Nemrut dagy

Türkiýä Gezelenç

Nemrut dagy
Nemrut dagy
Nemrut dagy

Nemrut dagy

Dünýäde günüň doguşyna nirede syn etmek has täsir galdyrarka? Bu soraga köp sanly jogap bermek mümkin. Şol jogapkardan biri hem Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Nemrut dagy. 2150 metr belentligi bolan Nemrut dagy gün dogýarka syýahatçylaryna ajaýyp wizual şou hödürleýär.

Nemrut dagynyň ýeke-täk özboluşlygy bu däl elbetde… Dagyň depesinde Komagen şalygy döwründen galan ajaýyp heýkelleri sizi garşy alýar we görenleri bu dagyň başynda nähili ýasalandygy ýa-da bu ýere nähili getirilendigi meselesinde geň galdyrýar.

Nemrut dagynyň depesinde, gorgan we şol gorganyň gündogar hem-de günbatar taraplaryndaky terassalaryň üstüne äpet heýkeller bilen dürli güberçeklerden emele gelýän ýadygärlikler bar. Uzak dowam eden işleriň netijesinde grek dilindäki ýazgylaryň okalmagy bilen eserleriň Komagen swilizasiýasyna degişlidigi we Şa Antioços 1-nji tarapyndan gurdurylandygy kesgitlenýär.

B.e. ozal 109-njy ýylda garaşsyz şalyk hökmünde Anadolynyň günorta-gündogarynda gurlan Komagen şalygy dürli dinlere uýýan we medeniýete eýe bolan halklary özünde birleşdiripdir. Şalary taňrylar bolan gatnaşygyny berkitjekdigi we şeýlelikde halkyň parahatçylykly şertlerde ýaşajakdygyna bolan ynanç bilen ýurdunyň dürli ýerlerine ybadathanalar gurdurypdyr. Nemrut dagyndaky eserler hem şolardan biri. Şa Antioços 1-nji taňrylara we ata-babalaryna bolan minnetdarlygyny görkezmek üçin gurdyran mazary, ýadygärlikleri we birnäçe metr uzynlygy bolan ýazgylary bilen elenistik döwrüň iň ajaýyp taryhy galyndylaryndan biri…

UNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawyna girizilen Nemrut dagyna Adyýamanyň Kahta etrabyndan baryp bolýar.

Sebitde baranyňyzda görülmäge mynasyp başga-da köp sanly taryhy eser bar. Karakuş gorganyny, Ýenigalany, Jendere köprüsini, Assameia ýaşaýyş zolagyny görmeklerini maslahat berýäris.

Kahtada suw howdanynyň kenarynda täze köl balygyny iýmegiňizi, ýerli naharlardan dadyp görmegiňizi, sebitde dokalýan ajaýyp kilimleri görmegiňizi maslahat berýäris.


Etiketkalar: gorgan , Nemrut dagy , gezelenç

Degişli Habarlar