Global Perspektiwa - 48 “Ýerlileşen Oriýentalizm 2"

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Global Perspektiwa - 48 “Ýerlileşen Oriýentalizm 2"

Gepleşigimiziň geçen sanynda orýentalizmiň usulyýetini özgerdigi, ozallar günbatarly ylmy barlagçylar tarapyndan gönüden göni ýerinde geçirilýän işleriň günbataryň daşyndan günbatara gelýän adamlar tarapyndan edilýändigi barada durup geçipdik. Daşary ýurtlaryň tejribesini ýurduna getirmekleri üçin ugradylanlaryň ýurtlarynyň tejribelerini, üssünesine ýurdunyň serişdeleri bilen daşary ýurtlara alyp gitmekleriniň, ýurdy üçin giden döwlet hünärmeni bolmagyna garaşylýarka giden ýurdy üçin öz ýurdy boýunça hünärmen bolmagyň ýalňyşdygyna ünsleri çekipdik.

Öz jemgyýetine ýat bolan, ýamama intelligentler

Ýurdy üçin edilmeýändigi üçin ýurduna goşant goşmajak işler bilen yza dolanmak şübhesiz 200 ýyldan bäri uly kynçylyklary ýüze çykarýar.

Şeýle bolan halatynda daşary ýurtlara tälim almak üçin ugradylanlara edilýän harajatlar puja çykýar.

Bir umyt bilen daşary ýurtlara ugradylanlaryň şol umyda hyzmat etmezligi, ýurtlaryň ösüşini bökdeýär, çözgüt baradaky umytlar başga bahara galýar.

Günbatar ýurtlary üçin edilen işler bilen ýurda dolanylyp gelinen halatynda, ýurtlaryň iň bir saýlama adamlary hamala diýersiňiz günbatar ýurtlary tarapyndan özgerdilen ýalydyr.

Türkiýe taýdan ser salanymyzda 200 ýyldan bäri dowam edýän intellektual çetleşmesiniň esasy sebäplerinden biriniň şundan ybarat dädigini aýdyp bolarmy? Esasanda ösüp barýan ýurtlardan daşary ýurtlara gitmek uly mümkinçilik. Şol mümkinçilige eýe bolanlardan ýurda dolanyp gelenlerinde uly işlere garaşylýar. Şol sebäpli öz jemgyýetinden çetleşen hünärmenlerden ýurtlaryna dolanyp gelenleriň ýüze çykarýan ýaramaz täsiri iňňän agyr bolýar. Mundan 100 ýyl ozal Osman döwletiniň baş weziri Said Halimiň aýdyp geçenlerine ser salanymyzda munuň täzelik bolmandygyna göz ýetirýäris. Baş wezir ýaşap geçen döwründe günbatary bilmeýän we öz jemgyýetini tanamaýan iki intelligent toparyny gürrüň berýär we haýsynyň zyýanlydygyny soraýar. Onuň pikiriçe ikizem zyýanly. Emma günbatary bilip, özüni bilmeýän intelligentler has zyýanly.

Daşary ýurtlarda uzak möhlet ýaşanlaryň bir bölegi öz jemgyýetinden çetleşendigi sebäpli hamala diýersiňiz ýigrenç bilen dolanyp gelýärler. Eýsem jemgyýetleri bu tapgyrda uly ösüşler edýär. Daşary ýurtlardan dolanyp gelenlerden garaşylýan zat, jemgyýetiň bilýän kemçiliklerini ýokardan, tankydy we kemsidiji görnüşde däl, meseleleriň çözülmegi üçin ýurda nämeler bilen dolanyp gelendigi. Giden ýurdunyň edebiýadyny, teoriýalaryny haýran galyjylyk bilen bolşy ýaly ýurduna getirmek däl, tankydy garaýyş bilen olary seljerip, öz ýurdunyň gazananlary bilen sintezlemekdir.

Özüni orýentalizlemek…

Döwleti edaralary tarapyndan daşary ýurtlarda ylmy-barlag geçirenler bilen ylym ojaklary üçin barlaglar geçirenler öz jemgýetlerine ýat bolsa, alymlar geljek nesilleri ýetişdirýärkäler has-da zyýanly bolýar. Günbatar ýurtlarynda jemgyýetçilik ylymlarynda okadylýan dersler, usulyýet we indeksler elbetde şol ýurtlar üçin möhümdir. Şol maglumatlar belli bir derejede beýleki ýurtlar üçin ýerlikli bolup biler. Emma alymlar syýasat, sosiologiýa, ykdysat ýaly jemgyýetçilik ylymlar dolulygyna günbatardaky ýaly okadan halatynda öz ýurtlaryna köksüzligi we taryhsyzlygy hem getirdikleri bolar. Çünki günbataryň ylym edebiýatynda günbatarly däl jemgyýetler baradaky maglumatlara, alymlara we garaýyşlara esasan orun berilmeýär. Olara günbatarly däl jemgyýetleriň alymlarynyň orun bermegi, öz gazananlary bilen günbataryň ylmy gazananlaryny sintezlemegi ýerlikli bolar. Eger şeýle edilmän halatynda ýurduň taryhy, gazananlary günbatarlylar tarapyndan däl, öz içinden dörän alymlar tarapyndan görülmediksirelip, ýitip gitmäge mejbur edilýär.

