Aktual Analiz 43

Jemal Kaşykçy wakasy

Aktual Analiz 43

2-nji oktýabrda resmi işleri boýunça Saud Arabystanynyň Stambuldaky Başkonsullygyna baran “Waşington Post” gazetiniň žurnalisti Jemal Kaşykçy yzyna çykmandan soň adaglysy Natije Jengiz türk resmilerine maglumat beripdi we Kaşykçyny tapmak üçin giň gerimli derňew işi başladylypdy.

Dünýä mediasynyň ýakyndan gyzyklanan Kaşykçy wakasynda türk resmileriniň wagtal-wagtal delilleri metbugatyň dykgatyna ýetirmeginden soň Saud Arabystan tarapy wagtyň geçmegi bilen Kaşykça näme bolandygy baradaky beýanatlarynyň mazmunyny üýtgetmäge mejbur boldy. Ilki Kaşykçynyň konsullykdan çykandygyny öňe süren Arabystan tarapy kamera ýazgysynyň ýokdugyny öňe sürüp, Kaşykçynyň konsullykdan çykandygyny görkezýän wideo-ýazgyny halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirip bilmedi. Stambula gelen 15 adamlyk ölüm toparyny syýahatçy hökmünde beýan eden Arabystanyň hökümeti, soň jenaýaty boýun alyp, 15 adam bilen konsullykda işleýän 3 adamy Kaşykçy wakasy sebäpli tussag etdi. Prezident R.T.Erdoganyň Saud Arabystanyň Şasy Salman bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň Arabystan tarapy Kaşykçynyň konsullykda bolan dawada ýalňyşlyk bilen öldürilendigini öňe süren hem bolsa, türk resmileriniň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetiren Kaşykçynyň dublýorynyň ýazgylary we beýleki delillere laýyklykda Kaşykçy jenaýatynyň meýilleşdirilen jenaýatdygy anyklandy.

Saud Arabystany ilki jenaýaty iňkär etdi. Hatije Jengiziň konsullygyň öňünde adaglysy Kaşykça garaşmagy we howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçylaryna maglumat bermegi we soň ähli geçirilen derňewlerin netijesinde jenaýat bilen bagly möhüm delilleriň ýüze çykarylmagy bilen bilelikde mesele başga sepgide ýetdi. Saudylar birnäçe wagtlap kabul etmediler, emma Türkiýäniň meseläni ugrukdyryş usuly we ony dünýä mediasynyň dykgatyna ýetirmegi bilen emele gelen basyş netijesinde saudylar pozisiýasyny özgertmeli boldy. Ilki iňkär eden wakalaryny alternatiw ssenariler bilen ugrukdyrmaga synanşdylar. Emma häzirki wagtda öňe süren diskurslary henizem Türkiýe we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilmedi. Prezident Erdogan çykyşynda beýan eden delilleri bilen jenaýatyň öňünden meýilleşdirilendigi subut etdi. Stambuldaky saud resmisiniň jenaýatdan ozal Riýada gidendigi, meýilleşdirmeleri düzendigi, 15 adamlyk toparyň glendigi, Ýalowada we Belgrad tokaýynda barlag işlerini geçirendigi, toparyň düzüminde kazyýet lukmançylygy hünärmeniniň hem bardygyny görkezýän deliller Türkiýe tarapyndan ýüze çykaryldy. Türkiýäniň ýüze çykaran delilleri bilen saudy tarapynyň beýan edýän ssenarisi biri-birine çapraz.

Saud Arabystanyna edilýän basyş güýçlendigi saýyn saudy hökümet täze-täze manýowrlar edýär. Saud Arabystany üçin esasy mesele Muhammad Bin Salmany meseleden we jogapkärçilikden çetde tutmak. Türkiýe hem ony görýändigi üçin Prezident R.T.Erdogan eden çykyşynda Şa Salman bilen Muhammed Bin Salmany tapawutlandyrdy we Şa Salmana Muhammed Bin Salmansyz çykalga görkezdi. Kaşykçy wakasyndan ozal hem saudy çeşmeleriniň beýan etmegine görä Muhammed Bin Salman Jemal Kaşykçyny şahsy duşman hökmünde kesgitläpdi. Kaşykçynyň sussuny basmak üçin ozalam birnäçe synanşyk edilipdi. Saud Arabystanynyň Howpsyzlyk gullugynyň başlygy Siri Jemal Kaşykçy bilen geçiren duşuşygynda, ony ýurda dolanmak üçin razy etmäge synanşypdy.

Türkiýäniň meselä strategik başarnyklylyk bilen çemeleşmegi netijesinde Saud Arabystanyna halkara derejesinde basyş emele geldi. ABŞ-da Ak Tam esasanda Muhammed Bin Salmany wakanyň daşynda tutmaga synanşýan bolsa, Amerikan Senatonyň çemeleşmesi we Türkiýäniň elindäki beýan edilmedik deliller bilen birlikde Muhammed Bin Salman üçin giňişlik günsaýyn daralýar. Türkiýäniň Kaşykçy meselesinde Şa Salmany bir tarapa goýýan çemeleşmesiniň Ak Tamda-da beýan edilmegi we Muhammed Bin Salmanyň gitmeginiň ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp tarapyndan gün tertibine getirilmegi Muhammed Bin Salman üçin giňişligiň nähili daralýandygyny görkezýär. Trampyň Şa Salmanyň bigünädigini beýan etmeginden soň “Ol ýerdäki işleri häzirki şazada dolandyrýar. Eger biri gitmeli bolsa, ol hem Şazadadyr” diýipdi.

Geljekki tapgyrda Türkiýäniň täze delilleri tapmagy we elinde bar bolan emma halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilmedik delilleriň halk köpçüliginiň dykgatyna ýetirilmegi bilen birlikde Saud Arabystanynyň mirasdüşer Şazadasynyň pozisiýasyna howp abanyp biler. Saud şalyk maşgalasyndaky güýjüni kakasy Şa Salmandan we daşary ýurtlardan alýan goldawy bilen berçinleşdiren Muhammed Bin Salman hem kakasynyň hem-de daşary ýurtlardaky goldawyny ýitirip barýar.



Degişli Habarlar