Global Pespektiwa 49 Protest ýörişi, oppozisiýa we hökümetiň çemeleşmesi

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbülüň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Pespektiwa 49 Protest ýörişi, oppozisiýa we hökümetiň çemeleşmesi

Protest ýörişi, oppozisiýa we hökümetiň çemeleşmesi

Başdan geçirilýän globallaşma döwrü durmuşymyzy ähli taraplaýyn üýtgedýär. Asyrlaryň dowamynda başdan geçirlen öwrülşikler, çalşyklar gysgaça beýan edilýär. Sosýolog Dewid Harweý şol ýagdaýy “wagt we ýeriň darlygy” hökmünde kesgitleýär. Döwrümizde wakalar, gatnaşyklar, çalşyklar, öwrülşikler şeýle ýokary tizlikde başdan geçirilýär welin,  şol tizlik sebäpli adamzadyň başy aýlanýar. Uzak geografiýalar ýakynlaşýar, ýakynlar bolsa alyslaşýar. Ozallar eşidilmeýän şol zatlar indi aňsatlyk bilen has gysga wagtda eşidilýän ýagdaýa geldi. Ortege Gassetiň hem belläp geçişi ýaly “ Döwrebaplyk, uly kynçylyk diýmekdir. Ösüş depgini bilen birlikde howp hem ýokarlaýar. Durmuş näçe gowy bolsa şonçada çylşyrymly bolýar”

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbülüň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ozalky döwürlere görä has tapawutly medeniýetler, toparlar we guramalar bilen birlikde ýaşaýan döwrümizde şahyslaryň, toparlaryň, guramalaryň, döwletleriň we beýlekileriň nähili çemeleşmelidigini barada gürrüň etmek isleýärin. Sebäbi adaty gatnaşyklaryň ýitmegi, durmuşyň ähli taraplaýyn çylşyrymly ýagdaýa gelmegi, tapawutlyklar bilen şol bir ýerde bolmak näbelliligi artdyrýar. Şu günki günde halkara derejesinde başdan geçirilýän çetleşdirmeleriň, ýigrenjiň başga bir sebäbi hem başdan geçirilýän şol näbellikden gözbaş alýar. Gepleşilýän dil we pozisiýa aslynda geçmişde hem şeýle möhümdi. Emma näbelli ýagdaýlarda, başgalaryna garşy ulanylýan uslup, dil we pozisiýa, özara, topara we döwletara gatnaşyklarda esasy rol oýnaýar.

Nähili dil/çemeleşme/pozisiýa: Protest ýörişi, oppozisiýa, hökümet?

Şahyslar, jemgyýetler, guramalar, döwletler hökmünde daş töweregimizdäkiler bilen, bize meňzeýänler bilen ýada bizden tapawutly bolanlar bilen nähili ýagdaýda gepleşilmeli?  Bu soragyň jogaby kä mahal bize görä, gelşiksiz hereketlere, çykyşlara göz ýetirmegimiz taýdan diýseň möhüm. Bu meselä şahyslar taýdan ünsi çekmek isleýärin. Emma beýan ediljek şol perspektiwa jemgyýetler, guramalar we döwletara gatnaşyklar taýdan hem umuman alnanda bir meňzeşdir.

Ynsanlar özara gatnaşyklarynda nähili pozisiýa alyp barmaly? Yzygiderli ýagaýda olara garşylyk görkezermisiňiz? Yzygiderli ýagdaýda olary tankyt edermisiňiz? Ýada kimdigine garamazdan özara gatnaşyklarda bolşy ýaly hökümet ýaly çemeleşmisiňiz?

Näme diýjek bolýandygymy gatnaşan maslahatlarymdan biri arkaly düşündirmek isleýärin. Musulman ýurtlardan ozalky ministrleriň, halk deputatlarynyň we sylanýan-sarpa goýulýan abraýly adamlaryň gatnaşmagynda geçirlen maslahata çagyryldym. Maslahat myhmanhanada  metbugata ýapyk häsiýetinde geçirilýärdi.  Çykyşlar diýseň tolgundyryjydy. Kürsä çykan her bir doklatçy arap dilinde tolgunmak bilen çykyş edýärdi, zaldakylar hem doklatçylara el çarpmalar bilen uly goldaw berýärdi.

Nobat maňa geldi welin ýuwaşlyk bilen: “Hawa Musulman dünýäsiniň diýseň gynandyryjy we uly kynçylyklary bar. Emma bu metbugata ýapyk häsiýetinde geçirilýän maslahatda biz şol kynçylyklary sagdyn pikirlilik bilen seljerip çözüp bileris” diýdim. Siziň hem çaklaýşyňyz ýaly tolgundyryjy çykyşlaryň arasynda olary sabyrly bolmaga çagyran çykyşym maslahatda iň az el çarpylan çykyşy boldy.

