Moro: Ýagty Geljege Tarap

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Moro: Ýagty Geljege Tarap

Hepdäniň Syny Moro: Ýagty Geljege Tarap

 

Moro, belkem adamzat taryhynyň iň uzak dowam eden gussasy, gussadan köp iň köp ejir çeken sebitidir. 1500-nji ýyllarda başlan gussa, gan, zulum, ölüm bilen ýugrulan tapgyr indi umyda tarap gönügene meňzeýär. Moroly çagalaryň göz ýaşlarynyň diňmegi, garanky günleri yzda galdyryp, ejesiz-kakasyz galman, geljege tarap umyt bilen ýöremekleri üçin gözýetimde aýdyňlyk görünýär.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Moro, türki dilde gepleşilýän ýurtlarda gündelik doga-dileglerde, Palestina, Eritra, Kaşmir ýaly ejir çekýän sebitler bilen bilelikde ýatlanylýan sebit. Moronyň giňden tanalmagyna Salih Mirzabeýoglunyň “Ýagty geljegiň söweşijileri-Moro Dessany” atly ajaýyp goşgusy sebäp boldy diýsek ýalňyşmarys. Emma indi Moro musulmanlara başga bir gelejek garaşýar.

Sözi 21-nji ýanwarda geçirilen referenduma getirmek isleýärin.

Moronyň gysgaça taryhy

Yslamyň Filippindäki adalarda ýaýbaňlanyşy beýleki sebitlerine gelişinden we ýaýbaňlanşyndan tapawutly däl. Morolylar hem yslam bilen musulman täjirleriň üssi bilen tanyşýar we wagtyň geçmegi bilen musulmanlyk ýaýbaňlanýar. Musulmanlar 1500-nji ýyllara çenli öz döwletlerinde asyrlarça ýaşaýarlar.

Moroda musulmanlar bilen ispanlaryň arasyndaky çaknyşyk 1521-nji ýylda başlaýar. Andulisiýanyň synmagy blen çaknyşyň Filippine çenli ýaýrandygy we şol günden bäri dürli görnüşlerde 500 ýyla golaý wagtdan bäri dowam edýändigini aýdyp bileris.

1900-njy ýyllarda Filippiniň günortasynyň tas ähli etraplarynda esasy köplüge eýe bolan bolsa, assimiliasiýa we demografik gurluşyň özgerdilmegi sebäpli musulmanlar köp sanly etrapda azlyga düşdüler. İlki ispanlar, 20-nji asyryň birinji ýarymynda sebiti dolandyran ABŞ we soň Filippiniň alyp baran syýasatlary sebäpli musulmanlar ölüme ýa-da göçmäge mejbur edilýärler. 2016-njy ýyldaky Kotaboto guran saparymyň dowamynda ýurtlardan jyda düşürilen adamlaryň gury ýere ýerleşmegine rugsat berilmändigi üçin derýalaryň üstünde sajdan guran çatmalarynda ýaşamaga mejbur edilendigini görüpdim.

Moroly musulmanlar 1960-njy ýyllarda başlan özlerini ýok ediş syýasatlaryna garşy guramaçylykly göreşe girişýärler. Tapawutly ýylarda tapawutly guramalar bilen göreşlerini dowam etdirýärler. Şol göreşe laýyklykda Yslamy Azat Ediş Frontunyň lideri Salamat Haşim we onuň 2003-nji ýylda wepat bolmagyndan soň Haj Murat İbrahim Filippin bilen geçirilýän gepleşikleri alyp barýar. 40 ýyl dowam eden we 120 müň adamyň ölmegine, 2 million adamyň göçmegine sebäp bolan içerki urşuň bes edilmegi üçin Filippiniň hökümeti bilen Moronyň Yslamy Azat Ediş Frontunyň arasynda 2012-nji ýylda çarçuwaly ylalaşyga gol çekişilýär. 2014-nji ýylda bolsa ýaraşyk tapgyryny seljermek üçin “Garaşsyz Synçy Topary” döredilýär. Filippiniň Prezidenti Duterte 2014-nji ýyldaky saýlaw kampaniýasynda Moroda awtonom dolanşyk döretmäge söz berýär.

Referendumyň netijeleri we onuň aňladýan manysy

 

2019-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda geçirilen ferendumda Moro musulmanlarynyň özbaşdaklygy 80 göterim ses bilen kabul edildi. Şondan soň 80 agzaly “Bangsamoro Wagtlaýyn awtoritary” dörediler. Parlamentiň funksiýasyny ýerine ýetirjek şol awtoritar 2022-nji ýyla çenli Bangsmorony dolandyrar.

Referendumyň kabul edilmegi bilen sebitde alynjak salgytlaryň 75 göterimi ýerli häkimiýete, 25 göterimi bolsa merkezi hökümete degişli bolar.

Tebigy baýlyklardan alynjak girdejileriň 75 göterimi ýerli dolanşyga, 25 göterimi bolsa merkezi hökümete beriler.

Bangsmorodaky musulmanlar Filippinden tapawutlylykda sebitde yslam hukugyny ornaşdyryp bilerler. Öz aralarynda yslam hukugyndan peýdalanyp bilerler. Morodaky hristianlar bolsa Filippiniň döwlet hukugyna tabyn bolarlar.

Moro musulmanlary içerki işlerinde doly garaşsyz, daşary işler we howpsyzlyk meselelerinde bolsa Filippiniň hökümetine garaşly bolar.

Moro Musulmanlaryna Näme Gerek

Ýaraşyk tapgyrnyň goldanmagy: Dünýäniň niresinde bolandygyna garamazdan parahatçylyk tapgyrlary dowam etdirilmeli. Başdan geçirilenler, taraplaryň arasynda dowam edýän parahatçylyk gepleşiklerini çykgynsyzlaşdyrma howpuny özünde jemleýär. Şol sebäpli sebitde parahatçylyk we asudalyk isleýän gatlaklaryň, halkara jemgyýetçiliginiň Filippindäki bu tapgyra berjek goldawy iňňän möhüm. Filippiniň Prezidenti Rodrigo Dutertäniň Bungsamoro daş bolmadyk etrapdan bolmagy, çagalyk ýyllaryny şol sebitde, morolylar bilen geçirmegi parahatçylyk üçin iňňän möhüm pursat bolup hyzmat edýär. şol çäkde tapgyryň dowam etmegi üçin Dutertäniň goldanmagy, höweslendirilmegi hökmany. Tapgyryň DAİŞ sebäpli bökdelmezligi üçin ünsli çemeleşilmeli.

Ynsanperwerk kömekler bilen kanagatlanylmaly däl: 500 ýyldan bäri azatlyk ugrunda göreşýän, şol ugurda agyr ýitgiler çeken jemgyýetiň ynsanperwer kömeklerine mätäçdigi ikiuçsyz. Saparymyň dowamynda sebitde 26 sany halkara guramasynyň bardygyny, musulman dünýäsinden diňe Türkiýeden Ynsanperwer Kömek gaznasynyň iş alyp barýandygyny öwrenipdim. Sebitdäki ynsanperwer kömekleriniň mukdary hökmany suratda artdyrylmaly.

Şonuň bilen birlikde gepleşigimiziň ozalky sanynda-da beýan edişimiz ýaly Moro musulmanlarynyň özygtyýarlylyk tapgyrynda ynsanperwer kömeklerinden has artyk kömegiň we goldawyň berilmegi iňňän uly ähmiýete eýe. Uzak ýyllaryň dowamynda garaşsyzlyk ugrunda göreşen, çaknyşmaga mejbur bolan jemgyýet bu tapgyrda özygtyýarly dolanşyk gurmak üçin dolandyryş tejribesine mätäçlik duýýar. Syýasy ulgam, döwlet maliýesi, ýerli dolanşyklar, merkezi býurokratiýa, ýokary bilim, kazyýet ýaly ugurlarda ýokary ukyply hünärmenler gerek bolar. Moro musulmanlarynyň ýalňyş dolanşyk we ukypsyz hünärmenler sebäpli 500 ýyllyk göreşiniň puja çykmazlygy üçin bütin dünýädäki Moro meýletinlere uly jogapkärçilik düşýär.

Ýokary okuw jaýlarynyň lukmançylyk pudagynda we özygtyýarly dolanşygyň gurulmagynda gerek boljak hukuk, döwlet dolanşygy, ýerli häkimiýetler ýaly ugurlarda fakultetler däl, ýokary hünär mekdeplerini açmagyň özem köp sanly meseläniň çözülmegine düýpli goşant goşar.

Türkiýäniň global parahatçylyga goşýan goşandynyň gymmaty:  Morodaky parahatçylyk gepleşiklerini alyp barmak üçin Türkiýäniň degişli bolmagynda halkara topar döredildi. Şol topardan daşgary synçy topary hem iş alyp barýar. Bäş adamdan ybarat bolan toparda-da Moro musulmanlarynyň islegine laýyklykda Türkiýeden bir jemgyýetçilik guramasynyň wekili hem bar. Ynsanperwer kömek gaznasynyň adyndan toparda Hüseýin Oruç iş alyp barýar. Topar parahatçylyk tapgyry boýunça synlar taýarlaýar.

Türkiýe, raýatlary bilmeýän hem bolsa eýe bolan taryhy, tejribesi we global abraýy bilen global parahatçylyga hem-de asudalyga uly goşant goşup biljek ýurtlardan biri. Şol goşant diňe bir döwlet arkaly däl, eýsem Filippin tejribesinde bolşy ýaly jemgyýetçilik guramalary we ýokary okuw jaýlary arkaly hem goşulyp bilinýän goşant.

Moroda 500 ýyllyk göreşiň netijesinde ýetilen sepgit iňňän möhüm. Ähli taraplar üçin zyýanly bolan çaknyşyklaryň bes edilmegi, referendumyň netjesiniň Moro musulmanlaryna, Filippine we bütin adamzada asudalyk getirmegi, moroly çagalaryň geljege ynam bilen garamagy üçin bu tapgyra hemmeler goşant goşmaly.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň “Ýagty geljege tarap” atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar