Global Perspektiwa 25 Ýer Ýüzüň Biçäreleri: Bosgunlar

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 25  Ýer Ýüzüň Biçäreleri: Bosgunlar

 

22-nji iýun “Bosgunlaryň bütindünýä güni” hökmünde bellenilip geçilýär. Adam ogly hökmünde dünýäde bile ýaşaýan, emma umuman kynçylyklaryny, meselelerini görmeýän, görsek hem köplenç diňe ýüzleý çemeleşýän adamlarymyz bolan ýer ýüzüniň biçärelerine, bosgunlara bagyşlanan gün.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Häzirki wagtda dünýäde 65-70 milliona barabar bosgunyň bardygy aýdylýar. Ilat sanyna görä bosgunlar dünýäniň 20-nji ýurduny emele getirýärler. Ýerlerinden mahrum edilenler bolsa 400 milliona barbar.

Mukdarlaryň ululygy äşgär. Sanlaryň özem wyždany bolanlar üçin biperwaýlygy ortadan aýyrmaga ýeterlik. Şunuň bilen birlikde köplenç reklamalaryň sowuk hakykaty başdan geçirilen gam-gussalary, göz ýaşlaryny, adam pidalaryny, zulumlary, sürgünleri ünsden düşürýär. Bosgun bäbejigiň, çaganyň, zenanyň, garrynyň başdan geçirilenleriniň her biriniň özbaşdak pajygadygy, onlarça million bilen beýan edilýän reklamalaryň arasynda köplenç ýada düşmeýär. Eýsem her bir göç, her bir gözleg belkem müňlerçe ýyllap bir watanda ýaşaýanlar üçin aýralyk, üzňelik, ýykylmak, ýok bolmak. Kim hiç zat ýokka ähli ata-babasynyň, ejesiniň, kakasynyň, özüniň ýaşaýan ýerini terk edip, onlarça asyrlyk mirasy bir gyra goýup, ynamsyzlyklara, näbelliliklere ýüz tutar? Onda-da göç, ýaşalan sebitde geçmişiň ähli hatyrasyny we geljegiň ähli umytlaryny puja çykaryp, gelinen iň soňky karardyr.

Iň köp bosgun nobaty bilen Siriýadan, Owganystandan, Günorta Sudandan we Somaliden gidýär. İň erbedi bolsa 2010-njy ýylda dünýäde iň köp bosgun kabul eden ýurtlardan biri bolan Siriýanyň şu günki günde iň köp bosgun ugradýan ýurda öwrülmegi. Ýaşaýan ýurtlarynda bosgun bolmajakdyklaryny pikir edýänler, ýeke-täk derdi bosgunlaryň öz ýurtlaryna gelmeginiň öňüni almak bolmanlar üçin nähili agyr mysal. Görmek isleýänler üçin dünýä taryhynda şeýle mysallar näçe diýseň bar. Dünýä taryhynda bosgunlyga düşmedik, göçmäge mejbur bolmadyk halk ýok diýsek ýalňyşmarys.

Bosgun gidilýän ýurtlaryň ählisi haýsam bolsa bir görnüşde günbataryň goşulyşmasyna sezewar bolan ýurtlar. Global strategiýalaryň çaknyşyk giňişligine öwrülen ýurtlar. Global güýçler çaknyşýarka ejir çekýänler bosgunlar bolýar.

Şübhesiz bosgunlar meselesiniň ýeke-täk sebäbi çaknyşan strategiýalar däl. Ýurtlaryň içerki meseleleri, başarnyksyz dolanşyklar, syýasy meseleler, ykdysady kynçylyklar, açlyk, guraklyk ýaly köp sanly sebäp bolup biler. Global ýylylyk sebäpli howa bosgunlygy hem beýleki bir sebäp.

