Türk daşary syýasatyna syn 42

Demirgazyk Yrakda geçirlen saýlawlar we şol saýlawlaryn türk daşary syýasatyna ýetirýän täsiri

Türk daşary syýasatyna syn 42

 

Ýaňy ýakynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynda parlament saýlawlary geçirildi. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Demirgazyk Yrakda geçirlen saýlawlar we şol saýlawlaryn türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

2018-nji ýylyn 30-njy sentýabrynda Yragyň Kürt Awtanomiýasynda parlament saýlawlary geçirildi. Erbil, Süleýmaniýe we Dohok welaýatlarynda ýaşaýan yraklylar Kürt Awtonomiýasynyň parlamentiniň 111 agzasyny saýlamak üçin ses berdi. Kürt Awtanomiýasynda geçirlen parlament saýlawyna bolan gatnaşyk ozalky saýlawlar bilen deňeşdirilende pes boldy we saýlaw güni başdan geçirlen wakalar uly jedelleşige sebäp boldy.

30-njy sentýabrda geçirlen saýlawyň 2009-njy we 2013-nji ýyllarda geçirlen saýlawlardan iki sany esasy tapawudy bar. Bu saýlaw soňky iki saýlawyň tersine Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň başlyklyk saýlawy bilen birlikde geçirilmedi. 2017-nji ýylda başdan geçirlen wakalardan soň Mesut Barzaniniň wezipesinden çekilmegi bilen emele gelen boşluk Yragyň Kürt Awtanomiýasynyň “Esasy Kanuny” we Başlygyň iş möhledi we ýaňadandan saýlanmagy ýaly jedelleşikler bu saýlawda bolmady. Şol sebäpli 30-njy sentýabr güni diňe parlament saýlawy geçirildi. Şol saýlawyň soňky iki saýlawdan tapawutly bolan ikinji tarapy bolsa, ozalky saýlawlara görä, ykdysady we sosýal taýdan käbir wakalaryň başdan geçirilýän atmosferasynda geçirilmegi boldy. Soňky 6 aýda esasan Süleýmaniýede we gündogarynda ykdysady kynçylyklar sebäpli başlan protest ýörişler basylyp ýatyryldy. Şol sebäpli halkyň ykdysady şertleriň gün saýyn agyrlaşmagyna garşylyk görkezip görkezmejekdigi ünsleri özüne çekýärdi.

Ilkinji nobatda saýlawa bolan gatnaşygyň ozalky saýlawlara görä , gaty pes bolmagy ünsleri özüne çekdi.  2013-nji ýylda geçirlen saýlawa bolan gatnaşyk 73 göterim bolan bolsa şol san bu saýlawda 57,96 göterime çenli aşaklady. Aslynda saýlaw güni berlen analizlerde saýlawa bolan gatnaşyň  gaty azdygy aýdylýardy. Erbil hem-de Süleýmaniýe welaýatlarynda ses berilşigiň gutarmagyndan soň berlen ilkinji beýanatdaky san bilen saýlawa bolan gatnaşyk barada berlen resmi beýatlaryň arasynda  10 göterime golaý tapawut bar. Şol ýagdaý bolsa saýlawda galplyk edilendigi baradaky şübheleri artdyrdy. Üssesine Kürt Awtonomiýasynda iş alyp barýan KÝB, Täze nesil ýaly partiýalar Erbilde we Süleýmaniýada galp pasportlar bilen ses berilendigini öňe sürdüler. Açyk çeşmelerde berilen fotosuratlar we wideo ýazgylar ses berilenden soň ýaragly adamlaryň saýlaw uçastoklaryny ele geçirendigini, saýlawdan jogapkär adamlary zor bilen täsirsiz ýagdaýa getirendikleri we partiýalaryň wekillerini urandyklary barada düýpli delilleri özünde jemleýär. Şol sebäpli saýlawlarda syýasy partiýalaryň alan ses mukdarlaryna we göterimlerine görä Kürt Awtonomiýasyndaky syýasy partiýalaryň halkyň arasyndaki goldawyny analiz etmek diýseň kyn görünýär. Beýleki tarapdan halkyň islegleri esasanda oppozision partiýalara bolan goldawy seljermek taýdan bizde bir pikir döredýär.

