Global Perspektiwa:​​​​​​​28-nji Fewral: Sowuk Uruş Hossarlygynyň Soňky Agdarlyşyk Synanşygy

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Global Perspektiwa:​​​​​​​28-nji Fewral: Sowuk Uruş Hossarlygynyň Soňky Agdarlyşyk Synanşygy

Global Perspektiwa 09

Doly 21 ýyl ozal 1997-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkiýe ýakyn taryhynyň esasy harby agdarlyşyklaryndan ýene-de birini başdan geçiripdi.

Türkiýe üçin harby agdarlyşyklar ýa-da agdarlyşyga synanşyklar tötänlik däl. Agdarlyşygyň taryhy her on ýyldan bir şeýle synanşyklara sezewar bolandygymyzy aç-açan görekezýär: 1960, 1971, 1980, 1997, 2007, 2016.

1997-njy ýyla gelinende soňky agdarlyşygyň 1980-nji ýylda guralandygy göz öňünde tutulanda täze bir agdarlyşyk üçin gijä galynandygy pikir edilip bilner. Emma agdarlyşygy guran general Ewreniň häkimiýet başyndan aýrylanyna entek 8 ýyl geçendigi göz öňünde tutulanda bolsa düşnükli bolar.

Türkiýe näme sebäpden on ýyldan bir agdarlyşyklara sezewar bolýar?

Türkiýe ýaly kesgitleýji ýurtlar global güýçler tarapyndan özbaşdan goýulmaz. Özbaşdak goýulan halatynda şol ýurtlaryň nämeleriň hötdesinden gelip biljekdigine gowy göz ýetirýärler. Şol sebäpli bu ýurtlar yzgiderli häsýetde gözegçilik astynda saklanmak islenýär. Ony Germaniýadan hem bilýäris. İki gezek global ulgamy özgertmäge synanşan we utduran Germaniýa konstitutsiýasy mejbur kabul etdirildi, harby goşuny we ýarag güýji çäklendirildi.

Türkiýede hem harby agdarlyşyk bilen ölüm jezasyna sezewar edilen Premýer ministr Adnan Menderesiň häkimiýet başynda bolan ýyllarynda onuň potensialy ýene-de bir gezek görülipdi. Şol sebäpli 1961-nji ýylda kabul edilen konstitutsiýa bilen saýlawlary gözegçilik astyna aljak hossarlyk ulgamy döredilýär. Her on ýyldan bir guralan agdarlyşyklar aslyna seredilende milletimizi gözegçilik astynda tutmak üçin edilen özgerlişiklerdir.

Türkiýe ýaly ýurtlarda edilen harby agdarlyşyklary diňe bir içerki faktorlar bilen düşündirip bolmaz. Entek geçen hepde Merkezi razwedka gullugynyň ozalky başlygy Jeýms Wulseý ABŞ-daky saýlawlara Russiýanyň goşulyşandygy boýunça Prokuror Rower Mýulleriň geçirýän derňew işinde ABŞ-nmyň hem başga ýurtlardaky saýlawlara goşulyşandygyny boýun aldy. Şonuň ýaly hem Türkiýedäki 1980-nji ýyldaky agdarlyşykdan soň ABŞ-nyň Milli howpsyzlyk geňşiniň başlygy Paul Henze şol wagtky Prezident Jimi Kartere “biziň oglanlar hötdesinden geldi” diýipdi.

1990-njy ýyllardaky Türkiýe taýdan meniň pikirimçe öldürilen Prezident Ozally ýyllar bilen bilelikde ýurt hem ykdysady ösüşler hem-de azatlyklar taýdan iňňän uly ösüş edipdi. sxoň Refah-Ýol hökümeti döwründe merhum Erbakanyň premýer ministrliginde ýurduň ykdysadyýeti ýokary depginde ösdi. Eger şeýle dowam eden bolsady Türkiýe gözegçiligiň çäginden çykyp bilerdi, öz ýoluny kesgitlärdi.

İne şeýle şertlerde 28-nji fewral agdarlyşygy guraldy.

28-nji fewral tapgyry

Tapgyr 28-nji feral güni tanklaryň Ankaranyň Sinjan etrabynda şäheriň merkezinden geçirilmegi bilen başlady. Bu adaty ýagdaý ýaly görnüp biler. Emma siz geçmişde tanklar bilen mejlisleriň gabaw astyna alynan, premýer ministrleriň, ministrleriň ölüm jezasyna sezewar edilen ýurdunda ýaşaýan bolsaňyz, aňyňyz tankly ýörişden köp netije çykarmaga taýardyr. Onsuz hem tapgyr şeýle dowam etdi. Milli howpsyzlyk geňeşinde şol wagtky gurluşyna görä syýasatçylar bilen deň sandaky harbylaryň eglişiksiz çemeleşmesi bilen hökümete iş meýilnamasy kabul etdirildi. Harbylaryň niýeti belli bolandan soň, bütin ýurt barbarlara garaşýan ýaly hatara düzüldi. Ýurt hamala diýersiňiz ozaldan taýarlyklary görülen hereketler bilen agdarlyşyk tapgyryna girdi. Kazylar, býurokratlar, jemgyýetçilik guramalary, “yzagalak howp” astyndygymyzy düşündirmek üçin Baş ştab tarapyndan berilen brifing bäsleşigine gatnaşdylar.

