Türk daşary syýasatyna syn 31

Amerikan hökümetindäki Ewangelist lobisi we şol lobiniň Türk-Amerikan gatnaşyklaryna ýetirýän täsiri

Türk daşary syýasatyna syn 31

 

Amerikaly ruhany Andrew Bronsynyň Türkiýede tussaglykda saklanmagy sebäpli Donald Trampyň we Maýk Pensiň Türkiýä sanksiýa goýmak bilen hemle atmagy, Amerikadaky Ewangelist hakykatyny ýene-de bir gezek gün tertibine getirdi.

Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Amerikan hökümetindäki Ewangelist lobisi we şol lobiniň Türk-Amerikan gatnaşyklaryna ýetirýän täsirini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Amerikaly ruhany Andrew Brunson terror guramasy FETÖ-niň we PKK-nyň adyndan jenaýat edendigi we içalylyk edendigi sebäpli 2016-njy ýyldan bäri Türkiýede tussaglykda saklanýar. Ýaňy ýakynda Bronsynyň  saglyk ýagdaýy sebäpli onuň öý tussaglynda saklanmagy barada karar kabul edildi. Karardan soň ilki Wise-prezident Maýk Pens, soň bolsa Prezident Donald Tramp, Bronson boşadylman halatynda Türkiýä berk sanskiýa goýjakdyklary barada hemleli beýanat berdi. Bronson Ewangelist misýoner. Şol sebäpli hem Bronson wakasy syýasy bolmak bilen birlikde “dini-syýasy” ähmiýete eýe.  Amerikan hökümeti Ewangelistlerden has köp ses alýandyklary sebäpli olaryň islegine laýyklykda syýasat alyp barýar.

Ewangelistler “il arasynda beýan edilşi ýaly Hristiýan siýonistler” Maýk Pens we Ak Tamdaky beýleki agzalary arkaly Amerikan hökümetine öz täsirini ýetirýär. ABŞ-da sanlary 20 milliona ýetýän we 100 milliona golaý adama täsirini ýetirmek güýjüne eýe bolan Ewangelistler birnäçe ýyldan bäri Ysraýylyň öz territoriasyny giňeldendigini görmek üçin millionlarça dollar sarp etdiler. Russiýadaky, Efiopiýadaky we beýleki ýurtlardaky millionlarça ýehudi Ysraýyl göçüne goldaw berdi. Basyp alyşlyk astyndaky Palestinada täze ýehudi ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagy we bosgunlaryň ornaşdyrylmagy üçin millionlarça dollar bagyşladylar.

Geçen ýyl Dan Hummeliň Waşington Post gazetinde möhüm makalasy çap edildi. Hummele görä, “Pensiň ulanýan dili Ak Tamyň Amerika-Ysraýyl gatnaşygyny beýan edýärkä ulanýan taryhy yzygiderlilige eýe bolan çemeleşmesinden düýpli tapawutly”.

Pens, Ewangelistleriň Töwratda beýan edilýän gudrat  hökmünde görýän zatlaryna Trampy razy etmäge çalyşýan ýeke-täk adam däl. Amerikan hökümetinde Trampa tasirini ýetirýän başga Ewangelistler hem bar.

Ysraýyldaky radikal siýonistler we Ewangelistler Y-nji we YY-nji Ýehudi ybadathanalaryna degişli galyndylaryň yslamyň  mukaddes ýerlerinden biri hasaplanylýan Aksa metjidiniň aşagynda ýerleşýändigini öňe sürýär.

Ewangelist garaýyş täze ybadathananyň şol gadymy galyndylaryň üstünde guruljakdygyna ynanýar. Ewangelistler onuň Töwratdaky gudratdygyny goldaýar. Olara görä, ybadathananyň gurluşygy tamamlanan badyna Hezreti İsa (Mesih) yzyna dolanyp geljekmiş.

Ewangelistler ABŞ-nyň İýerusalimi Ysraýylyň paýtagty hökmünde ykrar etmeginden gaty hoşal. Ewangelistler Maýk Pens we beýleki agzalary arkaly Amerikan hökümetine güýçli täsiri ýetirmek mümkinçiligine eýe.

Netijede Ewangelistleri doly goldamaýan bolsa-da  Prezident Dolnad Tramp olary özüne ses berýän esas güýç hökmünde görýändigi üçin Ewangelistleriň isleglerini kanagatlandyrmaga çalyşýar. Wise-prezident Maýk Pens bolsa Ewangelistlere ähli taraplaýyn doly goldaw berýär. Ol ruhany Brunsona hem ynanjy sebäpli uly ähmiýet berýär. Prezident Tramp bolsa syýasy sebäplerden Bronsonyň boşadylmalydygyny isleýär.

Başdan geçirlen bu wakalaryň 24-nji iýundan soň NATO-nyň Brýusselde bolan maslahatynyň çäginde Türkiýe Respublikasynyň Prezident Erdogan bilen ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň arasyndaky içgin duşuşyga bap gelmeýändigi açyk aýdyň görünýär. Käbir töwereklere görä, Prezident Tramp aslynda Prezident Erdogan bilen ýakyndan gatnaşyk edip özara kynçylyklary ortadan aýyrmak isleýär. Emma Ewangelistler Trampyň daş-töweregini gurşap alypdyr we olar ellerine geçen her pursatdan peýdalanyp Trampyň Erdogan bilen ýakyndan gatnaşyk etmegini bökdemäge çalyşýar.

Beýleki tarapdan Brunson wakasy bilen ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda soňky ýyllarda birnäçe ugurda başdan geçirilýän düşnüşmezlik aç-açan ýagdaýa geldi. Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky ynam krizisi has-da çuňlaşdy. Beýleki tarapdan BRİKS-iň liderler maslahatyna gatnaşmak üçin Günorta Afrika Respublikasyna giden Prezident Erdoganyň Russiýanyň we Hytaýyň liderleri bilen boljak duşuşygynyň öňüsyrasynda Trampyň,  Türkiýe barada beren beýanaty ünsleri özüne çekdi. Şol beýanatda Gazna we Maliýe ministri Berat Albraýragyň Hytaýly firmalaryň Türkiýä 3,6 milliard dollarlyk karz bermegi baradaky işleriň tamamlanandygy hakyndaky beýanatynyň hem täsirininiň bardygyny aýtmak mümkin.

Ýetilen sepgitde Türkiýe bilen ABŞ-nyň başdan geçirýän kynçylyklaryny çözmek üçin täze başlangyçlat etmegi elbetde kyn däl. Bu elbetde ilkinji kynçylyk däl. Emma Trampyň hemleli beýanatlaryna dowam etmegi Türkiýede 2003-nji ýylyň 4-nji iýulyndaky Süleýmaniýe wakasyndan soň şu günki güne çenli artan anti-amerikan duýgularyny has-da güýçlendirer. Amerikan hökümeti Ewangelistleriň basyşyny gözegçilik astynda tutmaly, şeýle bolman halatynda ABŞ sebitdäki esasy hyzmatdaşlaryndan birini ýitirmek howpuna sezewar bolup biler.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç İpegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: sanksiýa , ewangelist , ruhany , ABŞ

Degişli Habarlar