Aktual Analiz 24

Türkiýäniň täze terrorçylyga garşy göreş doktrinasyna laýyklykda indi terrora garşy serhetaşa operasiýalar bilen çäre görer we ony dörän ýerinde ýok eder

Aktual Analiz 24

 

Türkiýäniň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň yglan eden täze terrorçylyga garşy göreş doktrinasyna laýyklykda indi terrora garşy serhetaşa operasiýalar bilen çäre görer we ony dörän ýerinde ýok eder. Türkiýäniň terror guramasy bilen göreş baradaky täze doktrinasyna laýyklykda guralan “Ýefrat Galkany” operasiýasy bilen serhedini DAIŞ terroryndan saplandan soň “Zeýtun Şahajygy” operasiýasy bilen Afrini terrordan saplamagyň hötdesinden geldi. Türkiýäniň terror guramasy PKK/ÝPG-ä garşy göreşi Afrinden soň Kandilde, Sinjarda we Manbijde dowam edýär. Kandile guraljak operasiýalar birnäçe aý ozaldan meýilleşdirilip, Manbij üçin ABŞ bilen diplomatik kanallardan iş meýilnamasy kesgitlendi, Sinjar üçin bolsa hem diplomatik hem-de harby meýilnamalar düzüldi.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýäniň terrorçylyga garşy göreşi barada beýanat beren Prezident Erdogan; “Harby güýçlerimiz terrorçylaryň hinlerine tarap barýar. Afrini, Jarablusy, Al Baby, Azazy ganhorlardan nähili saplan bolsa, Kandildäki terror batgalygyny hem alla ýol berse guradarys. Ekstremist guramanyň syýasy ýaranlaryna ýoldaşlyk edýänler biynjalyk bolsa-da terrory ýurduň gün tertibinden dolulygyna çykararys. Elbetde ilki bilen düýn Afrin operasiýasyna görkezen garşylyklaryny şu günki günde Kandilde görkezýän gapyllara saýlawda ýatdan çykmajak sapak bereris” diýipdi.

Prezident Erdoganyň 11-nji iýunda “Kandile, Sinjara operasiýalarymyzy başlatdyk. 20 uçarymyz bilen 14 nokady hatardan çykardyk. Urdular we dolanyp geldiler, gutarmady dowam eder” diýmegi bilen resmi taýdan yglan edilen Kandil operasiýasy üçin taýarlyklar we operasiýalar birnäçe aý ozal başlapdy. Türk desant güýçleri bilen ýörite harby toparlar tarapyndan asudalyk bilen alynyp barylan operasiýanyň çäginde Kandile 24 kilometr golaý baryldy we 11 gözegçilik bazasy döredildi.

Türkiýe Yragyň çäklerindäki operasiýa bilen diňe bir Kandiliň däl, şol bir wagtda-da terror guramasy tarapyndan Siriýa bilen Yragyň arasyndaky geçiş zolagy hökmünde peýdalanylýan Sinjaryň hem PKK we ÝBŞ ýaly hakynatutma guramalardan saplanmagy nazarda tutýar. Yragyň merkezi hökümeti we ABŞ-nyň Sinjar etrabyna gelip ornaşmagyndan soň PKK/ÝBŞ belli bir derejede sebitden çekilipdi. Emma PKK/ÝBŞ-niň etrapdaky güýçleri ol ýerden doly gitmedi.

Türkiýe terrorçylyga garşy göreşini diňe bir harby operasiýalar bilen çäklendirmeýär. Şol bir wagtda ýokary diplomatik tagallalaryny dowam etdirýär. Yragyň merkezi hökümeti we Kürt awtanomiýasynyň Yrakda dowam edýän operasiýa uly garşylyk görkezmezligi türk diplomatiýasynyň üstünligidir. Şonuň ýaly hem Siriýanyň içinde PKK/ÝPG bilen bilelikde hereket edýän ABŞ bilen hem Manbij etraby boýunça ýokary diplomatik gepleşikler geçirilipdi.

ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda geçirilen diplomatik gepleşikleriň netijesinde iki ýurt Manbij üçin iş meýilnamasyny kesgitledi. Manbij meýilnamasyna görä, PKK/ÝPG-ä degişli güýçler etrapdan Ýefrat derýasynyň gündogaryna çekiler. Türkiýe, ABŞ we Fransiýa bilelikde barlag işlerini alyp barar we sebitde bilelikde hereket ediler. Soňky tapgyrda Manbij etrabynda täze bir ýerli mejlis hem-de goranyş güýçleri dörediler.

Türkiýäniň Manbij meselesinde ABŞ bilen geçiren gepleşikleri arkaly iş meýilnamasyny kesgitlemegi diňe bir Manbij bilen çäkli däl. Şol bir wagtda Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky terror topary üçin nusgawy özboluşlyga eýe bolup biler. Manbij meýilnamasynyň üstünlik bilen iş ýüzüne geçirilmegi; Rakka, Deýrezzor we Tal Abýad ýaly ýerlerde-de şeýle meýilnamanyň durmuşa geçirilmegine sebäp bolup biler. Şeýlelikde Rakka, Deýrez Zore we Tal Abýad etraplaryndaky ýerli halk ÝPG-niň basyşlaryndan biynjalyk.

Umuman alnanda terrorçylyga garşy göreş boýunça täze doktrina laýyklykda köp sanly üstünlik gazanan Türkiýe geljekki tapgyrda birnäçe göçüm bilen terrory doly ýok etmek üçin möhüm başlangyçlar edýär. Terror guramasy PKK/ÝPG-niň soňky ýyllarda Yrakdaky we Siriýadaky haosdan peýdalanyp, pozisiýasyny güýçlendirmeginden soň Türkiýäniň serhetaşa operasiýalary terror guramasynyň pozisiýasyny gowşatdy we Türkiýäniň içindäki terror hüjümleriniň sany azaldy. Türkiýe geljekki tapgyrda terrory dolulygyna ýok etmek üçin egilşiksiz göreşmäge dowam eder.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar