Türk Daşary Syýasatyna Syn 48

Türk Akymynyň ýeten sepgidi we onuň türk daşary syýasatynda tapýan beýany

Türk Daşary Syýasatyna Syn 48

Birnäçe wagt ozal Türk Akymy tebigy gaz turba geçirisiniň deňizden geçýän bölegi tamamlandy. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türk Akymynyň ýeten sepgidi we onuň türk daşary syýasatynda tapýan beýany barada durup geçmek isleýäris.

Karatekin uniwerstitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Geçýän günler türk daşary syýasatynyň täze ugruny görkezýän üç sany waka şaýatlyk edýär. Şolaryň birinjisi; “Türk Akymy” atlandyrylýan bilelikdäki Türk-Rus tebigy gaz turba geçirijisiniň birinji böleginiň gurlup gutarylmagy mynasybetli golaýda Stambulda geçirilen dabara. Ikinjisi bosla; Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Çawuşoglynyň Waşingtonda amerikaly kärdeşi Pompeo bilen geçiren duşuşydy. Üçünjisi bolsa; ÝB-niň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň Ankara guran saparlary we türk resmileri bilen Türkiýe-ÝB gatnaşyklary baradaky duşuşyklary. Birnäçe günüň dowamynda bolup geçen bu üç hadysa türk daşary syýasatynyň “köp ugurly” özboluşlygyny görkezýär. Türk daşary syýasatynyň aktual ugry Russiýa bilen gatnaşyklarda “ösüş”, ÝB bilen “kadalaşma”, ABŞ bilen bolsa “abatlaýyş” hökmünde häsýetlendirip bileris.

Mundan birnäçe gün ozal Türk Akymy tebigy gaz turba geçirijisiniň deňizden geçýäň bölegi tamamlandy. Stambulda geçirilen dabarada Türk Akymy taslamasynyň deňizden geçýän bölegine birikdiriljek soňky bölejik Prezident R.T.Erdoganyň we döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda deňize düşürildi. Türk Akymy tebigy gaz geçirijisi Türkiýäniň täze halkara syýasatynyň üstünligi we täze gözýetimlerin buşlukçysy.

Taslamanyň deňizden geçýän bölegi Russiýanyň Anapa diýilýän ýerinden başlap Türkiýäniň Kyýyköý diýilýän ýerinde tamamlandy. Türk Akymy bilen Türkiýe tebigy gazy has amatly bahadan alar. Çünki tebigy gaz bu taslama bilen üstaşyr ýurtlar arkaly däl, gönüden Türkiýä geler. Türkiýe häzirki wagtda Ukraina, Moldowa, Rumyniýa, Bolgari ugrundan ýylda 14 milliard m3 tebigy gaz alýar. Türk Akymy bilen mundan beýläk Russiýadan, Gara deňizden gelýän göni geçirijiden alar. Ol hem geçiş töleglerini tölemekden azat boljak Türkiýäniň gazy has amatly bahadan almagyny üpjün eder. Geljekde Russiýa bilen Ukrainanyň ýa-da Russiýa bilen Rumyniýa/Bolgariýanyň arasynda ýüze çykmagy ähtimal dartgynlyklar hem Türkiýä täsirini ýetirmez. Türk Akymynyň takmynan göteriş ukyby 63 milliard m3. Türkiýäniň şol tasmaladan ýylda 14 milliard m3 tebigy almagyna we galan 49 milliard m3 gazyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrylmagy meýilleşdirilýär.

Häzirki wagtda günbataryň iki standartly syýasatlary Türkiýe bilen Russiýany hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirýär. Şeýlelikde halkara we sebitleýin konýenktura Türk Akymy taslamasy üçin amatly syýasy şert döredýär. Türk Akymy taslamasy Türkiýäniň tebigy gaz howpsyzlygyny üpjün eder, emma taslamanyň energiýa serişdeleriniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna goşýan goşandy çäkli. Türkiýäniň energiýa serişdelerinde garaşlylygy 72 göterime barabar. Türkiýäniň tebigy gazda Russiýa bolan garaşlylygynyň mukdary bolsa hususy pudak bilen birlikde 42 göterim, hususy pudakdan daşgary 29 göterime deň.

Türk Akymy taslamasy Türkiýäniň global energiýa üpjünçiliginiň howpsyzlygynda eýelemegi göz öňünde tutýan energiýa merkezi we tranzit ýurt bolmak baradaky maksadyny iş ýüzüne geçirmegine goşant goşar. Türk Akymy taslamasy bilen Türkiýe Russiýadan goşmaça tebigy gaz almaz. Diňe alýan tebigy gazynyň ugruny üýtgeder. Türk Akymy bilen Ýewropa akdyryljak tebigy gazyň Türkiýäniň üstaşyr geçmegi Türkiýäniň energiýa merkezine öwrülmek baradaky strategiýasyna goşant goşar. Rus tebigy gazynyň Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa Türk Akymy ady bilen akdyrylmagy Türkiýe-Rusiýa gatnaşyklaryny hem durnuklaşdyrar. Şonuň bilen birlikde Türkiýe-ÝB gatnaşyklarynda-da energiýa pudagy arkaly täze bir döwrüň başlamagyna garaşmak tebigy netije bolar.

Türk Akymy taslamasy Russiýanyň Türkiýä bolan ynamynyň netijesiniň görkezýär. Türk Akymy energiýanyň üstaşyr akdyrylmagynda täze bir ugruň çekilmegi we iki ýruduň arasyndaky gatnaşyklara goşjak oňyn goşandy taýdan möhüm. Şeýle-de Türkiýäniň ilkinji atom elektrik bekedi boljak Akkuýu atom energiýa bekediniň Russiýa degişli firma tarapyndan gurulmagy hem özara gatnaşyklaryň özboluşly tarapyny emele getirýär.

Soňky ýyllarda global derejede möhüm energiýa taslamalaryny iş ýüzüne geçirýän Türkiýe energetika merkezi bolmaga tarap ýokary depginde öňe barýar. Hem Türk Akymy hem-de TANAP we TAP taslamalary bilen energiýanyň ýetirilmeginde güýçli pozisiýa eýelär. Şeýlelikde global energiýa kartasynda strategik çäge eýe bolar.

Global güýç bolmagy maksat edinýän Türkiýäniň energiýa bazasyny emele getirmek ugrundaky tagallasy diňe bir ykdysady taýdan analiz edilmeli däl. Ol, şol bir wagtda syýasy taýdan hem Türkiýäniň poziýasynyň berkemegi diýmekligi aňladýar. Elbetde bular ýeterlik däl. Sebitde geografiki ýerleşiş we üpjünçilik taýdan energiýa söwda merkezini emele getirip biljek ýurtlardan biri Türkiýe. Emma Türkiýänin energetika pudagy boýunça maksadynyň kulmunasion nokady bolan energiýa merkezini emele getirme maksady üçin ilki bilen özüne gerek bolanyndan has artyk tebigy gaz we serişdäniň diwersifikasiýalaşdyrylmagy gerek.

Türkiýe häzirki wagtda rus gazyny Mawy Akym we Trans Balkan turba geçirijileri arkaly alýar. Türk Akymy bilen serişde däl, emma ugur diwersifikasiýalaşýar. Türkiýe geljekde energiýa göterijileriň geçiş ugry boýunça has işjeň syýasat alyp barmaly. Şol çäkde diňe bir tranzit pozisiýa eýelemeli däl. Netijede Türk Akymy Türkiýänin milli energiýa syýasatynyň güýçlenmegi taýdan möhüm başlangyçlardan biri bolar.



Degişli Habarlar