Dost-Doganlygyň Taryhy 01

SEN MEŇLÄ GARAŞMA, MAGTYMGULY!

Dost-Doganlygyň Taryhy 01

 

 

SEN MEŇLÄ GARAŞMA, MAGTYMGULY!

        

Bir ýar bergil etli-ganly,

 Köňli giň, göwsi meýdanly.

 

Magtymguly, Halaçdaky Idris baba medresesinde okamaga başlanda heniz özüne näbelli bolan kitaplary ürç edip okamaga başlaýar. Dünýäni unudyp okapdyr, ahunyň beren sapaklaryny özleşdirmek bilen bolupdyr. Magtymgulynyň betbagtlygyndan habarly ahun onuň göwnüne giňlik berip biljek sohbetler edipdir. Geçmişde görgi baryny görüp geçen adamlaryň şum ykbalyny mysal alyp, bu dünýäde görgüsiz ýaşaýşyň ýoklugyna Magtymgulyny yndayrmak isläpdi.

Bu günlerde, dogrudanam, Magtymgula rahatlyk inip ugrady. “Öňki ýanyp-köýüp ötenleriň senem biri ekeniň-dä” diýip özüne ynjalyk bermäge synanyşdy. Onuň bu döwürde neneňsi goşgular ýazany mälim däl. Rowaýatlardan mälim bolany, Nyýazguly ahunyň aradan çykmagy bilen Magtymgulynyň ömrüniň Idris baba bilen bagly sahypasynyn tamam bolany.

 

Üstümize hijran ody sepildi

 

– diýen setirleri Döwletmämmet molla ýazmaga mejbur eden durmuş Magtymgulyny ýene bir kerwene goşup gökleňe rowana edýär.

Magtymguly oba tiz dolansa-da, ol bu pursat içinde öz gara bagtynyň depesinden garamagy öwrenipdi. Çowdur bilen hoşlaşan depesine ýetende bir salym aýak çekdi. Aşakda obasy, öňküsi ýaly, mawy dumana bürenip otyr, hanha, gara tudyň ýapragy dökülip, Meňlileriň öýi aýy-saýyl görünýär. Magtymgulynyň takady gaçyp ugrady. Atasynyň, öýdäkileriň ahwaly neneňkä? Meňliden, gardaşlaryndan derek tapylmadymyka?

Magtymguly basymrak öýlerine barmaga howlukdy. Bolsa-da atasynyň başy dik ekeni. Zenanlar, Magtymgulyny görenden, geçen günleriň matamy ýada düşüp, bagry girýän aglaşdylar. Magtymgulynyň gelenini eşidip bütün oba üýşdi. Zübeýda uýasy gaýyn öýünden gelşine, Magtymgulynyň egine gollaryny goýup, gözýaşlaryny seçeläp başlady. Magtymgulynyň hem demi damagynda dykyn aldy. Onuň üçin Zübeýdanyň aýratyn sarpasy bardy. Meňli-de Zübeýdany özüne has ýakyn saýýardy ahyryn. Bile oturyp keşde çekerdiler, syrlaryny paýlaşardylar. Häzir şol zatlary ýadyna salyp oturyşyna Magtymguly: “Berk dur, özüňi ýitirme!” diýip öz-özüne basalyk etdi.

Gelenler kem-kem dargaşyp, öýde, Döwletmämmet molla, Magtymguly hem-de Çowdur galdy. Atasy aşak bakyp, tesbi kakyp otursa-da, o bir ýola başyny galdyranda, olguna bakdy welin, şo bakyşdan: “Ýeri, indi näme edeli?” diýen soragy gümansyz okady.

Döwletmämmet molla Çowdura ýüzlendi.

– Çowdurym! Sen Magtymgula ýagşy maslahatlar ber. Görýäňiz-ä, zamanasy ýaman zamana boldy, menem indi bir aýagymy göre sokup otyran garry.

Magtymguly Çowdur bilen daşary çykanda öz jaýyna tarap aýagy ädilmedi. Bu nä boluş? Magtymguly Meňliden sowaşdymy? Meňlini göresi gelmeýärmi? Wah, iň ýamany, Meňli ýok. Oňa derek esse-esse gam ýatyr. Ana, Magtymguly şol gama berilmejek bolup kösenýär.

