Türk daşary syýasatyna syn 30

Tramp-Putin duşuşygy we şol duşuşygyň türk daşary syýasatyna ýetirjek täsirleri

Türk daşary syýasatyna syn 30

Helsinkide bolan Tramp-Putin duşuşygy hem özara gatnaşyklarda hem-de halkara jemgyýetçiliginde uly jedelleşige sebäp boldy. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Tramp-Putin duşuşygy we şol duşuşygyň türk daşary syýasatyna ýetirjek täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

2018-nji ýylyň 16-njy iýulynda dünýä halk köpçüligi diýseň täsin duşuşyga şaýatlyk etdi. Liberal dünýä ulgamynyň esaslandyryjysy we lider ýurt hökmünde häsiýetlendirilýän ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen şol ulgama garşy soňky ýyllarda berk tutum alyp barýan Russiýanyň lideri Wladimir Putin Finlandiýanyň paýtagty Helsinkide duşuşdy.

Trampyň Putin bilen bolan duşuşygy, Donald Trampyň günbatarly hyzmatdaşlary bilen  düşnüzmezlige sebäp bolan beýanatlaryndan we hereketlerinden soň boldy. Başdan geçirlen soňky wakalar Günbatarly ýurtlarda uly dartgynlyk emele getirdi. Täsin tarapy bolsa ABŞ bilen hyzmatdaşlarynyň arasyndaky dartgynlygyň, Trampyň ozalky bäsdeşleri bolan Russiýa, Hytaý we Demirgazyk Koreýa ýaly ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin tagalla edýän döwrüne gabat geldi. Başdan geçirlen bu soňky wakalar sebapli häzirki wagtda Ýewropada ABŞ-nyň liderlik ukuby we täsiri meselesinde uly jedelleşikler başdan geçirilýär.

Helsinki duşuşygyndan soň ABŞ-nyň Prezidenti Tramp, Russiýanyň ABŞ-da 2016-njy ýylda geçirlen saýlawa goşulşandygy barada öňe sürülýän garaýyşlar hakynda beýanat berdi. Trampyň bu meselede ABŞ-nyň merkezi razwetka gullugynyň habarnamalaryna däl, eýsem Putiniň mesele baradaky sözlerine ynanýandygynyny aýtmagy Amerikalylaryň garşylygyna sebäp boldy. Amerikan halk köpçüliginiň Trampyň beýanatyna berk garşylyk görkezendigi sebäpli Tramp sözlerini ýumşatmaly boldy. Emma şol beýanatlar şübheleri we aladalary ortadan aýyryp bilmedi.

Duşuşygyň iki sagatlyk metbugata ýapyk bölüminde seljerlen meseleler we alynan kararlar elbetde belli däl. İki lider hem duşuşygyň netijeli geçendigini aýtdy. Liderleriň özara duşuşykdan soň metbugata beren beýanatynda Siriýa barada aýdan sözleri käbir meselelerde ylalaşyk gazandyklaryny görkezýär. Ynsanperwer kömek üçin hyzmatdaşlyk edilmegi meselesi şol ugurlaryndan birini emele getirýär. Ysraýyl-Siriýa serhedinde ýagny Golan depesinde ara zolagyň döredilmegi we Eýrana-Hizbullaha tabynlykdaky güýçleriň şol zolakdan çetleşdirilmegi meselesi hem ylalaşyk gazanylan ugurlardan birini emele getirýär. Rus lideri Putin hem beýanatynda Ysraýylyň howpsyzlygyna uly ähmiýet berýändiklerini aýtdy. Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýan Demirgazyk Siriýanyň statusy, PKK-ÝPG-niň geljegi we serhet howpsyzlygy ýaly meseleleriň seljerlip seljerilmändigi we bu ugurlarda ylalaşyk gazanylyp gazanylmandygy barada bolsa resmi beýanat berilmedi.

Helsinki duşuşygy Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrmaýan ýaly görünýän bolsa-da syýasy, harby we ykdysady taýdan Türkiýä täsirini ýetirer.  ABŞ-nyň Prezidenti Tramp bilen Russiýanyň Prezidenti Putiniň Siriýa bilen Eýran meselesinde amala aşyrjak işleri, bu meselelerde gazanylan ylalaşyklar we düşnüşmezlikler  elbetde Türkiýäni ýakyndan gyzyklandyrýar. Ysraýylyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlarda iki lideriň Eýranyň Siriýadaky täsiriniň azaldylmagynyň öwezine ABŞ-nyň Siriýadan çykmagy babatynda ylalaşyk gazandygy öňe sürülýär. Şol habarlara görä, Eýranyň ýadro maksatnamasy meselesinde bolsa ylalaşyk gazanylyp bilinmedi. İki tarap hem bilinýän pozisiýasyny gorap saklaýar. ABŞ 2015-nji ýylda gazanylan ýadro ylalaşygynyň tekstine käbir üýgetmeleriň girizilmegini isleýär. Russiýa bilen ÝB-ne agza ýurtlar bolsa ylalaşygyň tekstine doly goldaw berýär.

Tramp bilen Putiniň duşuşygy Russiýanyň Siriýada esasy aktýordygyny subut etdi diýip bileris. Emma heniz iki lideriň arasynda Siriýa meselesinde öňe sürülşi ýaly söwdalaşygyň bolandygy barada pikir etmeýärin. Hawa, Putin Ysraýylyň ynjalmagy üçin Eýrany çäklendirmegi teklip eden bolup biler. Emma bu Eýranyň dolulygyna Siriýadan çykaryljakdygy manysyny aňlatmaýar. Beýleki tarapdan bolsa Eýran bu oýunda galmak üçin resmi Moskwa bilen diplomatik gepleşiklerini dowam etdirýär. Helsinki duşuşygynyň öňüsyrasynda Ali Akber Welaýetiniň Putin bilen bolan duşuşygy hem bu meselede bolan bolsa gerek.

ABŞ bilen Russiýa Siriýa meselesinde hyzmatdaşlyk eden halatynda Siriýada iki ýurt bilen hem işleşip biljek ýeke-täk aktýor bar ol hem Türkiýe. Şol sebäpli hem Siriýada öňümizdäki etapda Türkiýe esasy rol oýnap biler.

Tramp ýurdunda döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň görkezen garşylygyna garamazdan Putin bilen gatnaşyk etmegi saýlap aldy. Amerikan hökümetine ýakyn töwerekler Trampyň edil şonuň ýalyda Prezident Erdogan bilen ýakyndan gatnaşyk etmek isleýändigini öňe sürýär. Şeýlelikde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklarda täze döwrüň başlamagyny isleýär.

NATO-nyň liderler maslahatynda Erdogan bilen Trampyň arasyndaky içgin salamlaşyk hem ABŞ-da “Tramp Putin bilen bolşy ýaly Prezident Erdogan bilen hem ýakyndan gatnaşyk etmäge taýarlanýar” hökmünde analiz edildi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar