Türk daşary syýasatyna syn 44

Prezident Erdoganyň Moldowa we Moldowanyň Gagauz Awtanomiýasyna guran sapary

Türk daşary syýasatyna syn 44

 

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdogan ýaňy ýakynda Moldowada we Moldowanyň Gagauz Awtanomiýasynda saparda boldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda şol sapar we saparyň Türkiýäniň daşary syýasatyna ýetirýän täsirlerini analiz etmekçi.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Ýaňy ýakynda Moldowada türkleriň köpçülikleýin ýaşaýan ýeri bolan Gagauz Awtanomiýasy taryhy sapara ýer eýeçiligini etdi. Türkiýe Respublikasynyň Prezident R. T. Erdogan soňky 19 ýylda Moldowada saparda bolan Türkiýäniň ilkinji prezidenti boldy. Prezident Erdogan Moldowa guran resmi saparynyň ikinji gününde 2018-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon bilen birlikde Gagauz Awtanomiýasynyň paýtagty Komrata bardy. Prezident Erdogan bilen kärdeşi Dodon Gauaz Awtanomiýasynyň Prezidenti Irina Wlah tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy. Resmi saparynyň çäginde Ýerine ýetirijiler komitetiniň binasyna geçen Prezident Erdogan ol ýerde Dodon we Wlah bilen üçtaraplaýyn maslahat geçirdi.

Erdogan ykdysady we medeni taýdan özara gatnaşyklaryň ösmegine itergi berjek taslamalaryň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Prezident  Erdogan açylyş dabarasynda sözlän sözünde ozalky Sowet soýunyň iň kiçi emma syýasy taýdan çylşyrymly ýurdunda Türkiýäniň iş alyp barmagynyň möhümdigini belledi.

Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde Gagauz Awtanomiýasynyň paýtagty Komrat şäherinde Türkiýe tarapyndan gurlan çagalar merkezi, hassahana we çagalar bagy bilen birlikde dolulygyna abatlanan Medeniýet öýü, awtanomiýanyň medeniýet paýtagty hökmünde görülýän Çadyr Lungada bolsa Ýaşulylar öýü dabaraly ýagdaýda açyldy. Prezident Erdogan paýtagtdaky açylyş dabarasynda eden çykyşynda Wulkaneşt şäheriniň suw meselesini çözjek infstruktura taslamasynyň durmuşa geçirilmäge başlanandygyny nygtady. Erdogan geljek ýyl Komrat şäherinde bilim merkeziniň we Türkiýäniň Başkonsullygynyň açyljakdygyny buşlady.

Erdogan sapary üçin uly taýarlyk gören hristiýan türk jemgyýeti gagauzlara möhüm ýüzlenme berdi. Prezident Erdogan gagauzlara ýaşaýan ýurdunyň Moldowanyň resmi dilini iň gowy ýagdaýda öwrenmekleri we öz ene dillerini hem gorap saklamaklary barada çagyryş berdi. Bu duýduryş we çagyryş diýseň möhümdi. Gynansakda Gagauz Awtanomitýasy Türkiýäniň içgin tagallalaryna we ykdysady taýdan berýän goldawlaryna garamazdan öz ene dilinde gepleşmeýän sebite öwrüldi.

Gagauz Awtanomiýasy 3 resmi dili bolan sebit. 1991-nji ýylda kabul edilen kanuna laýykykda gagauz, moldowan we rus dilleri Gagauz Awtanomiýasynyň resmi dilleri boldy.

İlatynyň 82 göterimi gagauzlardan ybarat bolan sebitde umuman alnanda rus dilinde gepleşilýär. Şäherleriň ýaşaýjylary rus dilinde gepleşýär. Oba ýerleri ene dili taýdan şähere görä has gowy. Orta ýaşdakylar we ýaşulylar gagauz dilini bilýär, emma çagalar bilen ýaş nesil ene dilini bilmeýär diýen ýaly. Gagauz dili diňe aýdymlarda, ertekilerde, ýaşulylaryň arasynda we Türkiýäniň goldaw bermeginde çap edilen kitaplarda ulanylýar.

Türkiýe 1991-nji ýylyň awgust aýynda garaşsyzlygyny yglan eden Moldowa Respublikasyny şol ýylyň dekabr aýynda garaşsyz döwlet hökmünde ykrar etdi. Yki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 3-nji fewralynda başlady. Moldowa bilen edilýän gatnaşyklaryň özenini emele getirýän “Dostluk we hyzmatdaşlyk” şertnamasyna Türkiýäniň 9-njy prezidenti Süleýman Demireliň 1994-nji ýylyň iýun aýynyň 2-3-i aralygynda Moldowa guran resmi saparynyň çäginde gol çekişildi. İki ýurduň arasynda 2012-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-de bolsa wiza ulgamynyň bes edilmegi barada şertnama baglaşyldy.

Soňky döwürde özara gatnaşyklar gün saýyn artýar, iki ýurduň arasynda ýokary derejeli saparlar guralýar. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R. T. Erdoganyň guran sapary hem şol nukdaý nazardan diýseň möhüm. 2016-njy ýylyň görkezijilerine görä, Türkiýäniň Moldowa edýän eksporty 189 million dollara, Moldowadan import bolsa 124 million dollara barabar boldy. Şeýlelikde iki ýurduň arasyndaky söwda mukdary jemi 313 million dollara barabar boldy. Türkiýe bilen Moldowanyň arasynda 2016-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Erkin söwda şertnamasy baglaşyldy.

Türkiýe Gagauz Awtanomiýasyna ähli taraplaýyn kömek berýän ýeke-täk ýurt. Gagauz Awtanomiýasynyň esasy kynçylygy bolan agyz suwy meselesi hem Türk iş hyzmatdaşlygy we utgaşdyryjy agentligi TIKA-nyň ýardam bermeginde çözüldi. TIKA Gagauz Awtanomiýasynyň Radio-telewideniýe guramasynyň infstrukturasynyň güýçlendirilmeginden Atatürk kitaphanasynyň açylmagyna, Komrat uniwersitetine goldaw berilmegine, garrylar öýüniň gurulmagyna, Halk Mejlisinin binasynyň abatlanmagyna, stadionlaryň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň gurulmagyna çenli ýüzlerçe taslamany durmuşa geçirdi. Türkiýe şol taslamalary durmuşa geçirýärkä asla Moldowanyň ýada Gagauz Awtanomiýasynyň içerki işlerine goşulmaýar, tersine sebitde durnuklylygy üpjün etmäge çalyşýar.

Prezident Erdogan resmi saparynyň çäginde paýtagt Komratda eden çykyşynda Türkiýäniň Moldowanyň territorial bitewiligine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkiýe Gagauz Awtanomiýasynyň Moldowada esasy rol oýnamak üçin söweşýän Russiýa bilen Günbataryň arasynda çaknyşyk serişdesi hökmünde ulanylmagyny islemeýär. Moldowa hem Türkiýäniň Gagauz Awtanomiýasyndaky barlygyny durnuklylygyň kepilhanasy hökmünde görýär. Şol nukdaý nazardan Prezident Erdoganyň gagauzlarlaryň Moldowa bilen utgaşyklygyna we Moldowanyň bitewiligine aýratyn ünsi çekmegi diýseň möhüm.

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Prezidenti R. T. Erdoganyň Moldowa we Moldowanyň Gagauz Awtanomiýasyna guran sapary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik

 



Degişli Habarlar