Aktual Analiz 31

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Helsinkide geçiren maslahat birnäçe jähtden möhümdi

Aktual Analiz 31

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň Helsinkide geçiren maslahat birnäçe jähtden möhümdi. Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar soňky döwürde diýseň dartgynlaşypdy. Putiniň we Trampyň geçiren duşuşygynyň esasy ugurlary ýadro ýaragsyzlanma, Russiýanyň Amerikan saýlawlaryna goşulyşmagy, energetika syýasaty, Siriýa we Hytaý meselesinden ybarat boldy.

Taryhy taýdan Sowet Soýuzy bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlygyň möwjän döwürlerinde iki ýurduň gepleşiklerinde Finlandiýa bitarap zolak hökmünde saýlanyp alynýardy. Tramp bilen Putin şol däbe laýyklykda gepleşiklerini Finlandiýada geçirdi. Finlandiýanyň ýer eýeçiliginde geçirilen duşuşyk diňe bir özara gatnaşyklary üçin däl, bütin dünýä üçin möhüm ähmiýete eýedi.

Köp sanly metbugat wekiliniň gyzyklanma görkezen duşuşyklaryndan soň iki ýurduň lideri metbugata beýanat berdi. Trampyň metbugat beýanatyndaky çemeleşmesi we çykyşy Amerikan metbugaty hem-de syýasatçylary tarapyndan berk tankyt edildi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Russiýanyň Amerikadaky saýlawlara goşulyşmagy baradaky soraga, Trampyň Russiýanyň Prezidenti Putiniň ýanynda Amerikan edaralaryny tankyt edip, Russiýanyň beýanatlaryna ynanýandygy baradaky sözleri uly reaksiýa döretdi. Donald Tramp soň Helsinkidäki beýanatynda “wouldn’t” diýmegiň ýerine ýalňyşlyk bilen “woulg” diýendigini we şeýlelikde başga many aňladýan beýanat berendigini nygtap, Helsinkidäki sözlerini düzetdi.

Nähili bolanda-da Amerikan jemgyýetçiliginiň reaksiýasy Tramp bilen Putiniň duşuşygyny ikinji plana iten hem bolsa iki ýurt halkara derejesinde geosyýasy ähmiýetli meseleler barada pikir alyşdylar. İň bir esasy mesele iki ýurduň Hytaý barada geçiren gepleşiklerdi diýsek ýalňyşmarys. ABŞ-nyň Hytaýda öndürilýän harytlara garşy ykdysady söweş häsýetinde jeza salgydyny goýmak baradaky karary, ABŞ bilen Hytaýyň arasynda uly dartgynlyga sebäp bolupdy. Helsinkidäki duşuşykda ABŞ bilen Russiýanyň arasynda Hytaýa garşy hyzmatdaşlyk üçin ilkinji özara pikir alyşma boldy. Emma Russiýanyň we ABŞ-nyň Hytaýa garşy hyzmatdaşlyk döretmekden diýseň daşda durýandygy we şeýle hyzmatdaşlygyň ýakyn görünýändigini aýtsak ýalňyşmarys.

Helsinkidäki beýleki bir möhüm mesele bolsa Siriýa boldy. ABŞ we Russiýa esasanda günorta Siriýadaky wakalar barada pikir alyşyp, Ysraýylyň howpsyzlygy, Eýranyň günorta Siriýadaky güýçleri barada-da maslahat etdiler. Wladimir Putin Ysraýyl bilen Siriýanyň hökümetiniň arasynda 1974-nji ýyldaky şertnama laýyklykda ylalaşyk gazanylmagynyň mümkindigini öňe sürdi. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bolsa ABŞ-nyň Eýranyň Siriýadaky güýçleriniň galmagyny kabul etmejekdigini nygtady. Emma Tramp Eýrana garşy Siriýada nähili göçümler etjekdigi barada dil ýarmady.

Iki ýurduň liderleriniň arasynda geçirilen duşuşyk NATO-nyň maslahatynyň yzýanyndan guralypdy. NATO-nyň maslahartynda Germaniýany Demirgazyk Akymy-2 taslamasy sebäpli Russiýa garaşly bolandygyny beýan eden ABŞ-nyň Prezident Tramp, Helsinkidäki metbugat beýanatynda bu meseledäki kararyň Germaniýa degişlidigini aýtdy. Russiýanyň Prezidenti Putin bolsa halk köpçüliginiň öňünde ABŞ-na halkara bazarlaryndaky gazyň nyrhyny bilelikde kesgitlemek üçin teklibini ýenede bir gezek gün tertbine getirdi. Şeýlelikde Russiýanyň ykdysadyýeti gaz eksportyna garaşly bolandygy üçin halkara bazarlardaky energiýa nyrhlary gönüden Russiýanyň ykdysadyýetine täsir ýetirýär.

Helsinki duşuşygynyň esasy ugurlaryndan biri hem ýadro ýaragy meselesidi. ABŞ we Russ,ýa dünýädäki ähli ýadro ýaraglarynyň 90 göterimine eýe. İki ýurduň liderleriniň duşuşygynda dünýädäki ýadro ýaraglarynyň mukdaryny azaltmak üçin ABŞ bilen Russiýanyň arasynda bar bolan ylalaşygyň dowam etdirilmegi barada ylalaşyldy.

Helsinki duşuşygy Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky dartgynlyga sebäp bolýan meseleler esasan çözülmedik hem bolsa, iki ýurduň liderleriniň bitarap zolakda duşuşmagy we köp sanly meselede pikir alyşmagy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň azda kände hem bolsa kadalaşmagyna sebäp boldy.



Degişli Habarlar