Türk daşary syýasatyna syn 35

Gazak modelini döreden Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyndaky gazak hökümeti we şol hökümetiň sebitde ýerleşýän ýurtlara ýetirýän täsiri

Türk daşary syýasatyna syn 35

 

Nursoltan Nazarbaýew Ýewraziýanyň we Türk dünýäsiniň strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän ýurtlaryndan biri bolan Gazagystan Respublikasyny garaşsyzlygynyň yglan edilmeginden bäri ýurdy dolandyryp gelýär. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Gazak modelini döreden Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyndaky gazak hökümeti we şol hökümetiň sebitde ýerleşýän ýurtlara ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Nursoltan Nazarbaýew 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny yglan eden  Gazagystanyň lideri. 1991-nji ýyldan bäri diňe Gazagystanyň däl eýsem Türk dünýäsiniň we beýleki birnäçe ýurduň ynamyna eýe boldy. Parahatçylygyň tarapdary bolan lider hökmünde dünýäniň çar tarapynda tanalýar we sarpa goýulýar.

Nazarbaýew Almaty şäheriniň golaýyndaky Çemolgan etrabynda abraýly maşgalanyň perzendi hökmünde 1940-njy ýylda dogulýar. Sowuk söweşiň başlan ýyllarynda başlangyç bilim alýardy. Litseýde bolsa metalurgiýa bilimini aldy. 1962-nji ýylda Karagandy uniwersitetiniň metalurgiýa inžernerçiligi bölümini tamamlaýar. 1984-nji ýyla çenli ýerine ýetiren buýrokratik wezipelerinde işçileriň şahsy kynçylyklary bilen gyzyklandy. İşçileriň hak-hukuklarynyň goralmagy üçin merkeze ýörite teklipler hödürledi.

1991-nji ýylyň 1-nji dekabrynda geçirlen saýlawa ýeke-täk dalaşgär hökmünde gatnaşan Nazarbaýew, 21-nji dekabrda Almaty şäherinde Gazagystanyň garaşsyzlygyny üpjün edýän teswirnama gol goýdy. 1991-nji ýyldan soň 1999, 2005-nji, 2011-nji we 2015-nji ýyllarda geçirlen prezident saýlawlaryna hem dalaşgär boldy we şol saýlawlarda halkyndan uly goldaw alyp ýaňadandan Gazagystanyň prezidentligine saýlandy. 1997-nji ýylda paýtagty Almaty şäherinden Astana şäherine göçürdi. Nazarbaýew Russiýa bilen ykdysady we syýasy taýdan gatnaşyk etdi şol bir wagtda hem ABŞ, Türkiýe, Türk dünýäsi, ÝB we Ysraýyl bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürdi.

Nursoltan Nazarbaýew daşary syýasatda bir taraply syýasat alyp barmagyň ýerine özara bähbidine esaslanýan köp ugurly syýasat alyp barmagy saýlap aldy. Alyp barýan köp ugurly syýasaty sebäpli Nazarbaýew dünýä jemgyýetçiliginde “ylalaşdyryjy lider” hökmünde görülýär. Bilşimiz ýaly Nazarbaýew Siriýa krizisiniň we Siriýada başdan geçirilýän adamzat pajygasynyň ortadan aýrylmagy üçin işe girişdi.

Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň goldaw bermeginde geçirlen Astana gepleşiklerine ýer eýeçiligini etdi.  Gazagystanyň gepleşiklere ýer eýeçiligini etmegi Siriýanyň esasy aktýorlaryndan biri bolan türkmenleriň hem Astana gepleşiklerine gatnaşmagyna sebäp boldy.

Gazagystanyň başynda Türk dünýäsine uly ähmiýet berýän we Türk dünýäsiniň jebisligi üçin tagalla edýän Nazabaýew ýaly lideriň bolmagy Türk dünýäsi üçin uly pursat.

