Türk daşary syýasatyna syn 23

Söweşleriň üýtgän tebigaty

Türk daşary syýasatyna syn 23

Maglumatlar ulgamlaryndaky oýlap-tapyşlar we bu oýlap tapyşlaryň şol bir tizlik bilen goranyş tehnologiýasyna integrirlenmegi söweşleriň ykbalyny hem gün saýyn üýtgedýär. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda söweşleriň üýtgeýşini we Ýakyn Gündogary analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň bu günki temamyz bilen bagly synyny siziň dykgatyňyza ýetirmekçi.

 

Goranyş tehnologiýalary we söweşler bilen bagly gollanmalar taryhyň dowamynda tehnologiýa bilen şol bir wagtda özgerdi. Täze enjamlar, ulag we usullaryň durmuşa geçirilmegi-duşmandan üstün bolmak bilen birlikde, eýmendirmek maksady bilen hem ulanyldy. Beýleki tarapdan her bir oýlap-tapyş başdan geçirilen söweşden ýa-da çaknyşykdan alynan dersler bilen ýüze çykaryldy.

Aragatnaşyk tehnologiýalarynyň örän tiz ýagdaýda özgermegi, geosyýasy hadysalar we döwletleriň ýanynda döwletden daşgary aktýorlaryň öň hatara çykmagy, söweşleriň täze usul, taktika we ulgamlar bilen dowam etmegini üpjün edýär. Täze nesil söweş diýip häsýetlendirip biljegimiz täze pozisiýada has kiçi, hereket ukyplylygy ýokary, tor merkezli bir gurluşda biri-birlerine bagly toparlar: syýasy, ykdysady we sosial hereketleriň bir bölegi hökmünde ulanylýar.

Täze Nesil söweşlere mysal hökmünde Liwiýa operasiýasyny, Siriýadaky Içerki söweşi, Owganystan ýaly söweşleri görkezip bileris. Bu aýdylan mysallarda döwletleriň syýasy we harby nyşanalar üçin döwletden daşgary aktýorlary ulanandyklaryny, söweşiň meýdanda ýa-da açyk häsýetde yglan edilen bir ýagdaýda däl, wekilçilikli söweşler ýagdaýynda alynyp barylandygyny görýäris. Partizan söweşleri, düzgün-kadadan daşgary ýörite söweş strategiýalaryny öň hatara çykarýar. Şeýlelik bilen taktiki we strategik netijeler üçin psihologik söweşler, elektronik söweşler, kiber söweşler ýaly usullar ulanylýar.

Goranyş tehnologiýalarynyň we söweş strategiýalarynyň kesgitlenmeginde howp we bolmagy ähtimal operasiýalar-esasy kesgitleýji faktorlar bolup durýar. Çaknyşygyň bolmagy ähtimal sebitler we şertleriň analiz edilmegi, ýaragly güýçleriň bu sebitde geçirjek operasiýa, gurşawa we duşmanlaryň ukybyna garşy taýarlyk görmegi üçin gerekdir.

Häzirki wagtda dünýäde syýasy, taryhy, ykdysady ýagdaýlardan gözbaş alýan köp sanda dartgynlyk, çaknyşyk we krizisler bar. Olaryň aglaba bölegi Ýakyn Gündogarda we onuň töwereginde başdan geçirilýär.  

2011-nji ýylda Tunisde başlan we örän gysga wagtda Demirgazyk Afrika we Ýakyn Gündogara ýaýran we Arap Bahary diýip at berilen halk hereketleri sebitiň geosyýasy deňagramlylygynyň üýtgemegine sebäp boldy. Tunisde, Liwiýada we Müsürde hökümetiň agdarylmagyna we Siriýada içerki söweşiň başlanmagyna sebäp bolan bu hereketler, sebitde tapawutly radikal toparlaryň täsirini artdyrmagyna sebäp döretdi.

Siriýada 2011-nji ýylda başlan içerki söweş, sebitiň ýurtlarynyň milli howpsyzlyklaryna gönüden-göni howp salan bir ýagdaýa öwrüldi. Krizisiň sebitiň ýurtlaryny öz içine aljak bir söweşe ýa-da has çuň bir krizise öwrülmek howpy bar.

Ýakyn Gündogaryň iň uly energetika öndürijilerinden biri bolan Eýranyň alyp barýan wekilçilikli söweş syýasaty, sebitiň ýurtlary bilen birlikde Halkara ulgam taýdan hem uly bir howp hökmünde görülýär. Eýranyň esasan hem uzak aralykly raketa we raketa tehnologiýalary bilen Pars aýlagyndaky geçişlere päsgel ýa-da böwet bolup biljek ulgamlary bu howp düşünjesini has hem berkidýär.  Eýran bilen Ysraýylyň arasyndaky dartgynlygyň bir çaknyşygyň döremegine sebäp bolmak howpy hem bar.

Söweşiň başlanmagynda we tamamlanmagynda tehnologiýa iň kesgitleýji rol oýnady we oýnamgyny hem dowam etdirýär. Bilimiň we tehnologiýanyň özgermegi şol çäkde şu asyryň ortasyna çenli aralykdaky etapda goranyş pudagynda tehnologiýa, ulgam we çözgütleri öň hatara çykarýar. Bular informasion-aragatnaşyk tehnologiýalar we kiber söweşler, biotehnologiýa, energetika, uçarmansyz we sürüjisiz harby ulaglar, döwrebap enjamlar we önümçilik tehnologiýalar, simulirleme we wizualizasiýa tehnologiýalary bilen alternatiw güýç ulgamlary we ýangyç tehnologiýalarydyr.

Meşhur strateg Karl Fon Klauzewis söweşi syýasatyň başga usullar bilen dowamy hökmünde teswirledi. Bu sözden ugur alyp söweşi we has giňişleýin aýdylanda goranyş göwrümini milli howpsyzlyk strategiýasynyň bir enjamy hökmünde teswirlemek gerek. Şonsuzam öňki asyrlarda imperatorlyklar we döwletler söweşi syýasy, ykdysady we harby syýasatlaryň bir bölegi hökmünde ulandylar. Şu günki günde harby ukyplylyk, goranyş tehnologiýalar we söweş strategiýalar özgeriş tehnologiýasy bilen gönüden-göni baglanşykly. Söweşiň ýakyn we uzak möhletde nähili boljagy: bolmagy ähtimal sreda we şertler bilen duşmanlaryň ukyplylyklarynyň öňünden bilinmegi täsirli bir söweş güýjüni eliňde saklamak üçin gerek. Strategik, ykdysady, syýasy we tehnologik şertler-göz öňünde tutmak ukyplylygy bilen bilelikde ulanylsa döwrebap zerurlyklara jogap berip biljek goranyş güýjüni gurmak mümkin bolup biler.

Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň bu günki temamyz baradaky synyny siziň dykgatyňyza ýetirdik.

 



Degişli Habarlar