Uly göç tolkunlaryna çözgüt tapmak uly tagallalaryň edilmegini talap edýär. Emma käte kiçijik tagalla hem ýeterlik bolýar. Afrikada obalardan birinde gazylan suw guýusynyň gymmaty diýseň az. Emma ol obanyň ilatynyň göçmeginiň öňüni alýar. Şeýle tagallalar belkem meseläni doly çözmeýär, emma azyndan niýetimizi görkezýär. Ybraýymyň oduny söndürmek üçin suw daşan garynja ýaly. Galybersede käte şeýle kiçijik tagallalar biziň üçin bolmasa hem peýdalanýanlaryň janyny halas edýär. Kenara galgyp çykan müňlerçe deňiz ýyldyzyndan käbirlerini deňize iberen adamyň jogaby ýaly: “Hawa, hemmesini halas edip bilmejekdigim üçin size manysyz hereket edýän ýaly görünip bilerin. Emma deňize iberen her bir jandar ýaňadandan ýaşaýyşa dolanyp barýar.” Adamyň abraýyny beýgeldýän kürsüsi, baýlygy däl, başgalary üçin edýän aladasy.

Bosgunlaryň çekýän ejirine gynanyp, olar üçin hiç zat etmän, sowuk analizler bilen çäklenmeli bolarmykak?

Elbetde ýok. Ýaşan ýurtlarynda hiç hili umyt goýman, adamlaryň geçmişi we geljege bolan umytlaryny elinden alan başarnyksyz dolanşyklary elbetde tankyt ederis. Adamlaryň ýa-da döwletleriň çäresizlikleriniň üssüni garabasan ýaly basan, rehimsizliklere esaslanýan global strategiýalar taýarlaýan imperialist maksatlary elbetde paş ederis.

Bular bilen birlikde halkara syýasaty, bähbide esaslanmaýan, prinsipli, gymmatlyklara esaslanýan ýurtlary her pursatda goldarys. Siriýaly bosgunlar meselesinde dünýäniň iň baý ýurtlaryna garamazdan Türkiýäniň, Liwanyň we İordaniýanyň çekýän ýüki dünýäniň galan böleginiň çekýäninden birnäçe esse köp. Diňe Türkiýäniň Kilis şäheriniň kabul eden bosgunlarynyň sany birnäçe günbatar ýurdunyň kabul edeninden köp. Çökgünligiň başyndan bäri Türkiýede 300 müňden gowrak bäbegiň doglandygy aýdylýar. Üssüne şol ýurtlar nähilem bolsa bir görnüşde Siriýa çökgünliginde meseläniň bir bölegini emele getirmeýärler.

Beýleki tarapdan global güýçler Siriýa meselesine has çuňdan goşulyşýarlar. Siriýa bilen diňe öz bähbitlerine görä gyzyklanýarlar. Olar esasan satýan ýaraglarynyň mukdaryny artdyrmagyň we meseläni çuňlaşdyrmagyň kül-külünde.

Halkara jemgyýetçiligi ýitgileriň öweziniň dolunmagy meselesinde halkara güýçlerine basyş etmeli. Ynsanperwer, ahlak, wyždan, ähliumumy, dini ideolik… Ady näme bolsa bolsun, ähli prinsipli çemeleşme şony talap edýär.

Çözgüt üçin mesele barada giňden maglumat berilmeli. Ol hem meseläniň bir bölegini emele getirýän global güýçleriň däl, esasan jemgyýetçilik guramalarynyň borjy. Bosgunlaryň ejir çekmekleriniň esasy sebäplerinden biri global strategiýalar hem bolsa, çözgüt gözleýän jemgyýetçilik guramalary iňňän ýerli ýa-da sebitleýin häsýetde. Global göz ýetim üçin jemgyýetçilik guramalary global derejedäki hyzmatdaşlyklaryny giňeltmeli, habarnamalar, analizler bilen halkara jemgyýetçiligine giňden maglumat bermeli. Aslyna seredilende ol diňe jemgyýetçilik guramalarynyň däl, her birimiziň borjy. Çözgüdine goşant goşmadyk her bir meselämiz bizi diňe bir ýörelgesiz etmez. Çözülmeýän her bir pajyga adamzadyň çekýän ýitgisini, ejirini hasam agyrlaşdyrar.

ýer ýüzüniň biçärelerine, bosgunlara bagyşlanan gün.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar