Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 04.01.2019

Täze ýylyň täze gepleşiklerinden biri bolan Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri

Türkiýäniň buýsanç çeşmeleri 04.01.2019
Türkiýe Dünýäniň Iň Jomart Ýurdy
Türkiýe Dünýäniň Iň Jomart Ýurdy

TIKA Dünýäniň Çar Tarapynda Iş Alyp Barýar

 Täze ýylyň täze gepleşiklerinden biri bolan Türkiýäniň buýsanç çeşmelerinde Ýunus Emre Instituty, Daşary Ýurtlardaky Türkler Edarasy, Gyzylaý we TİKA ýaly dünýä derejesinde köp sanly ýurtda we sebitde köp snaly jemgyýetçilik-medeni taslamalary durmuşa geçirýän edaralar barada maglumat bermekçi.

Şol çäkde ilki bilen TİKA-nyň taryhçasy barada gysgaça maglumat bermekçi. Gepleşigimizin indiki sanynda bolsa şol guramanyň alyp barýan işleri barada durup geçmekçi.

Türk Iş Hyzmatdaşlygy we Utgaşdyjy Gullugy (TİKA) 1991-nji ýylda sowuk urşuň gutarmagyndan we Sowet Sosialistik Respublikalar Soýuzynyň dargamagy bilen türki dilli döwletleriň başda durmagynda ýurdumyzyň taryhy, medeni taýdan şol bir kökden gelip çykýan ýurtlary bilen güýçli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin 1992-nji ýylda döredilýär.

1992-2002-nji ýyllaryň aralygynda daşary ýurtlarda 12 ofis bilen jemi 2500 taslamany iş ýüzüne geçiren TİKA, Türkiýäniň alyp baran işjeň we durnukly daşary syýasatyna laýyklykda iş alyp barýan ýurtlarynyň sanyny günsaýyn artdyrýar. TİKA häzirki wagtda 59 ýurtda 61 Maksatnama utgaşdyryş ofisi bilen 170 ýurtda iş alyp barýan global edaralardan biri. Türkiýäniň TİKA arkaly dostlukly ýurtlarda alyp barýan işleriniň özeninde parahatçylyk giňişligini döretmek tagallasy durýar.

TİKA Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Hormatly R.T.Erdoganyň “Dünýäniň ähli ýerine el uzadyp, nirede dertli bar bolsa Türkiýe ol ýere barar we az ýa-da köp kömek eder” diýen sözleri bilen görkezen ýolyna laýyklykda alyp barýan işleriniň gerimini ýylsaýyn artdyrýar.



Degişli Habarlar