Nazarbaýewiň Türk Dünýäsi üçin edýän tagallasy Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikasy we Türkiýe ýaly agzalary bolan Türk geňeşi üçin hem uly mümkinçilik hödürleýär. Bu meselede Gazagystan we Türkiýe tarapyndan goldanýan Türk geňeşine Türkmenistanyň we Özbegistanyň hem agza bolmagy üçin Geňşiň täsiri has güýçlener. Türk dünýäsiniň öz aralarynda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi onuň halkara guramalaryň çäginde uly rol oýnamagyna iteri berer. Häzirki wagtda Fransiýa BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde Frankofon ýurtlarynyň wekili hökmünde görünýän bolsa geljekde Türk dünýäsi Türkofon ýurtlarynyň adyndan Türk geňeşine agza ýurtlardan biriniň BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşinde wekilçilik etmegi üçin BMG-na ýüz tutup biler.

Nazarbaýew terror guramasy FETÖ-niň Türkiýede 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygyna garşy Türkiýä goldaw berdi we agdarlyşyk synanşygyndan soň Ankara sapar guran ilkinji prezident boldy.

Nazarbaýewiň Türkiýedäki agdarlyşyk synanşygyndan soň ilkinji resmi myhman bolmagy diýseň manylydy. Nursoltan Nazarbaýewiň “Türkiýäniň duşmany biziň hem duşmanymyzdyr” diýen sözleri hakyky doganlygyň nyşanydyr. Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdogan Nusroltan Nazarbaýewi ähli çykyşlarynda “Türk dünýäsiniň aksakgaly” hökmünde häsiýetlendirýär.

Prezident Erdogan, Nursoltan Nazarbaýewiň Türkiýä guran saparynyň çäginde beren beýanatynda “Jenap Prezident göýä diýersiň Türk dünýäsiniň aksakgaly. Jenap Nazarbaýewiň alyp barýan deňagramly syýasaty netijesinde Gazagystan şu günki günde sebitiň we dünýäniň hyzmatdaşlygynda sylanýan sarpa goýulýan esasy aktýory ýagdaýyna geldi. Umumy dile, taryha we medeniýete eýe bolan doganlyk Gazagystanyň garaşsyzlygy syýasy durnuklylygy güýçlendirdi.2016-njy ýylda Gazagystana guran saparymda Gazagystanyň gysga wagtda ähli taraplaýyn uly öňe gidişlik edendigini gördüm. Bu meselede Nazarbaýewiň öňdengörüji liderdigini nygtap geçmek isleýäris. Nursoltan Nazarbaýewiň kril elipbiýinden Latyn elipbiýine geçilmegi baradaky görkezmesi hem diýseň möhüm. Nazarbaýew 2025-nji ýyla çenli ähli kitaplaryň, neşirleriň we resminamalaryň latin elipbiýinde taýarlanmalydygyny nygtady. Bu karar Türk dünýäsiniň dil we elipbiý birligi taýdan hem diýseň möhüm we strategik göçüm”diýdi.

Nursoltan Nazarbaýewiň dünýä garaýşy we strategiýasy bilen ýüze çykan “gazak modeli” türk medeniýetiniň gadymy mirasyndan ylham alýar we durnukly ýagdaýda ykdysady taýdan ösýär. Netijede Gazagystan 2018-nji ýyl bilen birlikde taryhy döwre gadam basýar.

Gazagystanyň maksady dünýädäki ösen 30 ýurtdan biri bolmak. Men Gazagystanyň Nazarbaýewiň öňbaşçylygyndaky ygrarly ösüşiniň dowam etjekdigine ynanýaryn. Şu günki günde Nursoltan Nazarbaýew we R.T.Erdogan ýaly liderleriň bolmagy hem iki ýurt hem Türk Dümýäsi üçin tapylgysyz şansdyr.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň Gazak modelini döreden Nazarbaýewiň ýolbaşçylygyndaky gazak hökümeti we şol hökümetiň sebitde ýerleşýän ýurtlara ýetirýän täsiri baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik



Degişli Habarlar