Türk daşary syýasatyna syn 24

Türkiýe Respublikasynyň howadan goranyş ulgamy

992949
Türk daşary syýasatyna syn 24

 

Türkiýe Respublikasynyň howadan goranyş ulgam mümkinçiligini ösdürmek maksady bilen Russiýa Federassiýasyndan S-400 ulgamlaryny satyn almak baradaky karary ýurduň içinde we daşynda jedelleşige sebäp boldy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda şol jedellişkleri we Türkiýäniň milli goranyş ulgamlary baradaky işlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogan Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasy harby we diplomatik göçümleri bilen ýerleşýän sebitinde uly rol oýnaýar we uzak möhletde halkara güýç bolmak bilen aýgytly ädimler bilen öňe barar. Türkiýe goranyş senagatyny güýçlendirmek we millileşdirmek maksadyna ýetmek üçin uzak ýyllardan bäri dürli taslamalaryň üstünde işleýär.

Siriýadaky dartgynlygyň we çaknyşygyň içerki urşa öwrülmegi, Yrakda we Siriýada DAIŞ we PKK ýaly terror guramalarynyň barlygy, Türkiýäniň goranyş senagaty pudagynda amala aşyrýan işleriniň depginini güýçlendirmegine sebäp boldy. Goňşy ýurtlardaky ýokary howplar sebäpli raketa ulgamlary bilen himiki ýaraglara garşy Türkiýäniň hem ähli taraplaýyn çäre görmegi gutulgysyz ýagdaýa geldi. Türkiýäniň alyp barýan Yrak we Siriýa syýasatyny şol aladalary kesgitleýär. Siriýa syýasatynyň üýtgemeginiň, PKK-ÝPG meselesinde ABŞ-na garşy tutum alyp barmagynyň we Russiýa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň aňyrsynda hem şol aladalar bar.

Siriýa meselesinde Prezident Obamyň ýolbaşçylygyndaky ozalky Amerikan hökümeti Türkiýäniň garşydygyna garamazdan PKK-PÝD-ÝPG-ä goldaw berýän tutum alyp bardy. Trampyň ýolbaşçylygyndaky häzirki Amerikan hökümeti hem şol tutumy dowam etdirýär. Türkiýäniň Russiýa bilen ykdysady we harby taýdan ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginde ABŞ-nyň şol tutumy esasy orun eýeleýär.

NATO agza Türkiýä raketa howpynyň abanýandygyna garamazdan Patriot howadan goranyş ulgalary Türkiýä NATO tarapyndan has giç getirildi. Ispaniýadan daşary beýleki ýurtlar raketa goranyş ulgamlaryny ilkinji pursatda yzyna alyp gitdiler. Şu günki günde PKK-PÝD-ÝPG-niň elinde NATO degişli ýeňil we agyr ýaraglar bar. NATO-niň inwentarynda ýer alýan harby partlaýjylar terrorçylar tarapyndan Stambul şäheriniň merkezinde ulanyldy. Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 15-nji iýuldaky gan döküşikli agdarlyşyk synanşygyna garşy Günbatarly ýurtlar ýeterlik garşylyk görkezmedi. Başdan geçirlen şol wakalar  sebäpli Türkiýe goşmaça çäre görmeli boldy.

Türkiýäniň sebitleýin howa goranyş ulgamyna uzak wagtdan bäri howp abanýar. Türkiýäniň uzak menzilli howadan goranyş ulgamy 2000-njy ýyllaryň başyna çenli Nike Gerkules ulgamydy. Şol ulgamlar sowet bombardyman uçarlaryna garşy täsirli bolan ulgamdy we hem häzirki howplara garşy güýçsizdi. Şol kemçilik birinji we ikinji Yrak urşy bilen Siriýa krizisinde Türkiýäniň NATO-dan kömek soramagyna sebäp boldy. Türkiýä NATO tarapyndan Patriot batareýalary ugradyldy emma bu wagtlaýyn çözgüt boldy.

Türkiýe howadan goranyş ulgamlary meselesini çözmek üçin uzak menzilli raketa goranyş ulgamlary üçin tendr yglan etdi. Tendre Amerikaly, Russiýaly, Hytaýly, Fransiýaly we İtaliýaly firmalar gatnaşdy. Türkiýäniň  bahasy, tehnalogiýasy we çalt gowşurylmay ýaly kadalaryna ýakyn iň gowy teklibi Hytaýly firma berdi. Türkiýe bilen Hytaýly firmanyň arasynda gepleşikler geçirildi. Hytaýly firma bilen gazanyljak ylalaşyga Hytaýyň NATO agza bolmandygy we firmanyň ABŞ-nyň embargo sanawynda ýer alýandygy sebäpli ABŞ bilen NATO garşylyk görkezdi. Şeýlelikde Türkiýe bilen Hytaýly firmanyň arasynda geçirlen gepleşiklerde haýsydyr bir ylalaşyk gazanylmady we tendriň netijesi bes edildi.

Russiýanyň tendrde teklip eden bahasyny aşaklatmagy, Türkiýe bilen Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy we Türkiýäniň Günbatarly hyzmatdaşlaryndan şeýle möhüm meselelerde goldaw alyp bilmändigi sebäpli Russiýanyň S-400 ulgamlaryny satyn almak barada karar kabul edildi.

Türkiýäniň Russiýanyň S-400 ulgamlaryny satyn almagyna NATO agza käbir ýurtlar garşylyk görkezdi. Şol garşylyklaryň netijesinde NATO S-400 ulgamynyň öz ulgamyna utgaşyklygyny kabul etmän biler. Şeýle bolan halatynda Türkiýe şol ulgamy NATO ulgamyndan garaşsyz ýagdaýda diňe öz ýerleşýän ýerini goramak üçin ornaşdyrar. Emma häzirki wagtda Türkiýäniň ähli howadan goranyş ulgamlarynyň NATO utgaşykly ýagdaýda bolandygy üçin ilkinji etapda käbir kynçylyklar başdan geçirlip bilner. NATO bilen ABŞ Türkiýäniň Russiýanyň S-400 ulgamlaryny satyn almagyndan biynjalyk bolýan bolsa sebitde güýç deňagramlylygyny gurmak üçin Türkiýäniň aladalaryna düşünmeli we Türkiýe bilen birlikde işleşmeli.

Netijede howadan goranyş ulgamlary biri-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýän birnäçe ulgamy özünde jemleýär. Hiçbir ulgam özbaşyna çözgüt däldir we geçirilmeýän diwar örüp bilmez. Howadan goranyş ulgamlary; uçarmansyz howa ulaglary, dik uçarlar, uçarlar, raketalar we balistiki raketalara garşy raketalary we şolary ugrukdyrýan ulgamlar bilen bitewdir. Türkiýäniň güýçli we milli goranyş ulgamynyň bolmagy sebitiň durnuklylygyny we howpsyzlygy taýdan hem aýgytly göçüm bolar.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogan Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar