Aktual Analiz 30

Terror guramasy “NSU” baradaky kazyýet işi, rasizm we islamafobiýa

Aktual Analiz 30

 

 

Terror guramasy “NSU” baradaky kazyýet işi 5 ýyl soň tamamlanan hem bolsa, şübheler we näbellilikler dowam edýär. Terror guramasy NSU-dan netije çykarjakdygyny öňe süren nemes hökümetinde we jemgyýetinde bolsa rasizm we islamafobiýa barha ýaýbaňlanýar.

Germaniýada 8 sanysy türk jemi 10 adamy öldürmekde, bank soýmakda we bombaly hüjümleri guramakda aýyplanan Nasional sosialist terror guramasynyň kazyýet işi tamamlanyp barýar. Mýunheniň ýokary ştat kazyýetinde 5 ýyldan gowrak dowam eden kazyýet işiniň esasy günälisi Beat Zşap bilen birlikde gurama kömek beren 4 adamy sud edildi. Zşap ömür boýy azatlykdan mahrum edildi. Beýleki 4 raýata dürli möhletlerde azatlykdan mahrum edilme jezalary berildi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Prokurotura we Germaniýanyň howpsyzlyk gulluklary terror guramasy NSU-nyň 3 adamdan ybaratdygyny beýan edýär. Beat Zşap bilen birlikde NSU-nyň beýleki agzalary Uwe Bohnhard we Uwe Mundlosyň 2011-nji ýylyň 4-nji noýabrynda banky soýandan soň gizlenen karawanlarynda öldürilmekleri we olaryň öz janlaryna kast edendikleriniň öňe sürülmegi köp sanly şübhe döretdi. Şeýle-de NSU baradaky kazyýet işiniň baş günäkäri Beat Zşapyň NSU-nyň agzalarynyň ulanan soňky öýüni oda berenden birnäçe gün soň polise boýun egmegi we terror guramasy NSU-nyň Konstitutsiýany goraýyş guramasy bilen arabaglanşykly bolmagy kazyýet işiniň käbir gizlin taraplarynyň bardygy dogursyndaky şübheleri güýçlendirdi. Esasanda Germaniýanyň içerki howpsyzlyk gullugy bolan Konstitutsiýany goraýyş edarasynyň NSU bilen bagly 130 delony ýok etmegi, NSU-nyň aňyrsyndaky ähli hakykatyň hiç haçan ýüze çykmajakdygyny görkezýär. Şeýlelikde degişli aklawçylar terror guramasy NSU-nyň 3 adamdan ybaratdygyna ynanmaýar.

NSU işiniň tamamlanandygyna garamazdan howpsyzlyk gulluklarynyň, esasanda Konstitutsiýany goraýyş guramasynyň aslyna seredilende NSU barada näme bilýändigi soragynyň jogaby tapylmady.

Terror guramasy NSU tarapyndan edilen jenaýatlardan soň nemes howpsyzlyk gulluklary ilki bilen ejir çekeniň hossarlaryndan şübhelenipdi we rasist jenaýat bolma ähtimallygyny kabul etmändi. Nemes mediasy bolsa terror guramasy NSU-nyň ýüze çykmagyndan ozal edilen jenaýatlary “döner jenaýatlary” hökmünde häsýetlendiripdi. Nemes howpsyzlyk gulluklarynyň ähli maglumatlara sowuk-sala çemeleşmekleri we jenaýatlaryň aňyrsynda rasist terror guramasynyň durýandygy baradaky ähtimallygy ünsden düşürmegi sebäpli terror guramasy NSU uzak ýyllaryň dowamynda jenaýatlaryny dowam etdirdi we jemi 10 adam pida boldy.

Terror guramasy NSU işiniň tamamlanmagy bilen birlikde şol bir wagtda Germaniýadaky rasizmiň we islamafobiýanyň ýaýbaňlanmagynyň görkezijisi bolan aşa sagçy AFD partiýasy jemgyýetçilik seljermelerine görä nemes syýasatynda iň uly goldaw berýän 2-nji partiýa derejesine göterildi. AFD-niň 2-nji partiýa derejesine göterilmegi bilen bilrikde rasizmiň we islamafobiýanyň nemes syýasatynda hem-de nemes jemgyýetinde ornaşandygyny aýtmak ýalňyş bolmaz. Uzak möhletden bäri jemgyýetde bar bolan daşary ýurtly duşmançylygy we yslam garşydaşlygy indi AFD bilen has-da mese-mälim duýulmaga başlady.

Emma diňe bir AFD-niň güýçlenmegi däl, şol bir wagtda hökümete şärik bolan Hristiýan sosialistleriň hem AFD-niňkä meňzeş pozisiýa eýeläp daşary ýurt duşmançylygyna we islamafobiýa meçew berýän diskurslara eýe bolmagy hem-de iş alyp barmagy Germaniýanyň özgerendigini görkezýär. 2-nji Jahan urşundan bäri nemes jemgyýetinde ilkinji gezek rasizm we belli bir dine garşy duşmançylyk şeýle güýçlendi.

Nemes jemgyýetiniň özgerendigini görkezýän beýleki bir görkeziji bolsa Nemes milli komandasy. 2014-nji ýylda dünýä çempiony bolan Nemes milli komandasy uzak ýyllaryň dowamynda integrasiýasynyň we köp medeniýetli ýaşaýyşyň üstünligi hökmünde görülýärdi. Mesud Özil, Ilkaý Gündogan, Sami Khedira, Lukas Podalski, Jerome Boateng ýaly köp sanly migrant maşgalalaryň çagalary Nemes milli komandasy üçin der döküpdi. Emma Nemes milli komandasy hem rasizmden öz nesibesini aldy.

Ilkinji uly skandal AFD-niň başlygy Aleksandr Gaulandyň “Millet Boatengi” goňşulykda islemeýär” diýlen beýanaty bilen ýüze çykypdy. İkinjisi bolsa Mesud Öziliň we Ilkaý Gündogdynyň Türkiýäniň Prezidenti R.T.Erdogan bilen Britaniýada surat aldyrmagyndan soň başdan geçirildi. Şeýlelikde Nemes milli komandasynyň Russiýada dowam edýän dünýä kubogynda toparara bäsleşikde ýeňilmeginiň jogapkäri hökmünde Mesud Öziliň prezident Erdogan bilen aldyran suraty yglan edildi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar