ŞAZADALARYŇ ŞÄHERI MANISA

Dost-Doganlygyň Taryhy (02)

ŞAZADALARYŇ ŞÄHERI MANISA

 

 

ŞAZADALARYŇ ŞÄHERI MANISA

 

         Şu gepleşigimizde size şazadalaryň şäheri hökmünde hem tanalýan Manisa şäheri hakynda gysga hem bolsa, gyzykly maglumatlary bermegi makul bildik.

         Manisa, häzirki döwürden has irki döwürlerde, puly oýlap tapan, Kiçi Aziýada iň güçli patyşalygy guran gadymy döwletleriň biriniň paýtagty bolan şäherdir. Lidiýalylaryň paýtagty gadymy şäher Sart hem şu ýerde bolupdyr. Biziň eýýämimizden öňki 700-nji ýyllarda bu sebitlerde hökümdarlyk süren Lidýalylaryň döwletiniň şöhratly patyşasy Krezus, halkyň içinde onyň hakynda Karun ýaly baý diýen gürrüňler ýaýrapdyr. Rowaýatlarda, taryhy şahsyýetleriň durmuşlary, başdan geçirenleri, görkezen gahrymançylyklarynyň üstüne goşubrak çakdanaşa çişirilibräk aýdylýan halatlaryna hem gabat gelmek bolýar. Şeýle bolan halatynda hyýal güji hem işiň içine giren wagty şeýleräk gürrüňler hem belli bir derejede orta çykýar. Şol döwürlerde, öňki patyşa dünýäden ötenden soňra, ertir ir bilen kim ilkinji bolyp şähere girse, şol adam hem täze patyşa bolýarmyş. Ine, Karun diýilip hem atlandyrylýan gyzylyň patyşasy Krezus ir säher bilen şähere iň ilkinji bolup girýär we täze patyşa hökmünde saýlanýar.     

         Sart şäheriniň ýakynyndan akýan Pantalos derýasynda şol wagta çenli hiç haçan görülmedik mukdarda gyzyl tapylýar. Şäheriň baýlygy hakyndaky gürrüňler gün saýyn ýaýrap bütin sebite dolýar.  

         Dünýäniň çar tarapyndaky adamlar, derýadaky suwyň ýerine gyzyl akýandygy hakyndaky gürrüňlere gulak gabartmaga başlaýar. Patyşanyň iň baý wagty, günleriň birinde, şol döwrüň iň meşhur pelsepeçisi Afinaly Solon onyň ýanyna gelýär. Patyşa, oňa öz baýlygyny görkezip, agzyny açdyrmak üçin elinden gelenini edýär. Hatda hajathanadaky otyrýer oýygy hem gyzyldanmyş. Myhmanyň hatyrasyna berilen zyýapat wagtynda, şady-horramlyk ýetjek derejesine ýetende, patyşa oňa, “Dünýäniň iň bagtly adamy kim?” diýip sorapdyr. Hatda, hetjikledip ençe gezek sorag gaýta gaýtadan soralandan soňra ilkibaşda jogap bermeýär. Solon ahyr soňunda durup bilmän üç adamyň adyny aýdýar. Onuň adyny aýdan adamlary bolsa, ýer sürer ýaly öküzleri bolmanlygy üçin ogullaryny azala goşýan Afinaly garry aýal we şoňa meňzeş garyp-gasarlardy. Patyşa, “Meni näme üçin baýlardan hasap edeňok” diýende bolsa, entek siziň soňyňyzy görmedik diýip jogap beripdir. Bu pikir taryhy wakalardaky täleýiň tersligi hökmünde dogry bolup çykýar. Ilkinji zikkge kakdyran adam bolan şol patyşa, mal-mülküne, baýlygyna şeýle bir ygtybar edýär welin, Parslaryň üstüne çozmaga milt edip bilýär. Parslaryň goşuny onuň üstüne sürünen wagty bolsa täjini, tagtyny, elinde bar bolan ähli zadyny ýitirýär. Paýtagty talaň edilen wagty ony ýakmak üçin getirilen odynlaryň üstüne onuň tylla tagty goýulýar. Tagtyna mindirilen we ölüm jezasy berlen Krezus gülmäge başlaýar. “Wah Solon” diýip gygyrýar. Parslaryň imperatory näme üçin gülýärsiň diýip soraýar. Solon bilen eden gürrüňlerini aýdyp berýär. Bu gürüňiň täsiri astynda galan imperator ony odunlaryň üstünden düşürýär we özüniň maslahatçysy hökmünde özi bilen Eýrana alyp gidýär.

         Manisa sebitleri, Sart patşalygynyň mülki hökmünde galýar. Biziň eýýamymyzdan öňki 1-nji asyrda patyşa şäheriň Rime degişli edilmegini wesýet edip dünýäden öten wagty Rim döwletiniň hökmürowanlyk döwri hem başlaýar. Sebitde, Rim döwletiniň hökmürowanlyk sürmäge başlan döwründe şäherde beýik ymaratlaryň gurluşugy hem başlanýar. Wizantiýa imperatorlygy döwründe hem şäher özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. 1204-nji ýylda latynlar Yssambyly basyp alandan soňra gaçan imperatoryň bu şäherde ýaşamagy şäheriň ahmiýetini has hem artdyrýar. Manisa, 1313-nji ýylyň Regaip Kandili bellenýän bagtyýar gijede, Saruhan beg tarapyndan basylyp alynýar. Sebitde Saruhanogullarynyň hökmürowanlyk süren döwri başlaýar.

 

Şol döwürde Uly metjit we metjidiň medresesi, naharhanasy, kümmeti ýaly ençeme taryhy eserleri gurulýar we häzirki günümize çenli saklanyp galýar. Ýyldyrym Beýazyt döwründe Osmanly imperiýasynyň çäklerine goşulan Saruhan, 1402-nji ýyldaky Ankara urşyndan soňra Demir agsak tarapyndan öňki degişli bolan ýerine goşulýar. 1412-nji ýylda Osmanly döwletiniň ikinji gurujysy bolan Çelebi Mehmet döwründe täzeden Osmanly döwletiniň çäklerine gaýtarylyp berilýär. Osmanly imperiýasyna degişli bolan wagty ulu gurluşyklar amala aşyrylan şäherde, ençeme şazadalaryň döwleti dolandyrmagy öwrenen ýeri bolyp hyzmat edýär. Murat II, Fatih Sultan Mehmet, Kanuny Soltan Süleýman, Selim II, Murat III, Mehmet III we Mustafa I ýaly ençeme şazadalar bu şäherde ýetişýär. Şäher bolsa soňraky ýyllarda Osmanly imperiýasynyň tagtyna otyran 16 şazada üçin ylym-bilim merkezi bolýar.

Bu ýerde şazadalar tanymal mugallymlaryň ýolbaşçylygynda döwleti dolandyrmak bilen baglanşykly ylym-bilim alýarlar. Gelejegiň döwlet dolandyryjylary bolan şazadalar Manisada ýaşan wagtlary ençeme metjit, medrese, kümmet, söwda merkezi, hamam, pukaralar üçin naharhana, şypahana, köpri we saraýlar saldyrýarlar.    

1522 ýylda Ýawuz Sultan Selimiň ýanýoldaşy, Kanuny Soltan Süleýmanyň ejesi Aýşe Hafsa Soltan kesellän wagty Manisaly atly lukman Merkez Efendi, 41 dürli hoşroý ysly ösümlüklerden mäjum ýasap soltana derman ýerine berýär. Şol mäjumy iýip gutulan soltan, mäjumy her ýyl nowruz gününde halka paýlamagy höküm edýär. Şeýdip hem Manisada mäjum Soltan metjidiniň gümmezinden we minarasyndan halkyň üstüne dökülýär we häzirki günde hem şol däp-dessur dowam edýär. 

 


Etiketkalar: nowruz , imperiýa , minara , Şazada

Degişli Habarlar