmagy döwlet-millet jebisligi/arkalaşygy taýdan iňňän möhümdir. Saýlawlar arkaly milletden güýç alýan syýasy ulgamlar hem içerde hem-de halkara arenada has kuwwatlydyr. Jemgyýetçilik legallyklary bolmadyk syýasy ulgamlar üçin şertler tersinedir. Şeýle dolanşyk ulgamlary içerde esasan basyşlar, adam hukuklaryny çäklendirmek we azatlyklary basgylamak arkaly iş başynda galýan bolsa, öz jemgyýetlerinden güýç almaýandygy üçin daşarda ejiz bolýarlar. Şol sebäpli öz jemgyýetlerine däl, eýsem global güýçlere esaslanmaly bolýarlar.

Demokratiýa-döwrebaplyk gatnaşygyna ser salanymyzda syýasy ulgamlaryň degişli bolan jemgyýetleri tarapyndan legal kabul edilip-edilmezliginiň nähili möhümdigini aç-açan görmek bolýar. Şu günki günde dünýäniň iň bir ösen ýurtlary demokratik ýurtlar. İň kynçylykly çekýän ýurtlar bolsa anti-demokratik ýurtlar. Şol jähtden garalanda bir ýurtda parahatçylygyň, asudalygyň we durnuklylygyň gözbaşy ykdysady dereje däl, demokratiýa, plýuralizm, azatlyk ýaly gymmatlyklara eýe bolup, bolmanlygy. Çünki ykdysady ösüş diňe şol gymmatlyklar bilen mümkindir. Parahatçylygyň we asudalygyň bolmadyk ýerinde ösüş bolmaz.

Demokratiýa, azatlyk, plýuralist-ykdysady ösüş gatnaşygy getirilip bilinjek iň anyk mysallaryndan biri Türkiýäniň 2000-nji ýyllardan soň alyp baran syýast. 28-nji fewral goşulyşmasy we şondan soň alynyp barylan çäklendiriji we anti-demokratik syýasatlar bilen Türkiýede adam başyna düşýän girdeji 2000 dollara çenli aşaklapdy. 2000-nji ýyllardan soň has azatlykçy, demokratik we plýuralist syýasatlar alynyp barylmagy bilen Türkiýede adam başyna düşýän girdeji 10 müň dollardan geçdi.

Türkiýede ilkinji saýlawyň 1876-njy ýyldan geçirilendigi göz öňünde tutulanda Türkiýäniň demokratiýa taryhy köp sanly ýurduň taryhyndan gadymydyr. 142 ýyllyk döwürde tapawutly dolanşyk ulgamlary bolan hem bolsa, Türkiýe demokratiýa ugrundaky tagallasyny dowam etdirdi. Yza ser salanymyzda antidemokratik tejribeler taýdan nemes nasizmi ýa-da italiýan faşizmi ýaly dikdatorlyga sezewar bolmady. 2000-nji ýyllardan soň bolsa demokratiýa we azatlyklar taýdan uly ösüş edildi. Germaniýanyň, Awstriýanyň we Gollandiýanyň şu günki günde-de türkiýeli saýlawçylaryň ses bermek üçin söz we ýygnanşyk azatlygyna, syýasy hukuklaryndan peýdalanmagyna rugsat bermeýändigi göz öňünde tutulanda, Türkiýäniň ýeten sepgidi we demokratik tejribesi köp sanly ýurt üçin ýol görkeziji häsýete eýedir. Bilmek isleýänler 142 ýyllyk tejribesi, saýlawlaryň kazyýetiň gözegçiliginde geçirilmegi, syýasy partiýalaryň işjeň gatnaşygy we isleýänleriň synçy bolmagyna açykdygy sebäpli belkem dünýäniň iň bir ynamdar saýlawlaryň biri Türkiýede geçirilýär.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýärdik…



Degişli Habarlar