Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 07

Wejihi Hürkuşdan Hürkuş uçarlaryna

1061699
Goranyş Pudagynyň Milli Taslamalary 07

Stambulyň şäher häkimligi we T3 gaznasynyň ýolbaşçylygynda Türkiýede ilkinji gezek gurnalan  Awiasiýa, älem giňişligi we tehnalogiýa festiwaly “TEKNOFEST Stambul” 20-23-nji sentýabr aralygynda geçirildi. T3 gaznasynyň ýolbaşçylaryndan Selçuk Baýraktar festiwalyň tanyşdyrylyş maslahatynda eden çykyşynda, festiwalyň milli tehnologiýa göçümi taýdan örän wajypdygyny habar berdi. Festiwalyň çäginde geçirilen çykyşlar, ýaryşlar, seminarlar we işler şol aýdylan sözleri tassyklan ýaly boldy.

Indi bolsa Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň “Wejihi Hürkuşdan Hürkuş uçarlaryna” atly synyny dykgatyňyza ýetirýäris...

Festiwalyň çäginde görkezilen Hürkuş şol bir wagtda howa görkezilişini ýerine ýetirdi. Hürkuş uçarlarynyň çykyşyna tomaşa eden mahalym ýurdumyzyň awiasia taryhynda möhüm rol oýnan Wejihi Hürkuşyň durmuş hekaýasy ýadyma düşdi.  Ýaş bolanlygyna garamazdan uly işler eden Wejihi Hürkuş bilen meňzeş duýgulary başyndan geçiren ýaşlar ýurdumyzyň geljegi taýdan uly umyt döredýär. Wejihi Hürkuşdan täsir alan döwlet goldawy bu gezek bolsa ýaş hünärmenleriň öňüni açýar. Wejihi Hürkuş şu ýagdaý barada şeýle sözler aýdypdy: “Syýahat edip gören daşary ýurtlaryň ählisinde awiasia pudagynyň nähili ýagdaýda başlandygyny, nähili sehler açandyklaryny örän gowy bilýärdim. Ähli zatdan ozal milli ynanç we höweslendirme bu ýoldaky üstünligiň ýeke täk açary. Men hem başarmak üçin muňa mätäçdim. Elimizden alynyp bilinmejek ýeke täk azatlyk, pozisiýamyzy saýlama azatlygymyzdyr. Men Wejihi Hürkuş, ülkämi ganatlandyryp, familiýamyň Hürkuş bolmagyna laýyk görüldim. Meniň azatlygym milli garaşsyzlyga eýe bolmagyň ýeke täk ýolunyň milli önümçilikden ybaratdygyna bolan ynanja ömrümi bagyş etdim. Sebäbi başgalaryň ganatlary bilen uçmaga synanyşanlar Hürkuş bolup bilmezler. Şu gün Türkiýe, goranyş pudagynda öz ganatlary bilen uçmak üçin ynamly ädimler bilen öňe barýar” diýip belläpdi.

Wejihi Hürkuş, 1896-njy ýylda Stambulda eneden doguldy. Kiçi ýaşlarynda kakasy wepat bolýar. Ýurdumyzyň awiasia taryhynyň iň möhüm adamlaryndan biri bolmak bilen birlikde başyndan geçirenleri bilen şol bir wagtda gam-gussaly öz ýaşaýyş durmuş hekaýasynyň hem gahrymanydyr. Onuň awiasia taryhyna adyny ýazdyrmagyny üpjün eden köp sanda hekaýasy bardyr. Mysal üçin Kawkaz frontynda gullyk edýärkä 1917-nji ýylda duşmanlaryň uçaryny ýere gaçyran ilkinji türk uçarmanydyr. Öz adyny göterýän uçarlary öndüren ilkinji uçar dizaýneridir. Türkiýedäki ilkinji awiasia mekdebiniň esaslandyryjysydyr we ilkinji zenan uçarmany ýetişdiren mugallymdyr. Ilkinji raýat awiasia mekdebiniň esaslandyryjysydyr. Türkiýäniň ilkinji raýat awiasia howa ýollary kärhanasynyň esaslandyryjysydyr. Wejihi Hürkuş 102 tapawutly model we ýolagçy uçar bilen uçuş ýerine ýetiren ilkinji uçarmandyr. 1916-1967-nji ýyllar aralygynda ýerine ýetiren 30 müň sagatlyk uçuş bilen uly rekordlaryň eýesidir. Milli azat edijilik söweşine meýletin ýagdaýda gatnaşdy. Söweşde üstünlikli gözegçilik uçuşlaryny ýerine ýetirip, grek uçarlarynyň birini ýere gaçyrdy. Gazanan üstünlikleri sebäpli TBMM tarapyndna özüne Garaşsyzlyk medaly berildi.

 

Wejihi Hürkuş ilkinji uçary Wejihi K VI-ny öndürdi we ilkinji uçuşyny 1925-nji ýylda ýerine ýetirdi. 29 ýaşyndaky ýaş oglan, çäkli mümkinçilikler bilen ilkinji uçarymyzy öndürdi. Emma Wejihi Hürkuşa üstünligi sebäpli sylag berilmegiň ýerine, oňa jeza berildi. Rugsatsyz uçandygy öňe sürülip aýlygynyň ýarsy kesilipdi we öýünde 10 gün çykmak gadagan edilipdi. Şol jeza sebäpli goşunyň düzüminden aýryldy. Bu ýagdaýy ol 1925-nji ýylda ýazan hatynda: “Biz esgerdigimizi ýatdan çykardyk, buýruga garşy bolupdyk” diýip tankyt edipdi. 1954-nji ýylda esaslandyran Türkiýäniň ilkinji raýat awiasia kärhanasy bolan Hürkuş howa ýollarynada şoňa meňzeş ýagdaý başdan geçirilipdi. Türk howa ýollarynyň düzüminden çykarylan uçarlary bejerip, bir flot döredipdi. Uçuş gatnawlaryna hiç hili sebäp görkezilmän rugsat berilmändi, uçarlaryna sabotaž gurnalypdy we üstünlikli bolmagyna päsgel berilipdi.

Wejihi Hürkuş Kadyköý etrabynda kireýina alan ýerinde 3 aýyň dowamynda “Wejihi XIV” uçaryny ýasady. Bu uçar bilen ilkinji uçuşyny  1930-njy ýylda ýerine ýetirdi. Ýasan uçarlary üçin uçurylmaklary üçin ygtyýarnama almak maksady bilen şol wagtyň Ykdysadyýet ministrligine ýüz tutýar.  Ministrlik “Uçaryň tehniki aýratynlyklaryny anyklajak hiç kim bolmandygy sebäpli ygtyýarnama berilmedi” diýip jogap berdi. Bu jogap aslyna garanyňda milli önümçiligiň haýsy sebäpler bilen öňüniň alynandygyny görkezýär.

ILKINJI MILLI HOWA ULAGY: HÜRKUŞ

Hürkuş, TUSAŞ kärhanasy tarapyndan özgerdilen Türkiýäniň ilkinji milli howa ulagy. Täze nesil ýönekeý tälim uçary – Hürkuş taslamasy 2006-njy ýylyň mart aýynda Goranmak senagaty edarasy bilen TAI-niň arasynda gol çekişilen şertnama bilen başlady. Taslama Harby howa güýçleriniň zerurlyklaryny üpjün etmek we dünýä bazaryna girip biljek bir tälim uçarynyň özgerdilmegi maksady bilen başladylypdy.

2013-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda gazanylan ylalaşyk bilen Hürkuş uçarlarynyň dowamly önümçilige geçilmegi barada karar kabul edildi. 2013-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Hürkuş-B şertnamasy baglaşyldy. Hürkuş A, EASA bilen CS-23-iň zerurlyklaryna görä sertifisirlenen ýönekeý konfigurasiýadyr. Hürkuş B, integrirlenen awionika moduly bilen özgerdilen konfigurasiýadyr. Hürkuş-C bolsa ýeňil derejedäki hüjümleri we ýaragly razwedka wezipelerini, az çykdajyly we ýokary derejede takyklyk bilen ýerine ýetirmek üçin özgerdildi.

Ozal synag uçuşlaryny üstünlikli ýagdaýda tamamlan Hürkuşyň noýabr aýynda Harby howa güýçlerine gowşurylmagyna garaşylýar. Ilkinji uçar berileninden soň, Harby howa güýçleriniň uçarmanlary tarapyndan ulanylyp, 3 aý möhlet bilen tapawutly şertlerde synagdan geçirilmegine garaşylýar. Bu etapda talaplar bar bolsa, olar bildiriler we uçar bilen baglanşykly ähli işler tamamlanar. 2019-njy ýylyň ilkinji ýarsyna çenli 15 uçaryň Harby howa güýçlerine berilmegi maksat edinilýär.

EASE-dan GÖRNÜŞ SERTIFIKATYNY ALAN ILKINJI TÜRK UÇARY

Uçarlar bilen baglanşykly TAI-niň beren maglumatlary şulardan ybarat: Uçuş synaglary bilen birlikde öndürilen 2 sany aýry strukturlaýyn uçarda, uçaryň berkligi bilen ömri we zepere garşy çydamlylygy üstünlikli ýagdaýda synaglardan geçdi. Taslamanyň çäginde Ýewropanyň raýat awiasia dolanşygy guramasyna (EASA)  we Raýat awiasianyň Baş edarasyna ugradylmak üçin 545 sany resminama taýýarlandy. Edilen ähli bu tagallalaryň netijesinde 2016-njy ýylyň 11-nji iýulynda Hürkuş Täze nesil tälim uçary üçin “TT32 Uçar Görnüş sertifikaty” Raýat awiasianyň Baş edarasyndan alyndy. Şol gün EASA guramasy hem “EASA-da tassyklanan Görnüş sertifikaty” bilen Raýat awiasianyň Baş edarasy tarapyndan berilen ady agzalan sertifikaty Ýewropanyň ähli ýurtlary üçin tassyklady. Şeýelik bilen Hürkuş Ýewropanyň Raýat awiasia dolanşygyndan Görnüş sertifikatyny alan ilkinji türk uçary boldy. Hürkuş uçarlarynyň üstünlikli bolmagy ýurdumyz taýdan elbetde möhümdir.  

Bu gün biz siziň dykgatyňyza Türk Harb-Iş kärdeşler arkalaşygynyň Bilim müdüri Tarkan Zenginiň “Wejihi Hürkuşdan Hürkuş uçarlaryna” atly synyny ýetirdik...



Degişli Habarlar