Türk daşary syýasatyna syn 38

Howplar we pursatlar boýunça türk daşary syýasaty

Türk daşary syýasatyna syn 38

 

Global we sebitleýin taýdan türk diplomatiýasy soňky döwürde iňňän işjeň günleri başdan geçirýär. Sebitleýin we global hadysalar türk daşary syýasaty üçin bir tarapdan howplary özünde jemleýän bolsa, beýleki tarapdan-da dürli pursatlary ýüze çykarýar. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda howplar we pursatlar boýunça türk daşary syýasatyny analiz etmekçi

Karatekin uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň mugallymy, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýär.

Türkiýäniň daşary syýasatynda soňky hepdelerde ýokary depginli diplomatiýa alynyp barylýar. Global derejede we ýurduň ýakyn sebitinde başdan geçirilýän wakalar syýasy we ykdysady taýdan howplary hem-de pursatlary bilelikde alyp geldi. Bu hususy ýüze çykaran esasy faktoryň Amerikan hökümetiniň çemeleşmeleridigi ikiuçsyz. ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň birnäçe ugurdan tankyt edilýän kararlary, ozalky hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklaryny we hyzmatdaşlyk ugurlaryny bökdeýän tapgyra öwrüldi. Onuň aňyrsynda biri göz üçin, iki sebäbiň bardygyny öňe sürmek bolar. Türkiýe serhetleriniň çäginde ozaldan bäri missionerlik işlerini alyp baran we terror guramasy FETÖ bilen gatnaşyklary sebäpli saklanan ruhani Branson meselesi sebäpli ABŞ-nyň Ankara boýunça çemeleşmesi dartgynlygyň görünýän sebäbi. Emma şonuň bilen birlikde Türkiýäniň Siriýada terror guramasy PKK/ÝPG-niň tagallalaryny bökdeýji işleri resmi Waşingtonyň sebitde geljegi dizaýn etmek ugrundaky tagallalarynyň öňünde esasy bökdençligi emele getirýär.

Siriýa urşunyň ýüze çykaran howplary diňe bir Türk-Amerikan gatnaşykalaryna däl, Russiýanyň, Eýranyň we ÝB-ne agza ýurtlaryň hem sebite bolan garaýyşyna täsirini ýetirýär. Bu şertler adybir ýurtlaryň arasyndaky dartgynlyklaryň dowam etmegine sebäp bolýar. Türkiýäniň başdan geçirýän kynçylyklarynyň başynda-da milli howpsyzlyk aladalary bilen beýleki global güýçleriň arasyndaky diplomatik deňagramlylygy saklama mejburlygy durýar.

Türkiýäniň duçar bolýan howplary Siriýada döredilip, ýurduň içindäki jebislige hem-de durnuklylyga zeper ýetirjek terror guramasy PKK/ÝPG bilen çäkli däl. Türk goşunlary häzirki wagtda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Kandil daglarynda PKK terrorçylaryna garşy operasiýalarynyň ýany bilen ýurduň içinde-de şol gurama garşy göreşýär. Beýleki tarapdan terror guramasy FETÖ garşy içerde we daşarda alynyp barylýan göreş, ýurduň güýjüni sarp edýän beýleki bir faktor.

Bu tapgyrlaryň üssüne ABŞ bilen başdan geçirilýän dartgynlykdan soň başlan türk lirasynyň hümmetiniň gaçmagy hem goşulanda resmi Ankaranyň birnäçe tarapda şol bir wagtda söweşýändigi aç-açan görülýär. Eýsem türk ykdysadyýetinde başdan geçirilýän dartgynlyklar ýurduň hem içerki hem-de daşarky howpsyzlygyna wehim salýar.

Bu dargynly şertlerde Türkiýäniň 2-nji Jahan urşundan soň degişli bolan halkara gatnaşyklary hem analiz edilmäge başlandy. Çünki NATO agza bolan ABŞ we Ýewropa ýurtlary Türkiýe bilen başlangyç global hyzmatdaşlyga agza bolmagyň ýany bilen köp sanly halkara guramasyna hem-de ylalaşygyna tarap bolup durýan döwletler. Muňa garamazdan terror guramalary FETÖ we PKK garşy göreşde şol ýurtlaryň Türkiýä ýeterlik goldaw bermezligi, hatda garşysyna iş alyp barmaklary we soňky ykdysady durnuksyzlykda ABŞ-nyň eýelän pozisiýasy Türkiýäni şol hyzmatdaşlygy analiz etmäge gönükdirýär. Siriýadaky urşuň dowamynda günortadan abanmagy ähtimal howplarda NATO-nyň howandarlygyndaky howa goranyş ulgamynyň Türkiýe üçin peýdalanylmaga berilmezligi we yzýanyndan resmi Ankaranyň Moskwadan S-400 raketa ulgamyny soramagy amerikaly we ýewropaly dostlar bilen dartgynlygyň soňky çaýryklaryny emele getirdi.

Sebitde artýan durnuksyzlyga we çaknyşyk howpuna seretmezden Türkiýe üçin NATO-nyň borçlaryny berjaý etmegi bir tarapa, ýurduň legal goranyş göçümlerine garşy bolan bu gazaply çemeleşme Russiýa we Hytaý bilen täze ylalaşyk şertleriniň gözlenmegine sebäp bolýar. Şol şertler diňe bir harby aluwlar bilen çäkli bolmajaga meňzeýär. Türk we rus döwlet ýolbaşçylarynyň hem-de diplomatlarynyň rus hem-de eýranly kardeşleri bilen geçiren duşuşyklarynyň sany we derejesi geçmişde amerikalylar bilen geçirilen duşuşyklaryň ýerine geçene meňzeýär. Siriýada we esasanda İdlib meselesinde resmi Ankara bilen Waşingtonyň arasynda –azyndan göräýmäge- belli bir gatnaşygyň bolmandygyny aýtmak ýalňyş bolmasa gerek.

Siriýa meselesiniň ýany bilen Russiýa, Hytaý hem-de ýakyn söwda hyzmatdaşlary bilen edilýän ykdysady hyzmatdaşlyklar Türkiýäniň halkara gatnaşylarynda gözleýäň şertleriniň çaklanylýanyndan has düýplidigini görkezýär. Esasanda şol ýurtlar bilen edilýän söwda gatnaşyklarynda Amerikan dollarynyň däl, eýsem milli pul birlikleriniň ulanylmagy baradaky teklibiň rus we hytaýly hyzmatdaşlarda oňyn beýan tapmagy onuň esasy görkezijileriniň biri. Amerikan dollaryna indekslenen halkara söwdada altynyň ýa-da milli pul birlikleriniň ulanylmagy bilen erkin söwda zolaklarynyň sanlarynyň hem-de gerimleriniň giňeldilmegi ugrundaky tagallalar ünsleri çekýän beýleki başlangyçlar hökmünde görkezlip bilner.

Türkiýäniň Amerikan dollarynyň kursunyň artmagy sebäpli başdan geçiren kynçylygy ýakyn we orta möhletli çözgütlerde ýokarda beýan edilen tagallalaryň ýany bilen ýakyn geljekde ÝB bilen başladylan gümrük bileleşigine meňzeş düzümleri, söwda hyzmatdaşlygyny edýän beýleki ýurtlar bilen döretmek baradaky teklipler hödürlenip bilner. Onuň bolsa ÝB-ne agzalygyň Türkiýe taýdan belli bolmagyna bagly bolandygy ikiuçsyzdyr. Özünden daşgary gümrük bileleşigi alternatiwine rugsat bermeýän ÝB Türkiýäniň agzalyk tapgyry tamamlanman halatynda resmi Ankara tarapyndan hyzmatdaşlaryna hödürlenmegi mümkin bolan teklibe meňzeýär.

Jemläp aýdanymyzda çar tarapyndan howplara garşy göreşýän Türkiýäniň başdan geçirýän şertleri howplaryň arasynda pursatlary we täze gözýetimleri hem özünde jemleýär. Onuň  Türkiýäniň hyzmatdaşlyk edýan ýurtlaryň çemeleşmelerine baglydygy göz öňünde tutulanda şertlere görä resmi Ankaranyň köpugurly diplomatik özgerlişiklere karar berme ähtimallygy bolup biler.


Etiketkalar: Siriýa , pursat , howp , daşary syýasat

Degişli Habarlar