Aktual Analiz 34

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň konstruktiw hem-de konýenktural sebäpleri

Aktual Analiz 34

 

Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlygyň konstruktiw hem-de konýenktural sebäpleriniň bardygyny görýäris. Konstruktiw taýdan ABŞ-nyň 1952-nji ýylda NATO agza bolmagyndan bäri Türkiýe bilen assimetrik gatnaşyk etmek baradaky tagallasy ünsleri özüne çekýär. Emma Türkiýäniň esasan Adalat we ösüş partiýasynyň häkimiýetiň başyna gelmegi bilen birlikde garaşsyz syýasat alyp barmagy, Türkiýäniň bähbitlerine bap gelýän pozisiýa alyp barmagy ABŞ tarapyndan henizem kabul edilmedi.

Konýenktural taýdan bolsa ABŞ-nyň Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleni yzyna bermezligi, hukuky taýdan işe girişmezligi we Pensilwaniýada erkin ýagdaýda ýaşamagyny üpjün etmegi özara gatnaşyklara ýaramaz täsirini ýetirýän esasy sebäplerden biridir. Türkiýe, ABŞ-nyň şol bir wagtda Siriýada ekstremist terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi ÝPG bilen birlikde hereket etmegini , olary ýerli hyzmatdaş hökmünde yglan etmegini, harby tälim we ýarag kömegini bermegini kabul etmeýär. Terror guramasy PKK-nyň Türkiýäniň günorta serhetlerinde täsiriniň güýçlenmegi Türkiýäniň milli jebisli taýdan howp emele getirýär. İki ýurduň arasynda onsuz hem dartgynly günleriň başdan geçirilýän döwründe ýüze çykan Brunson wakasy bilen F-35 krizisi dartgynlgy has-da möwjetdi.

Amerikan senadynyň agzalary soňky döwürde Brunsynyň öý tussaglygynda saklanmagy we Türkiýäniň Russiýadan S-400 howan goranyş ulgamlaryny satyn aljakdygy sebäpli Türkiýä garşy tutum alyp barýardy. Senadyň agzalary bilen şol bir wagtda Ak Tam hem Brunsonyň boşadylmagy meselesinde tutanýerli tutum alyp barýar. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp  Prezident R. T. Erdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde ruhany Brunsonyň boşadylmagyny talap edipdi. ABŞ-nyň Prezident Tramp munyň bilen hem çäklenmän Twitter arkaly Brunsonyň boşadylmagyny talap etdi. Türkiýede ýaşaýan ruhany Brunson hakynda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda FETÖ-nyň agdarşylyk synanşygyndan soň FETÖ we terror guramasy PKK bilen arabaglanşygynyň bardygy sebäpli kazyýet işi gozgaldy. ABŞ-daky ewangelistleriň goldawyny ýitirmezlik üçin ABŞ-nyň Wise-prezidenti Maýk Pens mesele hakynda beren beýanatynda Türkiýede 2 ýyldan bäri kazyýet işi dowam edýän Brunsonyň boşadylmagyny talap etdi we Türkiýä sanksiýa goýmak bilen hemle atdy. Yzy ýanyndan Tramp hem Wise-prezidenti Pensiň beýanatyna goldaw berdi we Türkiýä garşy hemle atdy. Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bolsa ABŞ-nyň abaý-syýasatlaryna we hemlelerine Türkiýäniň boýun egmejekdigini aýtdy we Türkiýedäki kazyýet etabynyň garaşsyz ýagdaýda dowam edýändigini we ABŞ-nyň talaplarynyň adalatyň garaşsyzlygy ýörelgesine bap gelmeýändigini belledi.

ABŞ Türkiýäniň Adalat we İçeri işler minisrtlerini Türkiýä goýan sanksiýa kararlaryna degişli etdi. Bu kararyň yzy ýanyndan ABŞ-nyň Türkiýä garşy ykdysady söweşi başlady. Türk bazarlary bilen walýuta kurslary nyşana alynmaga başlandy. Ykdysady hüjümler sebäpli türk lirasy hümmetini ýitirmäge başlady. Türkiýä garşy bolan ykdysady hüjümler sebäpli Türkiýäniň Merkezi banky möhüm kararlar kabul etdi we türk lirasynyň hümmetini gorap saklamagyň hötdesinden geldi. 7 liradan geçen bir dollaryň bahasy iki günde 6 liradan hem aşaklady.

Türkiýä garşy ykdysady söweşiň yglan edilen sagatlarynda Gazna we maliýe ministri Berat Albaýrak Türkiýäniň täze ykdysady modeliniň ýörelgeleri hakynda maglumat berdi. Berat Albaýrak bir tarapda Türkiýäniň täze ykdysady modeli hakynda maglumat berýärkä, beýleki tarapda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkiýeden import edilýän polada we alýumine goşmaça salgyt goýýandygyny yglan etdi. Trampyň beýanaty  walýuta kurslary täsirini ýetiren bolsa-da, türk lirasy ýaňadandan hümmetini gorap saklamagy üçin degişli çäreler görüldi.

Tramp bir tarapda Türkiýä garşy sanskiýa goýýar, beýleki tarapda hem Hytaý bilen hem ykdysady söweşini dowam etdirýär. Trampyň Türkiýä garşy goýan salgydyndan birnäçe gün soň Hytaý Türkiýeden we Russiýadan ýerli pul birlikleri bilen alýumin we demir aljakdygyny mälim etdi.

Türkiýäniň ABŞ-nyň ykdysady söweşine sezewar bolmagyndan soň, Russiýa bilen Eýran hem Türkiýä goldaw berýän beýanatlar berdi.

Türkiýe üçin ykdysady taýdan esasy bazar bolan ÝB-niň tutumy ABŞ-nyň sanksiýalaryna garşy diýseň möhüm we ÝB bilen esasan Germaniýa Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryny dowam etdirmek isleýändiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar