Türk daşary syýasatyna syn

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky Egeý deňizi meselesindäki dartgynlyk has-da möwjeýär

Türk daşary syýasatyna syn

 

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky Egeý deňizi meselesindäki dartgynlyk has-da möwjeýär. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda şol dartgynlygy we onuň türk daşary syýasatyna ýetirýän täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar Bölüminiň ylmy işgäri, Dr.Jemil Dogaç Ipegiň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky Egeý deňizi meselesindäki dartgynlyk has-da möwjeýär. Gatnaşyklaryň soňky döwürde şeýle dartgynlaşmagy Gresiýanyň FETÖ agza esgerleri yzyna bermezligi we tussag etmek barada karar çykarylan ýüzlerçe FETÖ agzasyny kabul etmegi sebäpli ýüze çykdy.

Bu wakalar geçen ýyllarda ASALA we ýakyn döwürde PKK üçin açan lagerleri, PKK-nyň ýolbaşçysy Abdullah Öjalana beren goldawy entek ýatdan çykmanka başdan geçirilýär. Bu taýda grek kazyýetleriniň gaçgaklykdaky FETÖ agza harbylaryň yzyna berilmegi barada karar berilmeginden soň syýasy hasaplaryň ara girendigi görülýär. Bu tapgyrda Gresiýanyň gönükdirmesiniň hem bardygy halk köpçüliginiň arasynda ýaýrady.

Emma özara gatnaşyklardaky dartgynlygyň Egeý deňizinde hasam möwjemeginde Gresiýanyň Goranmak we Daşary işler ministrlikleriniň Türkiýä garşy meçew beriji beýannamalarynyň paýynyň bardygyny belläp geçmek ýerlikli bolar. Gresiýadan Egeý deňizi boýunça edilýän göçümleriň Türkiýede ele salynan iki sany grek esgeriniň yzyna berilmezligi bilen baglydygy hem beýan edilýär.

Türkiýe bilen deňeşdirilende çäkli harby güýji bilen Türkiýä howp salyp bilmejekdigine doly göz ýetirýär. Şonuň bilen birlikde bu çemeleşme Gresiýanyň içerki halk köpçüligine niýetlenen ünsleri sowma göçümi we ÝB-däki howandarlaryna berilýän ýüzlenme hökmünde analiz edilip bilner. Eýsem howp düşünjesini ýaýbaňlandyryp, ony ÝB-ne abanýan howp hökmünde beýan edip bileleşigiň býujetinden goşmaça serişde alma pikiri ýokary ähtimallyk hökmünde görülýär.

Gresiýanyň Goranmak ministri Kammenos bolsa şol düşünjä eýe bolanlara wekilçilik edýär. Emma bu dartgynlyk iş ýüzünde Gresiýanyň bähbitlerine bap gelmeýär. Şeýlelikde grek halkynyň görkezýän reaksiýasy Türkiýe üçin Gresiýada entegem parasatly hyzmatdaşlaryň bardygyny görkezýär.

Ýadyňyza düşýän bolsa geçen hepdelerde Egeý deňizinde harby türgenleşik geçiren grek esgerlerine ýüzlenip çykyş eden Goranmak ministri Kammenos Türkiýäni “Meçew beriji duşman” hökmünde häsýetlendirip, ýurdunyň Egeý deňizindäki grek adalaryna goşmaça 3500 esger ugradandygyny, Türkiýe bilen Meritsa derýasynyň kesgitleýän guryýer serhedine hem golaýda goşmaça 3500 esger getiriljekdigini beýan edipdi. Kommenosyň Egeýdäki dartgynlygy möwjeden bu sözleri diňe bir türk metbugatynda däl, grek metbugatynda hem giň seslenme döredipdi. Hat-da beýannamadan birnäçe wagt soň grek metbugatynda Premýer ministri Aleksis Siprasyň Kammenos bilen duşuşyp, beýannamasy barada duýduryş berjekdigi öňe sürülipdi.

Gresiýanyň we Kipriň grek böleginiň Gündogar Ortaýer deňzinde tebigy gaz gözleg synanşygyna Türkiýäniň Egeý deňizinde geçiren türgenleşikler bilen garşylyk görkezmegi we oňa resmi Afynynyň harby türgenleşik bilen jogap berme synanşygy türk hökümeti tarapyndan meçew berme hökmünde häsýetlendirilýär.

Egeýde Türkiýä degişli adalaryň Gresiýa tarapyndan ilata açylmagy we ele geçirilmegi Kammenosy güýçlendiren bolmaly. Aslyna seredilende iň ýerliklisi Türkiýede ele geçirilen türk adalary meselesinde iňňän ynjyk bolan gatlagyň bolmagyna ünsli çemeleşmegi we meçew bermelerden çetde durmagy. Eger şeýle dowam eden halatynda bolsa Gresiýada syýasy durnuksyzlyk emele geler.

Taraplaryň arasyndaky düşnüşmezlikleriň çözülmegi üçin jogabyna garaşýan birnäçe sorag bar. Beýleki tarapdan grek tarapy ýaragsyz adalary ýaraglandyrmaga dowam edýär. Şol soraglardan biri Egeý deňizindäki suw giňişligi meselesi. Bu mesele iki tarapyň wekiliýetleri tarapyndan birnäçe ýyllaryň dowamynda seljerilen hem bolsa çözgüt tapyp bilmediler. Şol çözgütsizligi emele getiren dartgynlyk bardy, emma grek tarapynyň çemeleşmeleri çözgütsizligi dowam etdiriji faktor bolup durýar. Soňky döwürde serhetden geçen türk we grek raýatlarynyň tussag edilmegi hem dartgynlygy möwjeden beýleki bir faktor.

Egeý deňizindäki dartgynlygyň çözülmegi üçin iki taraply ynamyň güýçlenmegi hökman. Dartgynlygyň çözgüdi agdarlyşyk synanşygyndan soň Gresiýa sygynan harby personeliň we beýleki türk raýatlarynyň Türkiýä yzyna berilmegi  Kipriň etrabynda grek böleginiň türklere degişli giňişlikde tebigy gaz gözleglerini alyp barmakdan el çekmegi we grek ýaragly güýçleriniň Egeý deňizinde çaknyşyklardan çetde durmaklary bilen mümkin bolup biler.



Degişli Habarlar