Türk Daşary Syýasatyna Syn  21

Eýranyň Wise-prezidenti Ali Ýunusiniň “Azeriler türkçe gepleşýän parsdyr” diýlen beýanaty bermegi Eýranda täze bir dartgynlyk emele getirdi

Türk Daşary Syýasatyna Syn  21

 

Geçen hepdelerde Eýranyň Wise-prezidenti Ali Ýunusiniň “Azeriler türkçe gepleşýän parsdyr” diýlen beýanaty bermegi Eýranda täze bir dartgynlyk emele getirdi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Eýrandaky türkler we meseläniň türk daşary syýasatyna bolan täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk uniwersitetiniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirmekçi.

Eýranyň Wise-prezidenti Ali Ýunusiniň “Azeriler türkçe gepleşýän parsdyr” diýlen beýanaty Eýran türklerinde berk reaksiýa döretdi. Şol wakadan soň Eýranyň Russiýa pars we rus dilleriniň iki taraply häsýetde ýurtdaky mekdeplerde “ikinji dil” hökmünde öwredilmegini teklip etmegi eýranly türkleriň garşylygyna sebäp boldy.

Eýranyň Mejlisiniň Urumiýeden halk deputatlary Nadir Gazipur we Hadi Bahadyr Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhana ýüzlenip hat ýazdylar. Ýunusiniň beýanatyna reaksiýa bildirilýän hata 50 sany asly türk bolan halk deputaty gol goýdy. Ýunusiniň beýanatynyň ýurduň howpsyzlygyna zyýan ýetirýändigi barada aýdylýan hatda Eýranda dürli halklaryň ýaşaýandygy, gurhanda beýan edilmegine halk tapawudynyň goýulmagynyň ýerliksizdigi nygtalýar. Milletiň diline hyýanat etmegiň şol millete hyýanat etmek manysyny aňladýandygyna üns çekilýän hatda, her bir kowumyň iň gymmatly baýlygynyň dili bolandygy nygtalýar.

Mälim bolşy ýaly geçen ýyllarda Eýranda dürli sebäplerden türk-pars dartgynlygy ýüze çykypdy. 2006-njy ýylda Eýranda döwlete degişli gazetlerden birinde neşir edilen karrikaturada türk dilinde gepleýän mör-möjegiň suraty çekilipdi. Şeýle-de şol “mör-möjekleriň dilleriniň düşnüksizdigi we eýranlylar ýurtlaryny söýýän bolsalar hajathana buşugman olary öldürmelidigini” ýazypdy. Şol gödek karrikatura Töwriz ýaly türkleriň köpçülikleýin ýaşaýan şäherlerinde berk reaksiýa bildirilipdi. Millionlarça adamyň gatnaşan demonstrasiýalarynyň netijesinde döwlet şol gazeti ýapyp, günäkärleri tussag edipdi. Emma gijigen ötünç halky köşeşdirmedi. Döwletiň wakalar ýarag bilen çäre görmegi bilen gutaran protestlerde 50-den gowrak adam pida bolupdy, ýüzlerçe adam ýaralanypdy. Şol wakalardan on ýyl soň 2015-nji ýylda ýene şuňa meňzeş neşir bilen türkler kemsildi. Eýranyň döwlet teleýaýlymynda türkleri kemsidiji sözler berildi. “Fitile” atly şol gepleşikde türk ataly-ogul bolýan myhmanhanasynyň erbet ysyndan biynjalyk bolýar. Myhmanhananyň gullukçysy bolsa ataly-ogulyň agzynyň porsaýandygyny aýdýar. Şeýle-de; ataly-ogulyň dişlerini tuwalet çotkasy bilen ýuwandygy aýlawly görnüşde beýan edilýär. Şol sahnalar Eýranda we dünýäniň çar tarapynda ýaşaýan türkleriň berk garşylygyna sebäp boldy. Şol wakalardan üç ýyl soň Ýunusiniň beren beýannamasy Eýranda bu meseleden degişli netijäniň çykarylmandygyny görkezýär.

Eýran türkleri 30 milliondan gowrak ilaty bilen Eýranda parslar bilen bilelikde iň güýçli halk. Türkler geosyýasy ýerleşişi, jemgyýetçilik-medeni gurluşy, ykdysady güýji we ilat potensialy taýdan Eýranda başdan geçirilýän syýasy özgerlişikleriň başyny çekýär.

10-11-nji asyrlarda Seljuk döwletine tabynlykda oguzlaryň Azerbaýjana eden göçleri sebitde uly türk ilatynyň emele gelmegini üpjün etdi. 1501-nji ýylda Safewi döwletiniň gurulmagy bilen sebitiň halklarynyň şahsyýeti özgermäge başlaýar. Merkezi Azerbaýjanda gurlan şol dolanşyk ulgamy Eýrana sebitleýin güýç aýratynlygyny getirýär. Şeýle-de esasy bölegi sünnilerden emele gelýän halkara şaýy messebini kabul etdirýär. Sebitde soňky ýyllarda höküm süren Afşar we Gajar hanadanlarynyň döwründe-de türklük düşünjesi hem-de şaýy messebi güýjüni goramaga dowam edýär.

Eýranda asyrlaryň dowamynda höküm süren türk hanadanlarynyň dolanşygy 20-nji asyryň birinji çarýeginde synýar. Onuň ýerine asly pars bolan Pehlewiler döwri başlaýar. Şol özgerlişik Eýran türkleri taýdan esasy öwrülşik nokadyny emele getirýär. Şol döwürde türkler dürli çäklendirmelere sezewar bolýar. Pehlewi döwründe kabul edilen parslaşdyrma ideologiýasy sebitde ýaşaýan türkler üçin şahsyýetlerini ýaňadandan dikeltme we režime garşy özüni tanatma tagallasyny emele getirýär. Şanyň agdarylmagyna goşant goşan türkler, yslam ynkylabynyň hem başyny çeken toparlardan biri boldy.

Türkler häzirki döwürde-de Eýranyň syýasatynda we ykdysadyýetinde güýçli orun eýeleýar. Emma türkçäniň resmi dil bolmazlygy, türkçe bilim almagyň gadagan bolmagy ýaly sebäplerden wagtal-wagtal Eýranyň hökümeti bilen düşnüşmezlikler ýüze çykýar.

Eýrandaky türkleri haýsydyr bir ýurtdaky azlyk hökmünde görmek mümkin däl. Eýsem 1000 ýyldan bäri Eýranyň syýasy taryhyndaky wakalaryň şekillenmeginde türkleriň uly goşandy bardyr. Pars we türk medeniýeti hem Eýranyň içinde hem-de Eýranyň daşynda eriş-argaç bolup geçýär. Şol iki gadymy medeniýetiň biri-birine uly goşandy boldy. Halklaryň agzybir ýaşamaklary üçin birek-birege sylaşykly çemeleşmekleri hökmany. Eýran taryhy we tejribeli döwlet. Ene dilde bilim we neşirýat erkinligi döwrebap dünýäde başlangyç adam hukuklary. Eýdan döwletiiň türk dilinde bilim we neşirýat baradaky isleglerini kanagatlandyrmagy diýseň ýerlikli bolar. Ol hem Türkiýe-Eýran gatnaşyklar hem-de sebitiň durnuklylygy üçin möhüm goşant goşar.



Degişli Habarlar