Türk daşary syýasatyna syn 47

Siriýa türkmenleri golaýda Siriýanyň Çobanbeý etrabynda möhüm maslahatlardan birini geçirdi

Türk daşary syýasatyna syn 47

Siriýa türkmenleri golaýda Siriýanyň Çobanbeý etrabynda möhüm maslahatlardan birini geçirdi. Biz hem gepelşigimiziň bu sanynda maslahat we onun türk daşary syýasatyndaky beýanyny analiz etmekçi.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr.Jemil Dogaç Ipegiň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Siriýa türkmenleriniň 2011-nji ýyldan bäri alyp barýan buýsançly garaşsyzlyk göreşi täze bir sepgide ýetdi. Siriýadaky içersi syýasatyň we harby deňagramlygyň özgermegi hem-de Ýakyn Gündogardaky sebitleýin güýç balansynyň ýeten sepgidi taýdan indi Siriýada esasy taraplardan biri hem Siriýa türkmenleri boldy. Şu günki günde Siriýa türkmenleri we olaryň legal wekilleri bolan Siriýa Türkmen mejlisi hem syýasy hem-de diplomatik taýdan Siriýada türkmen halkynyn bähbitlerini goramak we geljegini kepillendirmek üçin geljekki tapgyrda syýasy çözgüt stoluna oturmak üçin göreşýär.

Siriýa türkmenleriniň hem sebitleýin hem-de global platformalardaky esasy maksady Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy ýörelgesine laýyklykda türkmenleriň ýazyljak täze konstitutsiýada Siriýada ykrar edilmegini üpjün etjek, gorajak we kepillendirjek hukuk derejesine eýe bolmak. Şol jähtden esasy talap Siriýa Türkmenlerine “esaslandyryjy halk” derejesiniň berilmegi bolar.

Siriýa Türkmenleri şol maksada ýetmek üçin geljekki tapgyrda Siriýada syýasy durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşjak ähli taraplar bilen dialoga açykdygyny golaýda halk köpçüligine yglan etdi. Siriýa türkmenleriniň bu meseledäki ýeke-täk şerti Siriýanyň we Türkiýäniň howpsyzlygyna wehim saljak terror guramalary bilen bir giňişlikde bolmazlyk. Şol nukdaý nazardan Siriýanyň territorial bitewiligine garşy dürli hüjümlere girişen aşa dini/etniki güýçleriň Siriýanyň geljegini şekillendirjek platformalara çagyrylmazlygy ýerlikli bolar. Türkmenler geljekki tapgyrda ähli bölekleýin gurluşa/awtoritara garşydygyny yglan etdi. Ol iňňän dogry pozisiýa. Eýsem ýurduň bitewiligine zyýan ýetirjek käbir etniki/dini toparlara federal/awtonom derejeleriň berilmeginiň nähili ýaramaz netijelere sebäp boljakdygy Yrakda görüldi. Yrakda DAIŞ-i ýüze çykaran esasy sebäp şol boldy. Türkmenleriň haýsydyr bir federal/awtonom sebit islegi ýok. Çünki ony ýurduň bölünmegi hökmünde kabul edýär. Siriýa türkmenleri, Türkmenler bilen birlikde ähli halklaryň başlangyç hak-hukuklaryna we azatlklaryna eýe bolan, bitewi döwlet ulgamynyň gurulmagynyň tarapynda durýar.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň goldaw bermeginde Siriýada terrordan saplanan zolaklarda dumuş kadalaşýar. Jemgyýet bolsa günsaýyn güýçlenýär. Onuň mysalyny golaýda gördük. Siriýa türkmenleri Siriýa Türkmen Mejlisiniň liderlik etmeginde Sieriýanyň Çobanbeý şäherinde tug maslahatyny geçirdi. Maslahata Halap, Idlib, Baýyr-Bujak, Rakka, Hama, Homs, Tartus, Dera, Golan we Damask türkmenleriniň 250 wekili gatnaşdy.

Siriýanyň oppozisiýanyň düzümindäki türkmenler belli bir wagtdan bäri dürli tuglary ulanýardy. Türkmen halky birnäçe wagtdan bäri Siriýanyň oppozisiýanyň içinde güýçli wekilçilik edilmek işlegini dürli platformalarda beýan edýär. Siriýa türkmenleriniň ýokary guramasy bolan Siriýa Türkmen Mejlisi şol talaplaryny demokratik şertlerde kanagatlandyrmak üçin maslahat geçirmek barada karara geldi.

Maslahata Siriýa Türkmen Mejlisiniň agzalary, Siriýadaky türkmen jemagatynyň öňbaşçylary, Siriýa türkmen harby toparynyň serkerdeleri, türkmen jemgyýetçilik guramalarynyň liderleri we Siriýanyň türkmen ilatly ýerleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Teklip edilen 9 tuguň arasynda sesleriň köplügi bilen saýlanan tug Siriýa türkmenleriniň tugy hökmünde diňe asyldy. Tugdaky gök reňk türklügi, gyzyl reňk şehitleriň ganyny, ak reňk bolsa ähliumumy adamkärçilik gymmatlyklaryny beýan edýär. Tugdaky aý we ýyldyz bolsa yslamy beýan edýär. Sebitdäki asudalygyň we durnuklylygyň alamaty bolan maslahatdan soň Türkiýeden sebite yza dolanýanlaryň sanynyň artmagyna garaşylýar.

Siriýada ýaşaýan gadymy halklardan biri bolan Türkmenler 7-nji asyrdan bäri şol ýerde ýaşap gelýärler. Türkmenler Siriýada giň sebitde ornaşdylar. Halap, Latakiýe, Idlib, Homs, Hama, Tartus, Rakka, Dera, Damask we Golan depeleri türkmenleriň ýaşaýan ýerlerinden käbirleri. Siriýa Türkmenleri asyrlardan bäri ýaşaýan ýerlerini we milli özboluşlyklaryny goramak üçin göreşýär.

Asyrlardan bäri Siriýada, Siriýanyň halkyndan tapawutlylykda Türkmenler öz aýratynlyklaryny gorap saklaýar. Siriýada türki dilde gepleşýän 1,5 milliona golaý türkmen bar. Dilini ýadan çykaran Türkmenler bilen birlikde Siriýadaky türkmenleriň sany 3 milliona golaý.

Siriýa Türkmenleri Siriýadan araplardan soň iň esasy ilata eýe bolan ikinji etniki topar. Türkmenler Siriýada  dowam edýän uruşdan ejir çeken esasy halklardan biri. Dini we etniki terror guramalary bilen hiç hili arabaglanşygy bolmadyk we elmydama Siriýanyň territorial bitewiliginiň tarapynda duran Siriýa Türkmenleri şu günki günde hukuklaryny stoluň başynda goramak isleýär.

Ýetilen sepgitde türkmenleriň hukuklary berilen halatynda ol Siriýada durnukly parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin möhüm başlangyç bolar.


Etiketkalar: bitewilik , türkmen , tug , siriýalylar

Degişli Habarlar