Türk daşary syýasatyna syn 18

Türkiýe we ýadro energiýasy

964534
Türk daşary syýasatyna syn 18

 

 

Türkiýäniň ilkinji ýadro energiýa bekedi bolan Akkuýu bekediniň gurluşygyna Türkiýäniň Prezident Erdyganyň we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň gatnaşmagyndaky dabara bilen badalga berildi. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Türkiýe we ýadro energiýasy temasyny analiz etmekçi.

Atatürk Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar Bölüminiň ylmy işgäri, Dr.Jemil Dogaç Ipegiň tema baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Akkuýu ýadro energiýa bekediniň gurluşygyna birnäçe wagt ozal Beştepede Türkiýäniň Prezident Erdyganyň we Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putiniň gatnaşmagynda badalga berildi. Putin we Erdogan wideo konferensiýa usuly bilen Akkuýa birleşip, ýadro bekediniň gurluşygyna badalga berdiler.

1950-nji ýyllardan bäri ynamdar çeşmelerden energiýa almak ugrundaky gözleg energetika pudagynyň esasy meselelerinden biri. 1970-nji ýyllaryň başynda ýüze çykan nebit dartgynlygy şol gözlegleriň depginini hasam güýçlendirdi we ynamdar energiýa çeşmesi bolan ýadro energiýasynyň öňe saýlanmagyna sebäp boldy. Häzirki döwürde-de ýadro energiýasy 7 günüň dowamynda 24 sagat üznüksiz energiýa serişdesi hökmünde ähmiýetini dowam etdirýär.

Ýadro energiýasynyň dünýädäki elektrik önümçiliginde eýe bolan paýy yzgiderli häsýetde artýar. Häzirki wagtda dünýäde 31 ýurtda 400-den gowrak ýadro reaktory işleýär. ABŞ-da 104 sany ýadro energiýa bekedi bar. Fransiýada 58, Ýaponiýada 54, Russiýada 32, Günorta Koreýada 20, Germaniýada 17, Hindistanda 19, Ukrainada 15, Hytaýda bolsa 16 sany ýadro elektrik bekedi bar. Dowam edýän gurluşyklar taýdan bolsa Hytaý, Russiýa we Hindistan öňe saýlanýar. Hytaý bar bolan reaktor sanyna ýene-de 28 sanysyny goşmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda Bolgariýada 2, Finlandiýada we Fransiýada bolsa her haýsynda 17 sany reaktor gurulýar. Fransiýada Parižiň 200 kilometr alysynda 6 sany ýadro elektrik bekedi bar. İspaniýada Madride 200 kilometrden hem az aralykda 3 sany ýadro bekedi ýerleşýär. Britaniýadaky Bradwell bekedi bolsa Londona 70 kilometr alysda ýerleşýär.

Türkiýäniň elektrik toguna bolan isleginiň kanagatlandyrylmagy üçin sarp edilýän tebigy we suwuklandyrylan gazyň tas ählisi, kömür ýangyjynyň 30 göterimine barabary import edilýär. Türkiýe gidroelektrik potensialy bilen birlikde ýel, gün, geotermal ýaly gaýtadan işlenip bilinýän energiýa potensialyndan doly peýdalanan halatynda 2023-nji ýyla çenli energiýa sarp edilşinde ýetiljek derejäniň ýarysyna golaýyny öndürip biler. Elektrik toguna bolan islegiň kanagatlandyrylmagynyň ýany bilen Türkiýäniň 2023-nji ýyla çenli ýetmegi nazarda tutýan maksatlary taýdan hem ýadro energiýasy möhüm. 500 milliard dollarlyk eksport, adam başyna 25,000 Amerikan dolary girdeji we 2 trillion dollar milli girdeji bilen dünýäniň ykdysady taýdan ösen 10 ýurdunyň hataryna goşulmak ýaly maksatlara ýetmek üçin ýadro elektrik beketlerini gurmak Türkiýe üçin mejbury şertlerden birine öwrüldi.

Türkiýede ýadro energiýasy üçin edilen başlangyçlaryň taryhy 1950-nji ýyllara çenli baryp ýetýär. Emma geçen 60 ýylda Türkiýäniň ýadro bekedi gurup bilmezligi Türkiýäniň ykdysadyýeti üçin uly ýitgi. Türkiýe bilen şol bir ýyllarda ýadro energiýasy boýunça işe girişen Günorta Koreýa ýadro tehnologiýasyny 20 ýylyň dowamynda ösdürdi. Emma Türkiýede diňe 2018-nji ýylda Akkuýu ýadro energiýasy bekediniň düýbi tutuldy. Geçen möhletde yzgiderli häsýetde ýadro beketleriniň gurulmagyna döredilen bökdençlikler şu günki günde Türkiýäniň ykdysadyýetiniň esasy meselelerinden biri bolan ýokary energiýa importynyň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Türkiýäniň Energetika ministrliginiň görkezijilerine görä, Akkuýu we Sinop beketleri ulanmaga berilenden soň Türkiýe elektrik önümçiliginiň 20 göterimine golaýyny şolardan üpjün eder. Şeýlelikde ýylda 16 milliard m3 tebigy gaz import etmez we ýylda 7,2 milliard dollar tygşytlar.

Döwletlerde ýadro energiýa meýilleşdirmesi; dizaýny, inženerçiligi, dolanşygy, hil gözegçiligi we howpsyzlyk düşünjesi bilen ýörite tehnologik tejribäni ýüze çykarýar. Şol sebäpli ýadro energiýa ýaly ösen tehnologiýa diňe bir elektrik önümçiligi däl. Şeýle ösen tehnologiýalar döwletlere köp zat gazandyrýar. Täze önümçilik usullaryny öwrenmek we olary kämilleşdirmek, ylmy, tehniki hem-de tehnologik mümkinçiligi artdyrmak, hil gözegçiligini we hili üpjün etmek, senagatda tapawutly iş ugurlarynyň açylmagy, täze iş ugurlarynda iş üpjünçiliginiň ýaýbaňlanmagy käbir mysallardan birnäçesi. Ýadro tehnologiýasy üstünlikli ornaşdyran ýurtlaryň başynda Günorta Koreýa durýar. Ýadro tehnologiýa Türkiýe ýokary derejede ylmy we tehnologik tejribäniň ornaşmagyna, tehniki tälim hiliniň ýokarlamagyna uly goşant goşar. Beýleki ugurlarda-da goşant goşujy güýç bolar we ugrukdyryjy pozisiýa eýelär.

Şol taslama bilen hem Türkiýede hem-de Russiýada iş şertleri dörär. Ýokary ukyply hünärmenleriň ýetişdirilmeginde-de hyzmatdaşlyk ediler. Häzirki wagtda Russiýadaky uniwersitetlerde 220-den gowrak türk talyplary ýadro tehnologiýa boýunça bilim alýar. Taslamanyň maksadyna görä 2023-nji ýylda birinji blogyň ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Taslamanyň üstünlikli tamamlanmagy türk-rus hyzmatdaşlygynyň hem görkezijisi bolar.

Türkiýäniň sebitinde we dünýäde beýgelýän güýç pozisiýasyny berkitmegi we güýjüni hasam artdyrmagy üçin energetika pudagynda uly ösüş etmegi möhüm. Şol jähtden ýadro energiýa tehnologiýasyna eýe bolmak Türkiýäniň ösmegine, abadanlygyna, energiýa garaşsyzlygyna, howpsyzlygyna we özygtyýarlylygyna goýulan ägirt uly maýa bolar. Ol diňe bir Türkiýe üçin däl, Ýewraziýa we Ýakyn Gündogar parahatçylygy hem-de abadançylygy üçin hem möhüm ösüş.

 



Degişli Habarlar