Yragyň Kürt Awtonomiýasyndaky syýasy partiýalardan Kürdistan demokratik partiýasy (KDP) garaşylşy ýaly saýlawda birinji orny eýeledi. Resmi netijeler gepleşigimizi taýarlaýarkak yglan edilmändi. Emma bar bolan netijelere görä KDP-nyň 45-e golaý kürsi eýelemegine garaşylýar. Azlyklaryň kwotasyndan mejlisde wekilçilik ediljek 11 halk deputatyň azyndan 9 sanysy KDP-nyň tarapdarlaryndan saýlandy. Netijeleriň yglan edilmeginden soň KDP 2 ýa-da 3 kürsi bilen Mejlisden ynam sesini almak üçin gerek bolan 56 halk deputatynyň goldawyny alyp biler. Şol sebäpli saýlawyň esasy ýenijisi KDP hökmünde kabul edilýär.

Kürdistan ýurtsöýerler bileleşigi (KÝB) bolsa ähli garşylyklara we saýlaw güni ýüze çykan meselelere garamazdan ikinji orny eýelemegiň hötdesinden geldi. Bu döwürde KÝB hökümetiň şärigi bolmak üçin elinden geleni eder. Mejlisdäki güýji bir tarapa, eýe bolan tas KDP ýaly peşmerge sany KÝB-niň ünsden düşürilmejek güýçdigini görkezýär. KÝB-niň beýleki partiýalardan tapawudy eýe bolan harby güýji hem-de partiýanyň organlary saýasynda KDP-den ýa-da beýleki partiýalardan özüne edilmegi ähtimal basyşlara boýun egmejekdigi. Beýleki tarapdan Berham Salihiň Yragyň Prezidentligine saýlanmagy bien KÝB-de uzak möhletden bäri dowam edip gelen dartgynlygyň ortadan aýrylmagy ähtimal.

Mundan ozalky saýlawda uly üstünlik gazanan Goran partiýasy bolsa şondan bäri ejizlemäge dowam edýär. Goranyň lideri Newşirwan Mustafanyň aradan çykmagyndan soň partiýada liderlik göreşi we ozalky ýaranlar bilen liderliğe dalaş edýäbleriň arasyndaky dartgynlyk möwjedi. Ozalky saýlawa görä ýarysyna çenli azalan kürsi sany we ses mukdary partiýanyň häzirki başlyğy Omar Seýit Alynyň wezipeden gitmegine sebäp bolar. Beýleki tarapdan Kürt Awtanomiýasynyň mejlisi saýlawa ilkinji gezek gatnaşan Täze nesil hereketi 2018-nji ýylyň maýyndaky saýlawa görä ses sanyny azaldan hem bolsa, yzgiderliligi gorap saklady. Goran hereketi ejizlän halatynda KDP-ni we KÝB-ni goldamaýan oppozisionerler Täze nesil hereketine goşulsa gerek.

Saýlaw tapgyrynyň we netijesiniň bize görkezen netijesi şulardan ybarat: Kürt Awtonomiýasyndaky sosial-ykdysady garaýyş dowam eden halatynda sebitde bar bolan syýasy guramalaryň çözgüt tapmakdan kynçylyk çekçek dartgynlyk şertiniň höküm sürme ähtimallygy ýokary. Halkyň syýasy guramalara bolan ynamynyň günsaýyn azalmagy bolsa, saýlawa bolan gatnaşygyň peselmegine sebäp bolýar. Şol sebäpli Demirgazyk Yrakda mundan soň başlamagy ähtimal protest aksiýalarynyň syýasy partiýalaryň gözegçiliginden dolulygyna çykmagy we pajygaly ýagdaýda basylyp ýatyrylmagy ýaly wakalar ýüze çykyp biler.

Meselä türk daşary syýasaty taýdan ser salanymyzda ýerli, sebitleýin we global özgerlişikler nazarda tutulanda Ankara-Erbil gatnaşyklarynyň bar bolan şertlere laýyklykda ýaňadandan ugrukjakdygyny aýdyp bileris. Ähli zady unudup, geçmişe dolanyp barmak halkara gatnaşyklarynyň tebigatyna bap gelmeýär, emma iki tarapyň arasyndaki gatnaşyklar we umumy geljek özara bähbit esasynda ýaňadandan dikeldiler.



Degişli Habarlar