Türk daşary syýasatyna syn 26

Katar krizisi we Türkiýe-Katar gatnaşyklary

Türk daşary syýasatyna syn 26

2017-nji ýylyň 23-nji maýyndan 24-nji maýyna geçilýän gije Kataryň habar gullugynyň heklenmegi bilen başlan 5-nji iýunda birnäçe arap ýurdunyň diplomatik gatnaşyklaryny saklap, deňiz, howa we gury ýer gatnawyny kesip Dohany gabaw astyna almagy bilen başlan halkara Katar krizisiniň üstünden bir ýyl geçdi. Biz hem synymyzyň bu günki sanynda Katar krizisi we Türkiýe-Katar gatnaşyklaryny analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Bir ýyl ozal ilki Saud Arabystanynyň, Birleşen Arap Emirlikleri bilen Müsüriň başda durmagynda käbir Arap ýurtlary dürli günäkärlemeler bilen Katar bilen edýän diplomatik gatnaşyklaryny saklady. Bu ýagdaý Pars aýlag sebitinde soňky döwürdäki iň uly diplomatik krizise sebäp boldy. Diplomatik gatnaşyklaryň saklanmagy Trampyň ýolbaşçylygyndaky Amerikan hökümetiniň üsti bilen “Katar bilen edýän gatnaşyklaryňyzy gözden geçiriň” basyşynyň artýan döwrüne gabat geldi. Saud Arabystany bilen birlikde käbir arap ýurtlar Katary terrora goldaw bermekde günäkärledi. Emma şol ýurtlar bu garaýyşlaryny tassyklap bilmedi.

Katar Pars aýlagynda kiçi emma syýasy we ykdysady taýdan güýçli ýurtlardan biri. Katar tebigy gaz ätiýajy taýdan dünýäde üçünji orny eýeleýar. Tanymal uniwersitetlere, ylmy barlag guramalaryna we Al Jezira ýaly halkara köpçülikleýin habar beriş serişdesine ýer eýeçiligini edýär. Katarda daşary ýurtlaryň harby bazalary bar. Katar Türkiýe bilen hem ýakyndan gatnaşyk edýär. Kataryň sebitde Türkiýe bilen energetika we harby taýdan ýakyndan gatnaşyk etmeginiň we Türkiýäniň Katarda harby bazasynyň bolmagynyň käbir Aýlag ýurtlaryny biynjalyk edýändigini bilýäris.

Katar sebitdäki demokratiýalaşmak hereketlerine berýän goldawy sebäpli arap halklarynyň arasynda uly arbaýa eýe. Katar üstünlikli ýumşak güýji bilen sebitara hem-de halkara derejesinde täsirli ýurt. İňlis we arap dilinde ýaýlym berýän Al Jezira bilen Katar sebitara we halkara derejesinde ünsleri özüne çekýär.

Katar Pars aýlagyndaky beýleki ýurtlara görä,alyp barýan has liberal syýasaty bilen ünsleri özüne çekýär. Arap bahary etabynda oppozisia hem-de reformaçy aktýorlara goldaw bermegi Aýlag ýurtlarynyň Katara garşy tutum alyp barmagynyň özenini emele getirýär.

Katary Saud Arabystany, Birleşen Arap Emirlikleri, Müsür we ABŞ tarapyndan nyşana ýagdaýyna getirýän esasy sebäplerden biri hem resmi Dohanyň alyp barýan täsirli daşary syýasaty. Türkiýe bilen Kataryň Siriýada Asada garşy sowatly oppozisionerlere goldaw berýändiklerini bilýäris. Türkiýe bilen Katar Ženewa we Astana etaplarynda oppozisionerleriň stolyň başyna oturmagynda hem esasy rol oýnady.

Katar bilen Türkiýe ykdysady taýdan hem ýakyndan gatnaşyk edýär. Kataryň Türkiýedäki maýa goýumlarynyň gymmaty 20 milliard dollara golaý. Katar krizisiniň başlan günlerinde Türkiýäniň öňünde iki alternatiw bardy. Birinjisi bitarap syýasat, ikinjisi bolsa işjeň syýasat alyp barmakdy. Türkiýe ikinji alternatiwi saýlap aldy we türk diplomatyýasy Katar krizisiniň çözülmegi üçin işe girişdi. Türkiýe Kataryň azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagy üçin ilkinji etapda gabawa garamazdan Katary azyk bilen üpjün etdi. Katar bilen baglaşylan harby şertnama Mejlis tarapyndan tassyklandy we türk esgeri Katara ugradyldy.

Türkiýe hyzmatdaşy Katara goldaw berýärka deňagramly syýasat alyp bardy. Prezident Erdoganyň Katardaky türk harby bazasynyň  “tutuş Pars aýlagynyň howpsyzlygyna we durnuklylygana berilýän ähmiýeti görkezýändigini” nygtamagy diýseň möhümdi. Hatda şol günlerde Şa Şalmana şuňa meňzeş harby bazanyň Saud Arabystanynda gurulmagyny teklip etmegi we Türkiýäniň sebitiň durnuklylygyna nähili ähmiýet berýändigini görkezýän başga bir mysal. İlkinji etapda Katara goldaw berilýärkä parahatçylyk ýüzlenmesini bermekden ýüz öwürmedik Türkiýe, sebitinde täsirli güýçdigini subut etdi.

Katar maliýe taýdan hem halkara derejesinde esasy rol oýnaýar. Halkara maýa goýumlary bilen soňky ýyllarda Kuweýt we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly Aýlag ýurtlarynyň öňüne geçdi. Tebigy gaz atiýajy taýdan dünýäniň 3-nji, nebit ätiýajy taýdan 13-nji ýurdy bolan Katar ykdysady taýdan uly öňe gidişlik etdi

Katar ýurduň içinde hem döwrebaplaşma taýdan uly öňe gidişlik etdi.

1913-nji ýylda türkler iňlisler bilen baglaşylan şertnama laýyklykda Katardan çekilmegi kabul edýar. Emma 1915-nji ýylda Katardan çekilýär.  Döwrümizde türkler Katar bilen birnäçe ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Şu günki günde Katar bilen Türkiýe Ýakyn Gündogaryň durnuklylygy üçin netijeli derňagramly syýasat alyp barýar. Ýakyn Gündogarda esasy rol oýnaýan Türkiýe bilen Katar ýardamsöýerligi, töwellaçylygy we işjeňligi bilen hem sebitara we halakra derejesinde öz tasirini gorap saklaýar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.

 



Degişli Habarlar