Munyň bilen birlikde şol maslahat maňa üç görnüşli gepleşik diliniň we üç görnüşli pozisiýanyň bardygyny öwretdi.

Birinji dil/çykyş/pozisiýa köçe ýada protest ýörişi dili/çykyşy/pozisiýasydyr. Köçe dili wagtal-wagtal ulanylmaly diýseň täsirli dildir.  Kämahal mitingler, protest ýörişleri maksadyna ýetmek üçin iň täsirli ýollardan biri bolup biler. 15-nji iýulda bolşy ýaly, kämahal başga ýagdaýda berlip bilinmeýän ýüzlenme köçe dili bilen berlip bilner. Köçe dili diňe zerur halatynda ulanylan ýagdaýynda täsirli dildir. Gatnaşyklar we ulgamlar, yzygiderli ýagdaýda halky köça çagyryp, köçe dili bilen ýüzlenme bermek bilen ösdürlip bilinmez. Medeni baýlyk gurlup bilinmez. Gürrüňini edýän dilim ýapyk jemgyýetiň ýöriş dili.

Ikinjisi oppozisiýanyň dili. Oppozisiýanyň dili haýsydyr bir zady gurmagy maksat edinmeýän diňe hökümeti, ýolbaşçylary, dolanşygy tankyt edýän dildir. Dost ýaryň arasyndaky gatnaşyklarda, işgärleriň arasynda yzygiderli ýagdaýda haýsydyr bir zada nägilelik bildirýänler, hiç zady çözüp bilmeýän emma yzygiderli ýagdaýda  tankyt edýän syýasy partiýalar muňa mysal bolup biler. Tankydy bellikler çözgüt teklibi bilen birlikde aýdylan halatynda şahyslara we guramalara öz täsirini ýetirer.

Üçünjisi bolsa hökümetiň dili ýada çemeleşmesidir. Her bir adama gujak açýan, esaslandyryjy dili, çemeleşmäni, pozisiýany öz içine alýar. Bu pozisiýa diňe syýasy hökümetleri däl eýsem şahyslary hem öz içine alýar. Käbir adamlar beýlekiler bilen çykyş ýa-da tankydy dil bilen däl, eýsem hökümetiň pozisiýasy bilen baglanşdyrýarlar. Daş töweregindäkileriň öz pozisiýalaryna eýermekleri üçin tagalla edýärler. Ýaşlyk ýyllarynda belki has reaktiw, has oppozision çemeleşmä eýe bolanlara geçirimli garamak bolar. Çünki ýaşlyk türk dilindäki ajaýyp sypatlandyrmadaky ýaly “däli ganlylyk” ýyllarydyr. Emma ýaş ululdygy saýyn, ýa-da wezipe ýokarladygy saýyn sizden esasan hökümetiň çemeleşmesine ýa-da diskursyna garaşylýar. “Täç geýinen baş agralarmyş.” Duruň we pikir edip görüň. Kämilleşdiňiz, belli wezipä eýe bolduňyz. Adamlar bilen bolan gatnaşyklaryňyzda entegem mitingdäki ýaly, ýa-da netijesiz oppozisioner ýaly çemeleşýäniz. Belli bir wezipe eýelän, ýaşy bir çene baran adamlardan has agras, meselelere asudalyk we parasatlylyk bilen çemeleşmeklerine garaşylýar.

Başgalaryna oňyn, mylaýym çemeleşmek, elmydama şol çemeleşmä eýe bolanlar taýdan bähbitlidir. Adamlar bilen bolan gatnaşyklarda eýeleýän pozisiýaňyz, çemeleşmäňiz diliňize-de gönüden täsir ýetirýär.

Şu üç çemeleşmeden daşgary belli bir bähbit üçin yzgiderli häsýetde başgalarynyň diýýänlerini tassyklaýan oýnatgy dili bardyr, ol hem hiç hili netije bermeýändigi üçin oňa ünsem bermek ýerliksiz.

Çykyş we oppozision dil bilen deňşdirilende hökümetiň dili belli bir kämillik we tejribe talap edýär. Hökümetiň dili belli ýalňyşlyklardan öwrenilip, netije çykarylyp kämilleşýän dil.

Eýsem siz gündelik durmuşyňyzda esasan özüňize haýsy pozisiýany laýyk görýäňiz, haýsy dili ulanýaňyz?



Degişli Habarlar