Meseläniň sebäpleri

Elbetde giden ýurtlarynda öz ýurdy üçin iňňän möhüm barlaglary geçiren alymlar hem bar. Şolary degişli etmänimizde meseläniň şu sebäplerden gelip çykýandygyny aýdyp bileris;

Ugradan ýurtlaryň işlenjek mowzuk boýunça ugrukdyryjy, çäklendiriji şertleri goýmaýandygy: Döwlet uniwersitetleri tarapyndan hem ugradylýan bolsa, daşary ýurtlara ugradylýanlara hiç hili çäklendirme goýulmaýar. Käbir şertlerde gidiljek ýurdy saýlamak hem hünärmeniň ygtyýaryna bagly bolýar.

Gidenleriň işe sowuk-sala çemeleşmegi: Daşary ýurtlara gidýäbkeriň umuman işlenen ýa-da gidilen ýurt bilen bagly temalarda işlemeklerini, olaryň has işlemeklerini we barylan ýurduň dilini gowy bilmeklerini talap edýär. sebäbi şol temalarda gatnaşyk edýän ylmy töwerekler has köp maglumata eýedir. Emma ýrutlary bilen bagly temada işlän halatynda özlerine zor salmak gerek bolmaýar. İşden gaçmak ýa-da ýalňyş ugrukdyrylmak sebäpli ýurtlary üçin peýdasy bolmadyk köp sanly ylmy işler gördüm. Awstriýada bir talyp Türkiýäniň ÝB boýunça syýasatyny, Germaniýada beýleki biri Adalat we ösüş partiýasyny doktorlyk işi hökmünde alandygyny we Türkiýä dolanmak isleýändigini aýdypdy. Men bolsam Türkiýä daşary ýurtlarda doktorlyk derejesini alan hünärmenleriň gerekdigini, emma işleýän temalarynda Türkiýede köçedaki adamlaryň hem indi hünärmenleşendigini, bu temalarda işlemek bilen Türkiýä nähili goşant goşjakdyklaryny sorapdym. Ýewropada bu temalarda işlemegiň ýewropalylar üçin iňňän möhümdigini, şol sebäpli belki geljeklerini Ýewropadan gözlemeleriniň has ýerlikli boljakdygyny beýan edipdim. 2017-nji ýylda ABŞ-da gören iki sany doktorlyk tezisim hem şolara meňzeşdi: “Türkiýede islamist hereketler”, “Sufizmiň kürt hereketine ýetirýän täsirleri”. Özlerini razy edip bilmesemem olara şeýle diýipdim: “Türkiýä dolanyp geleniňizde bu temalar bilen ýurduňyza nähili goşant goşmaga garaşýaňyz? ABŞ-daky din-döwlet gatnaşklary, ewangelizm barada işlän bolsadyňyz, gaýdyp geleniňizde has peýdaly bolardyňyz.”

Gidilen ýurtlardaky imperialist garaýyşa eýe bolan ylmy-barlagçylaryň ugrukdyrmasy: Käbir şertlerde şeýle ukrukdyrmalar hem täsirli bolýar. Emma şol ugrukdyrmalar, gidenleriň tutanýerliligi, etjek işini bilmegi şeýle bökdençlikleriň hötdesinden gelýär. Doktorlyk üçin Britaniýadaky ýokary okuw jaýlaryndan birinde söhbetdeşlige giremde Britaniýa bilen bagly temalardan biriniň üstünde işlemek isleýändigimi beýan edipdim. “Gel galaýmaly, ilkinji gezek oksidentalist barlag teklip hödürlediňiz” diýip, kabul edipdiler.

Şübhesiz käbir halatlarda Türkiýe bilen bagly barlaglar hem gerek bolýar, hat-da höweslendirilmeli. Köp sanly ýurduň taryhyny gyzyklandyrýan Osman taryhynyň, mirasynyň ýurdumyzyň alymlary tarapyndan bütin dünýä dogry beýan edilmegi iňňän möhüm. Şeýle ugurlardan daşgary Türkiýe barada işlemezligiň esasy, Türkiýe barada işlemegiň bolsa ugradan guramalaryň rugsadyna bagly bolmagyny kesgitleýän düzgünnama bilen 200 ýyldan bäri dowam edýän meseläni belli bir derejede çözmek mümkin. guramalary işgärlerini daşary ýurtlara ugradýarka Türkiýe bilen bagly işlemezlik şerti goýulan halatynda meseläniň çözülmegine uly goşant goşar.

Eger şeýle bolman halatynda ugradan ylmy-barlagçylarymyz Sezai Karakoçyň “Erteki” goşgusyndaky ýaly günbatar üçin edilýän işleriň arasynda ýitirmäge dowam ederis.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Professor Kudret Bülbüliň Ýerlileşen orýentalizm atly synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar