Global Perspektiwa 26

2018 saýlawlary: Durnuklylygawe prezident dolanşygy ulgamyna dowam

Global Perspektiwa 26

Global Perspektiwa 26

Türkiýede 27-nji parlamentwe ilkinji prezidentlik saýlawy geçirildi.

Saýlawyň netijelerine görä 52,5 göterim ses alan Adalatwe ösüş partiýasynyň başlygy Prezident R. T. Erdogan birinji tapgyrda prezident dolanşygy ulgamynyň ilkinji prezidentligine saýlandy. Erdogandan soň Respublikan halk partiýasyndan prezidentlige dalaşgär bolan Muharrem İnje sesleriň 30,06 göterimini aldy. Adalatwe ösüş partiýasy 2002-nji ýyldan bäri 2005-nji ýylyň iýun aýynda geçirlen saýlawdan soň ilkinji gezek Mejlisde esasy köplüge eýe bolup bilmedi.

Ankara Ýyldyrym Beýazit uniwersitetiniň Syýasy ylymlar fakultetinin dekany Prof. Dr. Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Aç-açan, durnuklywe demokratik şertlerde geçen Türkiýäniň ilkinji prezidentlik saýlawy baradaky ilkinji analizler aşakdaky ýaly beýan edilip bilner:

Ýokary gatnaşyk: Bellige alynan 60 milliona golaý saýlawçynyň 87,5 göterimi saýlawda ses berdi. Şol san aç-açanwe bäsleşikli geçen saýlawlar Türkiýewe esasan dünýä ýurtlary taýdan rekord gatnaşyk hökmünde görlüp bilner. Saýlawa bolan ýokary gatnaşyk Türkiýäniň 1876-njy ýylda başlan demokratiýa ýörişiniň güýçliwe açyk görkezijisidir. Sosial mediýada hem beýan edilşi ýaly “Günbatar ýurtlarynda saýlaw gutusy bar, ýeterlik saýlawçy ýokwe gündogarly ýurtlarda saýlawçy bar emma saýlaw gutusy ýok mahaly” Türkiýede saýlaw gutusynyňwe saýlawçynyň şol birwagtda bolmagy demokratiýanyň geljegi taýdan möhüm.

Saýlawçy  syýasy durnuklylygyň dowam etmegini isleýär:Adalatwe ösüş partiýasy 2002-nji ýyldan bäri 5-nji gezek yzly yzyna saýlawda üstünlik gazandy. Türkiýäniň syýasy taryhynda şeýlewakda ozal başdan geçirilmändi. Demokratik ýurtlarda hem yzly yzyna 5 gezek saýlawda üstünlik gazanan başga partiýa seýrek gabat gelinýär. Häkimiýetiň başyndaky Adalatwe Ösüş partiýasynyň saýlawda gaýtadan üstünlik gazanmagy saýlawçynyň umuman alnanda hoşallygynyňwe syýasy durnuklylygyň dowam etmigini isleýändiginiň görkezijisidir. Saýlawyň netijesi oppozisianyň tankydy bellikleriniň saýlawça ýeterlik derejede täsirini ýetirmändigini görkezdi.

Saýlawçy Prezident dolanşygy ulgamy ýene-de bir gezek goldaw berdi: Oppozisiadaky partiýalardan ybarat bolan “Millet” arkalaşygy saýlawlardan öň, saýlawda üstünlik gazanylan halatynda Parlamentar ulgama gaýdyp geljekdikleri baradawada berdiler. Şol sebäpli hem bu saýlawlar 2016-nji ýylda kabul edilen prezident dolanşygy ulgamynyn ýaňadandan sese goýulmagy hökmünde kabul edilip bilner. Geçirlen ähli halk sese goýulşygynda Prezident dolanşygy ulgamy sesleriň 51,4 göterimi bilen kabul edilipdi. Prezident R. T. Erdogan bolsa ses sanyny has-da artdyrdy.

Prezident Erdoganyň saýlawda alan 52,5 göterimlik sesi saýlawçy tarapyndan prezident dolanşygy ulgamynyň ýene-de bir gezek kabul edilmegi hökmünde analiz edilip bilner.

Partiýalararasy geçiş:Saýlawyň netijeleri partiýalaryň ählisinde diýen ýaly partiýalaryň arasynda belli mukdarda başga bir partiýa geçişleriň bolandygyny görkezýär. Adalatwe ösüş partiýasynyň (AKP) saýlawçysy Milletçi hereket partiýasyna(MHP), Jemhuriýet halk partiýasynyň (JHP) saýlawçysynyň Gowy partiýa (İÝİ)we Halklaryň demokratik partiýasyna (HDP)ses berendigi ünsleri özüne çekýär. Prezident Erdogan saýlawyň netijeleriniň belli bolmagyndan soň däbe öwrülen adaty Balkon çykyşynda Adalatwe ösüş partiýasynyň alýan sesleriniň azaldygyny bilýändikleriniwe degişli çäreleriň görülmegi üçin gyssagly işe girişjekdiklerini häzirden yglan etdi. Prezidentlige dalaşgärler Erdogan bilen İnjäniň partiýalaryndan has köp ses almagy bolsa şol liderleriň beýleki partiýalardan hem ses alandyklaryny görkezýär. Bu meselede Erdoganyň kürt saýlawçylaryndan hem belli mukdarda ses alandygyny aýtmak mümkin.

Haýsydyr bir partiýanyň saýlawçysynyň başga partiýalara hem ses berip biljekdigini görkezmegi demokratiýa taýdan diýseň möhüm. Partiýalararasy geçiş syýasy partiýalary saýlawçylarynyň garaýşyna has köp üns bermeklerine mejbur edýär.

Mejlisdäki ýokarywekilçilik sany: %10 göterimlik saýlaw çäklendirmesi sebäpli Türkiýede saýlawçynyň bir bölegine Mejlisdewekilçilik edilip bilinmeýärdi. Soňky saýlawlarda legal ýagdaýyna gelen hyzmatdaşlyk ulgamy bilen Türkiýäniň taryhynda seýrek gabat gelinýän ýagdaýda 8 partiýa, ýa öz dalaşgärleri bilen ýada eden hyzmatdaşlyklarynyň çäginde görkezen dalaşgärleri bilen Mejlisde ekilçilik etmäge hukuk gazandy. Şol partiýalar AK partiýa, JHP, MHP, HDP, İÝİ partiýa, BBP, Saadet partiýasywe Demokrat partiýadyr. 1950-njy ýyldan soňky köp partiýaly syýasy durmuşymyzda diňe 1969-njy ýyldaky saýlawda 8 partiýa Mejlisdewekilçilik edipdi.

Täze ulgamyň ylalaşdyryjy täsiri: Geçen gepleşiklerimiziň birinde Türkiýäniň täze ulgamynyň ylalaşdyryjy syýasat alyp barmalydygy, diňe öz saýlawçysy üçin syýasat alyp barýan däl eýsem giň gatlaklardan ses almak üçin syýasat alyp barmalydygyny belläp geçipdik. Saýlaw etabyndawe saýlawdan soň başdan geçirlenwakalarda %50+1-iň täsirini görmek bolýar. Prezidentiň %50+1 ses alma mejburlygy diňe öz saýlawçysyna niýetlenen syýasadan, şol howpsyzlyk giňişlikden aýrylmaga, täze giňişliklere gönükmäge mejbur edýär. Şeýlelikde ýurtda demokratiýa has güýçlenerwe bu hem içerki barlyşyga goşant goşar.

Global aktýorlaryň hökümediji tutumlary netije bermedi: Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly Günbatarly käbir döwletler, halkara firmalar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Türkiýedäki saýlawlara täsirini ýetirmek isledi. Adalatwe ösüş partiýasyna garşy hemle atdylar, günäkärleýji tutum alyp bardylar. Ozalky saýlawlarda bolşy ýaly bu saýlawda hem saýlawçy halkara aktýorlaryň tamasyny puja çykardy.

Şol ýagdaýy daşary ýurtlarda berlen seslerde hem görmek bolýar. Käbir daşary ýurtlaryň  syýasy hukuklary gadagan edýän, söz azatlygyna biperwaý çemeleşýänwe ýurtlaryndaky türklere hemle atýan çemeleşmelerine garamazdan daşary ýurtlardaky saýlawlarda türk saýlawçysy ýokary gatnaşykda ses berdi. Saýlawyň netijeleri daşary ýurtlardaky saýlawçylaryň Adalatwe ösüş partiýasyna goldaw berýändigini görkezdi. Saýlawçylaryň halkara basyşlara görä däl, eýsem öz garaýyşlaryna görä ses bermekleri degişli ýurtlar üçin, halkara aktýorlar üçinwe dünýäniň parahatçylygy üçün diýseň möhüm.

Türkiýede 2000-njy ýyllardan soň adam başyna düşýän milli girdeji 2 müň dollardan 10 müň dollara ýetirildi. Azatlykwe demokratiýa güýçlendi. Siriýa, Yrak, Eýran, Gresiýa, Liwiýa, Ysraýyl, Ukrainawe Gruziýa ýaly goňşy ýurtlarda başdan geçirilýän dartgynlykara garamazdan Türkiýe parahatçylyk, durnuklylykwe umyt adasy bolmaga dowam edýär. FETÖ-niň agdarlyşyk synanşygyny ortadan aýyrdy. 2016-njy ýyldaky ähli halk sese goýulşygywe hepdäniň ahyrynda geçirlen saýlaw bilen 150 ýyllyk demokratiýa taryhynda uly öwrülşik edip prezident dolanşygy ulgamyna geçdi. Demokratik syýasy ulgamyň netijesinde bularyň hötdesinden gelindi. Türkiýe gazanan üstünlikleri bilen diňe bir ýurdunyň däl, ýerleşýän sebitiniňwe günbatarly ýurtlaryň jogapkärçiliginiň esasy bölegini öz üstüne aldy. Günbatarly ýurtlar üç bosguny kabul etmekde ýaýdanýarka, Türkiýe 3,5 million bosguna ýer eýeçiligini edýär. Her bir adam Türkiýäniň demokratiýasynyňwe durnuklylygynyň gadryny bilmeli.



Degişli Habarlar