Sümela Manastyry

Türkiýä Gezelenç

Sümela Manastyry
Sümela Manastyry
Sümela Manastyry

Sümela Manastyry

 

 

Türkiýäniň Gündogar Garadeňiz sebitinde, Gara dagyň eteklerindäki dik gaýalyklaryň üstünde ajaýyp manastyr ýerleşýär: Sümela Manastyry…

1700 ýyllyk geçmişe eýe bolan manastyr, dünýäniň gadymy we esasy taryhy manastyrlaryndan biri.

Rowaýata görä, Sümela manastyry 3-nji asyrdan bäri, ýagny Wizantiýa döwründe Afynydan gelen iki ruhany tarapyndan gurulanmyş.

Ýyllaryň geçmegi bilen ähmiýeti artýar, gazanylan girdejiler bilen giňeldilipdir we esasanda 13-nji asyrda goşmaça bölümler gurulypdyr.

Gündogar Gara deňiziň kenarlarynyň türk häkimiýetine geçmeginden soň Osman patyşalary ençeme manastyrda bolşy ýaly Sümelanyň hem hukuklaryna hemaýat edipdirler, käbir ygtyýarlyklar beripdirler.

18-nji asyrda köp sanly bölümi abatlanypdyr, käbir diwarlary freskler bilen bezelipdir. 19-njy asyrda beýik binalaryň goşulmagy bilen manastyr ajaýyp kaşaňlyga eýe bolýar, iň baý we parlak döwrüni başdan geçirýär. 1916-njy ýylda başlan we iki ýyl dowam eden rus basybalyşynda manastyr alynýar. 1923-nji ýyldan soň dolulygyna boşadylýar.

Sümela manastyry asyrlaryň dowamynda esasy dini merkezlerden biri bolupdyr, şol bir wagtda ruhany taýarlaýan bilim ojagy hökmünde-de işlerini dowam etdiripdir.

Sümela manastyrynyň esasy bölümleri; Esasy gaýa buthanasy, birnäçe şapel, aşhana, talyplar üçin otaglar, myhmanhana, kitaphana bilen mukaddes aýazma. Buthananyň we oňa ýanaşyk sagat minarasynyň diwarlary fresklerr bilen bezelipdir. Fresklerde esasan injilden alynan sahnalar, Hezreti Isa bilen Bibi Merýem baradaky teswirler bar.

Halk arasynda Bibi Merýem ady bilen tanalýan Sümela Manastyry, Trabzonyň Maçka etrabynyň çaklerinde, jülgeden 300 metrden belentlikde ýerleşýär. Manastyrda 2010-njy ýylda Fener grek patriarhynyň ýolbaşçylyk etmeginde dini dabara geçirildi. Hristianlar tarapyndan mukaddes hasaplanylýan Sümela manastyryna her ýyl müňlerçe adam baryp görýär.

Ýüzlerçe ýylyň hatyralaryny özünde jemleýän manastyry görmek üçin sebite barsaňyz, şol şäherdäki tebigy gözelliklerden Uzungöl kölüni, Trabzon Aýasofiýa muzeýini, Atatürk köşküni görmegiňizi maslahat berýäris.



Degişli Habarlar