Çowdur häzir Magtymgulynyň ýüreginiň elenmesini elbetde syzsa hem onyň salýan ýarasyny duýup bilmeýärdi. Muny diňe Magtymgulynyň özi duýmasa, başga biriniň duýmasy mümkin däldi. Şonuň üçin hem Çowdur: “Hany, senem indi beýdip ýörme-de öýlenmegiň aladasyny et” diýip aýdan sözüne Magtymgulynyň müň jogaby bardy.

 

Jan berip kam yşkyna, Mejnun boluban gezerem,

Tenim defter, golum galam, ajap waspyň ýazaram,

Görmeýip kenaryny, yşk deňzi içre ýüzerem,

Simnar bolup sen üçin, tylla köşkler düzerem,

Gaýry adalaty häkim, hany-soltan istemen.

 

Magtymguly atasyna aýdyp bilmedik, aýdyp bilmejek oý-pikirlerini Çowdura aýtdy. Emma Çowduryň gönümelligi hem Magtymgulyny sarsdyrdy.

– Magtymguly, durmuş diýleni hem öz ýolunda gider, seni-meni-de özi bilen südürläp äkider. Onsoň gitjek ýeriň bamy?! Indi Meňli tapylmaz. Tapylaýanda-da ol indi öňki Meňli däldir ahyry.

– Meňlä gaty söz diýmäweri, Çowdur.

– Gaty söz däl, dogry söz. “Däliden dogry habar” diýipdirler. Eýsem beýdip, iki jahan pidasy bolup, ataňy kösäp ýörme-de öýlen. Öýlenseň, çaga-çuga basyp, gün-güzeran üçin gydyrdanyp bu pikirler kelläňden çykar gider. Seň bu durkuň bakydyr öýtme. Ýigitligem, gözelligem geçer gider, soňrak saňa ýaşy ötüşen diýerler. Ýyllar ýöne eňip barýa.

Çowdury ugradyp, ýeke özi ikiýana gezmelände uzak dag başynda ýylpyldaýan oda gözi düşdi. Şol ýylpyldap duran ýalňyz ot Magtymgula köp zatdy düşündirdi. Aýagy çekmeý-çekmeý, ahyry öýüne girdi. Şol öňki sowuklyk, şol öňki ýalňyzlyk. Hanha, Meňlä ýasap beren bilezigi. Birmahallar bu bilezigiň içini Meňliniň ak bilegi dolduryp durdy. İlkinji ýola bu bilezigi dakjak bolanda Meňliniň ýumry goluny alypdy ahyry. Hany, ol gudratly gollar?! “Ynha indi meni Meňliden aýyrjak bolýarlar” diýip Magtymguly oýlandy. “Sen Meňliden bireýýäm aýryldyň, ýöne bu hakykata seniň ynanasyň gelenok. Ynansaňam-ynamasaňam indi Meňli ýok” diýen pikir Magtymgulyny birahat etdi. Onsoň onuň özi hem şeýle pikirlere kalbynda orun berdi. “Sen indi Meňlä garaşma” diýip özüni ynandyrmaga başlady.

Güzeren, goşgulara ýürekden berilmek edehedi ony Meňli meselesinden az-kem bolsa-da sowdy. Meňlä bolan duýgulary birgeňsi boldy, Magtymgulynyň sarç ýüregi düşüşdi. Şol pursatda öňden bäri peýläp ýören ýaly erkeklik-dulluk höwesi tebigy güýjüne girdi. Magtymguly, özi duýmazdan, gyza-geline göz astyndan garap başlady, durmuşa bolan yhlasyny besläp:

 

Ýarsyzlykdan ýaman zat ýok,

Göz salyp gezsem her ýana,

Ýa, ýaradan, bir ýar bergil,

Köp muşakgat degdi jana.

 

– diýen goşgyny ýazmagna getiren ýagdaý, Magtymgulynyň durmuşa, ýaşaýşa bolan yhlasyny artdyrýar.   

 


Etiketkalar: zenan , yhlas , Magtymguly

Degişli Habarlar