Türk daşary syýasatyna syn 33

26 ýyllyk türk-gazak gatnaşyklary

Türk daşary syýasatyna syn 33

 

Türkiýe Respublikasy bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 26 ýyllygyny belläp geçýäris. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda 26 ýyllyk türk-gazak gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň türk-gazak gatnaşyklary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 26 ýyllygyny belläp geçýäris. Mälim bolşy ýaly 1991-nji ýylyň 2-nji martynda Gazagystan Respublşkasy garaşsyzlygyny yglan etdi. Gazagystanyň garaşsyzlygyny yglan etmeginden birnäçe minut soň Türkiýe Respublikasy, Gazagystany garaşsyz döwlet hökmünde ykrar eden ilkinji ýurt boldy.

Gazagystanyň garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soň Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda birnäçe ugurda hyzmatdalyk edilmegi üçin şertnamalar baglaşyldy, gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlyklaryň özeni kesgitlenildi.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky syýasy gatnaşyklaryň ýeten sepgidi bilen şol bir wagtda Gazagystan, Türkiýäniň Ýewraziýada syýasy we ykdysady taýdan esasy hyzmatdaşy ýagdaýyna geldi. Gazagystan-Türkiýe gatnaşyklary esasan soňky ýyllarda pajarlap ösýär. Gazagystanyň aktiw daşary syýasat alyp barmagy we BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň wagtlaýyn agzalygyny öz üstüne almagy gatnaşyklaryň pugtalanmagynda esasy rol oýnady.

Merkezi Stambulda ýerleşýän Türk geňeşi, merkezi Azerbaýjanda ýerleşýän Türki dilli ýurtlaryň Parlamentarlar Assambleýasy, merkezi Gazagystanda ýerleşýän Halkara Türk Akademiýasy we merkezi Türkiýede ýerleşýän TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar medeni we syýasy taýdan agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine iteri berýär.

Gazagystan bilen Türkiýäniň arasyndaky özara gatnaşyklar ykdysady gatnaşyklar bilen birlikde guramalaryň arasyndaky gatnaşyklary hem öz içine alýar. İki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde bilim taýdan hem ösmegine garaşylýar. Esasan Türk-Gazak Ahmet Ýasawy uniwersitetiniň Almaty we Astana şäherlerinde hem kampuslarynyň açylmagy we şol ýerlerde talyplara ýokary bilim berilmegi has peýdaly bolar.

Türkiýe Gazagystanyň Prezidenti Nursoltan Nazarbaýewe uly ähmiýet berýär. Türkiýe, türki dilli ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin Nazarbaýewiň edýän tagallasyny takdyr edýär we  Nursoltan Nazarbaýewi hemişe “Türk dünýäsiniň Aksakgaly”, Türk dünýäniň tanymal lideri” hökmünde görýär. Paýtagt Ankarada Nazarbaýewiň ýörite heýkeli açyldy. Heýkel Türk dünýäsiniň aksakgalyna türk halkynyň uly sarpa goýýandygynyň anyk görkezijisidir.

Türkiýe bilen Gazagystan halkara we sebitara meselelerde şol bir garaýşa eýedir. Halkara guramalaryň çäginde hem şol bir garaýşa goldaw berýär. İki ýurduň arasyndaky status, Nazarbaýewiň 2009-njy ýylda Türkiýä guran saparynyň çäginde Strategik hyzmatdaşlyk şertnamasy bilen kesgitlenildi. Şeýlelikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar doganlyk bilen birlikde “strategik hyzmatdaşlyk” derejesine göterildi.

Gazagystan Ýewraziýa geografiýasynda ýerleşişi sebäpli Gündogar bilen Günbataryň arasynda tebigy gury ýer köprüsi ýagdaýynda. 26 ýylda Gazagystanda adam başyna düşýän milli girdeji 700 dollardan 14.000 dollara çenli baryp ýetdi.

Gazagystanyň topraklarynda 1225 görnüşli mineral we 493 magdan käni bar we Gazagystan tebigy gaz ätiýajy bilen ilkinji 12 ýurduň hatarynda, nebit ätiýajy bilen hem ilkinji 13 ýurduň hatarynda ýer alýar.

Türkiýe bilen Gazagystan harby we goranyş senagaty taýdan hem ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Türkiýe Gazagystanyň ýaragly güýçlerine ofiserleriň ýetişdirilmegi üçin goldaw berýär. Türkiýäniň goranyş senagatynda iş alyp barýan tanymal firmalary Gazagystanyň goranyş senagaty desgalarynyň kämilleşdirilmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw berýär. Birnäçe ýyl ozal “Gazagystan-Aselsan” fabiriniň açylmagy hem harby taýdan edilýän hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berdi.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasynda birnäçe million dollar bilen başlan söwda mukdary şu günki günde 4 milliard dollara çenli baryp ýetdi. Elbetde bu mukdar iki ýurt üçin ýeterlik däl. Söwda mukdarynyň 10 milliard dollara ýetirilmegi maksat edinilýär. Bu maksada ýetilmeginiň öňündäki esasy bökdençliklerden biri bolsa Gazagystan bilen Türkiýäniň arasynda logistiki taýdan göni ýoluň bolmazlygydyr. Bu bökdençligiň ortadan aýrylmagy üçin taýarlanan meýilnamalar durmuşa geçirlenden soň gatnaşyklar has-da pugtalanar.

Gazagystan bilen Türkiýe iki aýry döwlet emma bir milletdir. Bu meselede R. T. Erdogan bilen Nursoltan Nazarbaýewiň durmuşa geçirýän işleri iki ýurt hem-de türk dünýäsi üçin diýseň möhüm. Erdogan we Nazarbaýew türk dünýäsinde sarpa goýulýan liderlerdir.

Türkiýe bilen Gazagystanyň arasyndaky dostluk öz güýjüni umumy medeniýetinden we taryhyndan alýar.  26 ýyl, müňlerçe ýyllyk türk taryhy göz öňüne getirlende diýseň az wagt. Emma Gazagystan bilen Türkiýe 26 ýylda uly ösüşler etdi. Özara bähbide we sylag-hormada laýyklykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar geljek-de hem güýçlenmek bilen dowam eder.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň türk-gazak gatnaşyklary baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar