Aktual Analiz 17

Türkiýäniň möhletinden irki saýlawyň geçirilmegi baradaky karary

Aktual Analiz 17

 

 

Yrakdaky we Siriýadaky wakalar Türkiýäniň eýeleýän pozisiýasyny güýçlendirer hem-de onuň ýüküni agyrlaşdyrar. Şeýle möhüm tapgyra Türkiýäniň saýlawlar bilen girmegi howply bolup biler. Saýlawlaryň 24-nji iýunda geçirilmegi baradaky kararyň kabul edilmeginde içerki meseleler ýaly serhetýakasynda we sebitde başdan geçirilýän wakalaryň hem täsirleri bar. Sebitde kartalar ýaňadandan çyzylýarka Türkiýe saýlaw kampaniýalary bilen güýmenmezdi. Türkiýäniň goýberjek iň bir ýönekeý syýasy, harby, ykdysady ýalňyşlygy ABŞ-na we demografik özgerlişik isleýän güýçlere taryhy pursat döreder. Möhletinden irki salawyň geçirilmegi baradaky karar şol howpa garşy edilen göçümdir.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Yrakdaky we Siriýadaky syýasy deňagramlyklar durnuklylyk ýola goýulan halatynda Türkiýe esasanda günorta serhedi boýunça güýçli daşary syýasat alyp barmaly bolar. Geografik ýerleşiş sebäpli Türkiýäniň günbatar ýurtlary ýaly alty aýlap hökümetsiz galmaga takady ýok. Syýasy durnuksyzlygyň jerimesi agyr bolan Ýakyn Gündogar sebitinde proaktiw we netijeli daşary syýasat alyp barmak hökmanydyr. Täze ulgama geçiljek 24-nji iýundaky saýlawlaryň Türkiýäniň sebitdäki syýasatyny hasam güýçlendirmegine garaşylýar. 2 aýlyk gysga möhlet hem Türkiýäniň saýlaw kampaniýalary bilen geçirjekdigi göz öňünde tutulanda sebitdäki şertleriň özgermegine sebäp bolup biler. Emma Yragyň we esasanda Siriýanyň geljeginiň birnäçe ýylyň dowamynda şekillenjekdigi göz öňünde tutulýandygy üçin Türkiýe saýlawlary has öňe süýşürmek bilen, sebitde täze kartlaryň çyzylyp, bassyr-ýussurlyk edilmeginiň öňüni alyp biler.

Siriýada ABŞ-nyň PKK-nyň Siriýadaky şahamçasy bolan ÝPG terror guramasyna berýän uzak möhletli goldawlary, Russiýanyň we Eýranyň Asadyň pozisiýasyny güýçlendirmek ugrundaky tagallalary we Ysraýylyň sebite bolan çemeleşmesi Türkiýäniň öz bähbitlerini goramak üçin gönükdirip biler. Astana tapgyry bilen Russiýa, Eýran we Türkiýe Siriýadaky çaknyşyklary bes etmek hem-de syýasy çözgüde şert döretmäge synanşýan bolsa, ABŞ ÝPG arkaly başgaça maksatlaryň kül-külünde. 2017-nji ýylyň ahyrynda aýlyklary gönüden göni ABŞ tarapyndan tölenýän 65 müň ÝPG terrorçysyna tälim bermegi meýilleşdiren Pentagon, Siriýanyň territorial bitewiligine we Türkiýäniň milli howpsyzlygyna wehim salýar.

Siriýada DAIŞ-den we ÝPG-den başga terror guramalarynyň esasan dargadylmagy halkara güýçleri uruşdan soňky ulgamyň gurulmagy üçin işe girişmäge gönükdirdi. Birnäçe ýyl dowam etmegine garaşylýan tapgyryň netijesinde Siriýanyň we sebitiň ykbaly kesgitlener. Siriýanyň we esasy serhetdeşi Türkiýäniň bu tapgyra gönüden degişli bolmagy möhüm. Saýlawyň öňe süýşürilmegi bilen Türkiýe şol tapgyrda saýlaw kampaniýalaryna güýmenmez we has güýçli daşary syýasat alyp barar.

Yrakda bolsa PKK-nyň güýji dowam edýär we Türkiýä gönüden howp salýar. Türkiýe häzirki wagtda PKK garşy Yragyň çäklerine harby operasiýalar guraýar. Emma Yrakdaky saýlawlar sebäpli harby operasiýalaryň gerimi çäkli. Yrakdaky saýlawlardan soň Türkiýe Yragyň merkezi hökümeti bilen birlikde PKK-nyň Yrakdaky güýçlerini ortadan aýyrmagy maksat edinýär.

Bir tarapdan Kandil daglary, beýleki tarapdan Siwar dagy PKK tarapyndan baza hökmünde ulanylýar. Türkiýe saýlawlary öňe süýşürmek bilen Yrakda PKK garşy guralmagy ähtimal harby operasiýasy üçin pozisiýasyny güýçlendirer.

Umuman alnanda bolsa; parlamentar demokratiýadan prezident dolanşygy ulgamyna geçiş tapgyry Türkiýäniň býurokratiýasyny we hökümeti ejizledýärdi. Geçiş döwrüniň gysga möhletde tamamlanmagy netijesinde Türkiýe has güýçli we ýokary depginde durnukly syýasat alyp barar. Esasanda daşary syýasatda syýasy ulgam geçişini tamamlandan soň Türkiýe rahatlanar.

Syýasat, Ykdysadyýet we Jemgyýet Gaznasy SETA-nyň ylmy barlagçysy, ýazyjy Ahmet Ajunyň mesele boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.


Etiketkalar: howp , demografik , saýlaw , möhüm

Degişli Habarlar