Netijeleri…

Elbetde tapgyr beýle gutarmady, agdarylan hökümet, durnuksyz koalisiýa ýyllary, saklanan, işden çykarylan sansyz adamlar, ölümler, jana kast etmeler, ýaşlygy we geljegi elinden alynan nesil…

Başlangyç haklar we azatlyklar taýdan gazanylanlary elinden alynan, harby dolanşyk döwrüne gaýdyp baran Türkiýe…

2002-nji ýylda görülşi ýaly ykdysadyýeti çöken ýurt…

Galplyk, talaňçylyk we ogurlyk habarlarynyň asmana göterilen şertleri…

We Ondan Soň

28-nji fewral Türkiýäni gözegçilik astynda saklamak isleýän içerki we daşarky güýçler tarapyndan guralan sowuk uruş hossarlygynyň soňky agdarlyşygydy. Jemgyýete we onuň gymmatlyklaryna ýokardan seredýän, ony äsgermeýän nasionalist sowuk uruş hossarlygy bilen Türkiýäniň indi gözegçilik astynda saklanyp bilinmejek aç-açan görülýär. globallaşma we aragatnaşyk asry, eýe bolan plýuralizmi, köp medeniýetlilik, azda-kände hem bolsa demokratiýa tejribesi sebäpli Türkiýä indi ozalkysy ýaly sowuk uruş hossarlygy bilen gözegçilik etmek mümkin däldi.

Şu gün yza ser salanymyzda 28-nji fewralyň sowuk uruş hossarlygynyň gurluşy taýdan däl, emma milletiň gymatlyklary bilen barlyşykly ýaly görünýän täze bir hossarlygyň emele gelmegi taýdan netijelidigini aýdyp bileris. Çünki şol döwürde şu günki günde FETÖ atlandyrylýan topardan daşgary ähli jemgyýetçilik we dini toparlaryň ählisi ortadan aýryldy. Şu günki günde seredilende 28-nji fewralda 15-nji iýul üçin giň arassaçylyk edilipdir. Demokratik we jemgyýetçilik faktorlar ortadan aýrylyp, emele getirilmek islenen täze hossarlyk FETÖ terror guramasy üçin giňişlik döredilipdir.

Bular bilen birlikde hasaplanmadyk iki faktor ähli meýilnamalary puja çykardy. Prezident R.T.Erdoganyň boýun egmez liderligi we milletimiziň lideri bilen bilelikde janlaryny orta goýan taryhy göreşi. 15-nji iýulda 250 şehit adam şehit boldy we 2000-den gowrak raýatymyz ýaralandy. Emma watanymyzy, geljegimizi we buýsanjymyzy halas etdik. Milletimiz agdarlyşygyň iň bir demokratik görnüşde nähili serpikdiriljekdigini bütin dünýä öwretdi.

28-nji Fewral Dersleri

Global güýçler üçin esasy zat hossarlygyň nirä esaslanýandygy däl, hossarlygyň özidir. Şol sebäpli global aktýorlaryň başga ýurtlarda demokratiýa ýa-da adam hukuklary däl, öz bähbitlerine laýyk hossarlyk gözleýändikleri ýatdan çykarylmaly däl. Global güýçler üçin şol hossarlygyň harby, dini, sekulýar ýa-da nasionalist legallyga esaslanmagynyň hiç hili tapawudy ýok.

Hossarlykçy ulgamlaryň panzäheri, ulgamyň ähli giňişligini mümkin gadar millete açmaklykdyr. Milletden we syýasatdan çetleşdirilen, kazyýete, ýokary derejeli býurokratiýa, akademiýa degişli ähli ugurlaryň millete açylmagy hossarlygy ejizledýan esasy faktorlardan biridir.

Ýapyk we gözegçiliksiz howpsyzlyk býurokratiýasy hossarlygy emele getirýän esasy faktorlardan biridir. Şol sebäpli hospsyzlyk býurokratiýasynyň demokratik gözegçiligi, derňewi we seljerilmegi iňňän möhüm.

Türkiýaniň iňňän agyr ýitgiler çekip edinen tejribesi garaşsyz, erkin we buýsançly ýaşamak isleýan ähli milletler üçin nusgawydyr.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar