Global Perspektiwa 30 Günbatara “Degişli” Nähili Pozisiýa Eýelenmeli?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa 30 Günbatara “Degişli” Nähili Pozisiýa Eýelenmeli?

 

Günbatara “Degişli” Nähili Pozisiýa Eýelenmeli?

Soňky iki ýüz ýyldan bäri günbatarly däl jemgyýetleriň tas ählisinde az ýa-da köp günbatarlaşma tapgyry başdan geçirilýär. Bu netije aslyna seredilende günbataryň we onuň medeniýetiniň bu tapgyrda eýeleýän dominant özboluşlygyndan gelip çykýar. Günbatar bilen göreşlerinde ýeňilen jemgyýetler çözgüt hökmünde belli bir derejede günbatarlaşma tapgyryny başdan geçirýärler.

Günbatarly bolmadyk jemgyýetleriň günbatardan ýeňilmekleriniň sebäbi elbetde diňe günbatardaky wakalar däl. Şol jemgyýetleriň öz taryhlaryndan, däp-dessurlaryndan we medeniýetlerinden döwrüň talaplaryna laýyk peýdalanyp bilmezlikleri, özboluşly başlangyçlary bilen ýüze çykan talaplary ýa-da howplary ortadan aýyryp bilmezlikleri, bar bolan şertleriň belkem iň esasy sebäbidir. Şol jemgyýetler özlerine mahsus başlangyçlary, ontologik çemeleşmesi, epistemologik garaýyş bilen tagallasyny dowam etdiren halatynda geljeki asyrlara ýetip bilerler.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Şol jemgyýetleriň tagallalary şübhesiz dowam eder. Emma durmuşam dowam edýär. Günbatarly bolmadyk jemgyýetler “ilki özlerini özgertsinler, soň günbatar bilen gatnaşyk açsyn” diýmek ýerlikli bolmaz. Bir tarapdan şol tagallalaryny dowam etdirýärkä beýleki tarapdan dünýä bilen gatnaşyklaryny dowam etdirerler. Çünki durmuş üznüksiz dowam edýär. Bu taýda öz ontologik pozisiýasyny kesgitlemezden günbatarly däl jemgyýetleriň günbatar we onuň medeniýeti bilen nähili gatnaşyk açjakdygy, günbatar boýunça nähili pozisiýa eýelejekdigi soragy ýüze çykyp biler. Yslam ýaly beýik medeniýetler köksiz medeniýetlerden däl. Uzak asyrlyk tejribeleri, tapawutly jemgyýetleri bilelikde ýaşatma ukyby bilen häzirki wagtda onsuz hem öz maýagyna eýe. Şol maýak şu günki günde bar bolan meseleleriň çözülmegi üçin artykmajy bilen ýeterlik. Galybersede din hökmünde yslamyň gelişi hem bir gezekde däl, eýsem durmuşda ýüze çykýan şertlere baglylykda praktika esaslanýar.

Günbatarly däl jemgyýetler bir tarapdan özlerini öz köklerinden ýaňadandan köp taraply ösdürmek ugrundaky tagallasy dowam edýän bolsa, günbatar boýunça nähili pozisiýa eýelärler?

Bu soragyň jogaby düýnem möhümdi, emma şu günki günde hasam möhüm. Günbataryň soňky iki asyrlyk möhletde bütin dünýädäki täsiri güýçlendi. Has möhümi şu günki günde günbatarly däl jemygýetlerden onlarça million adam günbatarda ýaşaýar. Ýaşaýan sebiti bilen, günbatarly jemgyýetler bilen açjak gatnaşyklary iňňän möhüm.

Hem basybalyjy syýasatlary sebäpli günbatarly däl jemgyýetlerde, hem assimilasion syýasatlary sebäpli günbatarda ýaşaýan daşardan gelen jemgyýetlerde günbatara bolan garşylyk iňňän giňden ýaýran. Günbataryň basybalyjylykly ýa-da assimilasion syýasatlaryna duçar bolan adamlaryň garşylyk duýgusy düşnüklidir. Şonuň bilen birlikde käte bu garşylyk duýgusy diňe bir günbatar bilen çäklenmeýär, durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alyp bilýär. Anti-günbatar, anti-modernist, anti-kapitalist, anti-globalist çemeleşmeler ähli ugurda görlüp bilner. Garşydaşlyk duýgusy käte adamlaryň ýaradana berdik güýçlerini garşy bolan zatlaryna bermeklerine çenli baryp ýetýär. Döwrebaplyga, globallaşma, gübanbatar, sionizme, bütin dünýäni gönükdirişleri ýaly, isleýän ähli zadyna eýe boluşlary ýaly adatdan daşary güýç berip bilýärler.

Şübhesiz günbatarda we medeniniň düzüminde garşy durulmaly köp zat bar. Ýalňyşlyk ynam bilen analizlerden soň edilýän garşy durmalar däl, uçdantutma garşylyklar. Belkem bir çäresizlik, ýeňilmek, gurşaw astyna alynmak, kemlik duýgusy bilen ähli zada garşy durmak we garşy bolan zadyna gudratly güýç hökmünde çemeleşmek adamlary rahatlandyrýan bolup biler. Halk köpçüligi, esasanda ýaşlar üçin özüne çekiji bolup biler. Garşydaşlyk arkaly köp zat ýumrulyp biler. Emma garşydaşlyk ýa-da bir zadyň öwezinde özboluşly garaýyşy bolan hiç zat gurulmaz. Haýsydyr bir adamyň, ideologiýanyň, garaýyşyň özüni garşy bolan zady arkaly kesgitlemegi, özüne garşy bolan zady anyklamagy, dizaýn etmegi diýmekligi aňladýar. Garşydaşlyk arkaly özüni kesgitlemek tersinden garşy bolunan zada boýun egmeklikdir.

Beýleki tarapdan bir reaksionerlik bilen garşydaş pozisiýa eýelemek ähli rahatlandyryjy özboluşlygyna garamazdan gurşaw astyna alynmagy has-da çuňlaşdyrmakdan, durmuşdan, dünýäden we hakykatdan has üzňeleşmekden başga ňäme netije berer? Diňe bir garşydaş pozisiýa eýelemek adamyň özüni seljermegini, garşy durulýan zadyň dogry taraplaryny we hyzmatdaşlyk ähtimallyklaryny ortadan aýyrýandygy üçin çözgütsizligi we başdan geçirilýän çäresizligi hasam çuňlaşdyrar. Haşhaşiler bilen haçparazlaryň arasyndaky gatnaşyk şu günki günde radikal akymlar bilen günbataryň käbir howpsyzlyk gulluklarynyň arasyndaky gatnaşyk onuň iň anyk mysallary. Eýsem şu günki günde gerek bolan zat meseleleriň üssüne ynam bilen gitmeklikdir. Şol sebäpli garşydaşlygyň gyzgalaňyna, retorik bezeglere, intellektual ýaňralyklara aldanman, ynamly we sagdyn pikirli ganaşyk açmak has amatlydyr. Meselä şeýle çemeleşenimizde söze “Günbatara garşy” däl, “Günbatar boýunça” nähili pozisiýa eýelenmeli soragy bilen başlamaly. Çünki “Günbatara garşy” sözi, entek meseläniň başynda garşydaşlygy beýan edýär. Garşydaşlyk bilen eýelenjek ähli pozisiýa bizi ýolumyzdan azaşdyrar, tersine garşy bolan zadymyzyň kesgitleýji özboluşlygyna boýun egmek bilen netijelener. Beýleki tarapdan “Günbatara garşy” pozisiýa eýeleme tagallasy tebigy ýagdaýda günbatary üns merkezine alýan pozisiýa eýelemeklikdir. Eýsem günbatarly däl jemgyýetleriň öz dini ynançlaryna, medeniýetlerine laýyklykda pozisiýa eýelemekleri has ýerlikli bolar. Biziň nukdaý nazarymyzdan bolsa garaýyşymyz yslamy we medeniýetimizi, öz taryhymyzy we medeniýetimizi kesgitlemeli.

Eýsem şu günki şertlerde günbatar boýunça nähili pozisiýa eýelenmeli, haýsy garaýyşa eýe bolunmaly?

Bu diskusiýa täze diskusiýa däl. Iki ýüz ýyldan gowrak geçmişi bar. Analizimi şol tejribelere laýyklykda dowam etdireris.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar