Türk daşary syýsatyna syn 29

Terrora garşy göreşde Afrinden soňky nyşana: Manbij

1015848
Türk daşary syýsatyna syn 29

Türkiýe Respublikasy terrora garşy göreşde ugruny Afrinden soň Manbije öwürdi. Manbij bilen baglanşykly Türkiýe bilen ABŞ-niň arasynda ylalaşyk gazanyldy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Manbij meselesini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy-işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň bu günki temamyz bilen baglabşykly analizini dykgatyňyza ýetirmekçi.

Manbij Halap welaýatyna degişli, şäheriň gündogarynda ýerleşýän bir etrap. Ýewfrat derýasyna 35 km, Türkiýäniň serhedine bolsa 40 km uzaklykda ýerleşýär. Halapyň gündogarynyň iň möhüm ýaşaýyş merkezi. Hem ilat taýdan hem-de meýdany taýdan uly bir etrap. Eýe bolan tebigy baýlyklar, önümçilik we ammar desgalary we Rakkadan Halapa çenli uzap gidýän sebitdäki söwda merkezi bolmagy bilen ykdysady taýdan hem möhüm bir ýer. Sebitiň elektrik togy we suw zerurlygy Manbijiň çeşmelerinden üpjün edilýär. Manbije gözegçilik edýän Halap bilen Rakkanyň arasyndaky geografiýadaky ykdysadyýete, tebigy baýlyklara we söwda gözegçilik edip bilýär.

Manbij Siriýada 2011-nji ýylda başlan halk gozgalaňyna iň başyndan başlap goldaw berdi. Etrap 2012-nji ýylyň 17-nji iýulynda oppozisionerleriň gözegçiligi astyna geçdi. DAIŞ bolsa ilkinji gezek 2013-nji ýylyň aprel aýynda şähere girmäge başlady. Bu etapda Manbijli oppozisionerler bilen DAIŞ-iň arasynda kiçiräk çaknyşyklar boldy. Halkyň hem DAIŞ-e bolan nägileliginiň artmagy bilen 2014-nji ýylyň başynda Manbijli toparlar öz aralarynda DAIŞ-i Manbijden çykarmak üçin ylalaşdylar. Oppozisionerler 2014-nji ýylyň ýanwar aýynda DAIŞ-i Manbijden çykardylar. Şäher 15 günüň dowamynda oppozisionerleriň gözegçiligi astynda boldy. Ondan soň DAIŞ Manbije has güýçli ýagdaýda hüjüm etdi we 2014-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda şäheri basyp aldy. Ondan soň bolsa ABŞ tarapyndan goldanýan ÝPG/SDG güýçleri şäheri DAIŞ-den basyp aldy.

Manbijiň demografik gurluşyna taryhy taýdan ser salynanda geterogen bir häsýete eýedigini görüp bileris. Emma soňky 50 ýylda üýtgän ilat gurluşy netijesinde Manbij sünni arap şahsyýeti bilen öňe çykan bir şäher boldy. 2017-nji ýylyň ahyrynda etrabyň jemi ilatynyň 600 müňe golaýlaşandygy çak edilýär.

Şäherde ýaşaýan we manbijli bolup başga sebitlerde ýaşaýşyny dowam etdirýän çeşmeleriň beren hasabatyna görä Manbijde etniki toparlaryň ilat sany takmynan şu ýagdaýda: %90 Arap, %5 Kürt, %4 Türkmen, %1 Çerkez.

Manbijdäki türkmen obalary şäher merkeziniň demirgazygynda ýerleşýär. Şäheriň demirgazygynda 8 sany türkmen obasy bar.  Şäheriň merkezinde hem türkmenleriň ilaty 4-5 göterime deň. Manbijde türkmenler has hem uly maşgalalar bolup ýaşaýarlar. Emma araplar tarapyndan köpçülikleýin türkmen taýpasy hökmünde häsýetlendirilýär.

Manbijde DAIŞ bolan mahaly halkyň ýeke täk islegi DAIŞ-den halas bolmakdy. Şol sebäpli PKK/ÝPG-e şähere giren mahaly ol diýen garşylyk görkezilmedi. Wagtň geçmegi bilen Manbijiň halkynyň PKK dolanşygyna garşy garaýşynda üýtgeşiklikler orta çykmaga başlady. PKK-nyň basyşyny artdyrmagy we PKK-a ýakyn bolan kürt ilatyny öň hatara çekmek düşünjesi bilen hereket etmegi halkyň garaýşyny üýtgetdi. PKK-a şäherdäki garaýşa ýaramaz täsir ýetiren beýleki bir faktor bolsa, ýönekeý hyzmatlaryň edilmeginde kynçylyklaryň artmagy.

PKK/ÝPG Manbijde strategik taýdan wajyp gören ýerleri üçin mejbury migrirleme gollanmasyna ýüz tutýar. Bu ugurda PKK-nyň manbijlileriň emläklerini öz adyna geçirmegi bolsa ýygy-ýygyndan başdan geçirilýän bir ýagdaý. Eger bir adam arap ýa-da türkmen bolsa bu ugurda kynçylyk başdan geçirmek ähtimallygy ýokary. Ýewfrat galkany operasiýasy bilen saplanan sebitde ýa-da Türkiýäniň içinde syýasy hereketler eden manbijliler bar bolsa, olaryň we dogan-garyndaşlarynyň baýlaklary ellerinden alynýar. Mysal üçin özi hem Manbijiň tanalýan maşgalalarynyň biri bolan Siriýa türkmen mejlisiniň başlygy Dr. Wejih Jumanyň maşgalasynyň Manbijdäki emlägi PKK/ÝPG tarapyndan alyndy.

PKK-nyň Manbijden çekilmek islemeýändigi hakykatdyr. Terror guramasy bu ýerde köp galjakdygyny pikir edip, Manbiji adyny hem Mabuk diýip üýtgetdi. PKK ABŞ tarapyndan goldanmazlyga başlanmagyndan soň Manbijde hem galyp bilmeginiň mümkin däldigini örän gowy bilýär. Sebäbi Türkiýe soňky wagtlarda Manbij bilen bagly basyşlaryny artdyrdy. Bu basyşlar ABŞ-ni Manbij babatynda NATO-da hyzmatdaş bolan Türkiýe bilen terror guramasy PKK-nyň arasynda umumy bir ýol tapmaga iterdi. Bu tagallalar 2018-nji ýylyň iýun aýynda netije berdi. ABŞ we Türkiýe Manbij meýilnamasynyň üstünde ylalaşdy. Şoňa laýyklykda PKK/ÝPG ähli ýaragly güýji bilen şäherden çekiler, ABŞ we Türk goşunlary sebitde umumy ýagdaýda patrullyk eder, Manbij üçin täze bir geňeş emele getiriler we Manbijiň ýaşaýjylarynyň öýlerine gaýdyp gelmekleri üpjün ediler. Iki ýurt Manbij nusgasyny Ýewfrat derýasynyň gündogary üçin hem ýola goýulmagy babatynda ylalaşdy.

Türkiýe ABŞ bilen gazanylan ylalaşyk bilen ortadaky ýagdaýyň arasynda uly bir tapawudyň bardygyny bilýär. Emma edilen çäkli ädimleri häzirlikçe geçiş etabynyň bir bölegi hökmünde görýär. Bu dogry bir göçüm, sebäbi ädimleriň özi hem Manbijde konstruktiw täsir ýetirip biler.

Öňümizdäki etapda näme bolsa bolsun, Türkiýäniň PKK terroryna garşy göreşini bes etmegine garaşmaýaryn. Şol sebäpli Manbij we Ýefrat derýasynyň gündogary babatynda gazanylan ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmek etabynda mesele ýüze çykan halatynda Türkiýäniň we ABŞ-niň ýüz-ýüze gelmek ähtimallygy bar. Şol ýagdaýda Türkiýäniň öz göbegini özüni kejekdigi äşgärdir. Hawa Türkiýe Manbij we Ýewfrat derýasynyň gündigaryny PKK-dan saplamak üçin has köp energiýa, wagt we çeşme sarp etmek ýagdaýyna düşüp biler. Emma bu ýagdaý Türkiýäniň tutanýerliligine täsir ýetirmez. Sebäbi munyň başga bir mysalyny Afrinde/Zeýtun şahajygy operasiýasynda  bütin dünýä görkezdi.

 



Degişli Habarlar