Türk daşary syýasatyna syn 16

Siriýa krizisi we Türkiýä ýetirýän täsirleri

Türk daşary syýasatyna syn 16

 

Gepleşigimiziň bu günki sanynda Siriýa krizisi we Türkiýä ýetirýän täsirleri hakynda maglumat bermekçi.

Atatürk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy barlagçysy Dr. Jemil Ipegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Dünýäniň bitewiligi barada gürrüň etmek gyn saýyn kynlaşýar. Global çarçuwa taýarlamak baradaky tagallalar netije bermeýär. Global söwdanyň alnyp barylmagy baradaky gepleşikleriň soňky tapgyry hem netije bermedi. Döwrümizde özüne mahsus sebitara dolanşyk ulagamlarynyň ýüze çykýandygyna şaýatlyk edýäris. Bu ýagdaýa şu günki günde Ýakyn Gündogarda we Siriýada başdan geçirilýän wakalar mysal bolup biler.

Ýaňy ýakynda Britaniýanyň we ABŞ-nyň öňbaşçylyk etmeginde 20-den gowrak ýurt rus diplomatlaryny ýurtlaryndan çykardy. Russiýa hem daşary ýurtly 60 diplomady ýurdundan çykardy. Başdan geçirlen şol wakalaryň yzy ýanyndan Siriýada Asada tabynlykdaky güýçler ýene-de himiki ýarag ulandy. Mundan 1 ýyl ozal hem resmi Waşington himiki ýaragyň ulanandygy sebäpli Asada tabynlykdaky güýçleriň harby merkezlerini 59 Tomahawk raketasy bilen bombalapdy. Bir ýyl soň ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri Siriýanyň hökümetine garşy howa hüjümini gurady we ünsler ýene-de Siriýa gönükdi we “Eýsem dünýä ikinji sowuk urşuň bosagasyndamy?” diýlen sorag ýüze çykdy..

Şu günki günde dünýä 1939-1991-nji ýyllaryň idealogik dünýäsine meňzemeýär. Birinji jahan urşunyň öňüsyrasyndaky on ýyllyklara meňzeýär. Döwrümizde halkara we sebitara güýçleriň güýçlenýän we güýçden gaçan günlerinde milli güýç söweşlerine şaýatlyk edýäris. Dünýäniň umumy ýagdaýyna ser salanymyzda 1945-1989-njy ýyllaryň aralygynda bolşy ýaly idealogik göreş ýok. Täze Demir Perde hem ýok. ABŞ-nyň häkimiýetiniň azaldylmagyny isleýän emma şol maksadyna ýetmek üçin heniz beýle güýçli bolmadyk güýçlenýän we güýçden gaçýan ýurtlar bar. Şol ýagdaý mesele bilen ýakyndan gyzyklanýan hünärmenlerde käbir düşnüşmezliklere sebäp bolýar. Käbir hünärmenler şol ýagdaýy Sowuk söweşe meňzedýär. Emma bu dogry däl. Bu ýagdaý 19-njy asyryň ikinji ýarymynda başdan geçirlen wakalara meňzeýär we ikinji Sowuk söweşiň bosagasynda bolmandygymyzy aýdyp bileris.

Şu günki günde Ýakyn Gündogar Amerikanyň daşary syýasatyna däl eýsem güýç syýasatyna görä dolandyrylýar. Meselem Saud Arabystany. Saud Arabystany demokratik ýurt däl hem-de garaýyş taýdan hem Günbatar üçin radikal. Emma nebiti bar we Amerikanyň howandarlygynda nebitini diňe dollar bilen satmak isleýär.

Beýleki tarapdan Müsür harby diktator tarapyndan dolandyrylýar emma ABŞ-nyň bähbidine laýyklykda hereket edýändigi we Ysraýyl üçin howply bolmandygy sebäpli ABŞ tarapyndan doly goldanýar.

Eýran terror guramasy DAIŞ-e garşy göreş bahanasy bilen Yrakdaky täsirini güýçlendirdi we Siriýanyň territoriasyny Eýranyn gury ýer güýçleri we harby bazalary bilen doldurup Siriýanyň hökümetini Eýrana wekilçilik edýän güýje öwürdi. Bu elbetde ABŞ-nyň bähbitlerine bap gelmeýar. ABŞ Eýrany dünýäde terrora goldaw berýän döwlet hökmünde häsiýetlendirýär we Eýranyň Orta ýer deňzine çenli gelendigini görmek islemeýär. Başdan geçirilýän wakalar we öňe sürülýän garaýyşlar Trampyň Eýran bilen baglaşylan ýadro şertnamasyndan çekiljekdigini görkezýär. ABŞ Eýran bilen duşmançylygyň bosagasyna çenli geldi.

ABŞ Ýakyn Gündogarda durnukly güýç deňagramlygynyň üpjün edilmegini isleýär. Daşary syýasat taýdan kabul edýän kararlary bilen ABŞ-dan garaşsyzlaşýan Türkiýe hem sebitara güýç ýagdaýyna gelýär. Şol sebäpli hem ABŞ Türkiýäni deňagramlaşdyrmak isleýär. Emma ABŞ Türkiýe bilen Eýrany çäklendirmegiň iki ýurdy Russiýa bilen has-da ýakynlaşdyrjakdygyny ýatdan çykarmaly däl. Ýadro şertnamasyndan çekilmek we Eýrana garşy täze sanksiýa goýmaga çalyşmak, Eýrandan ÝB-ne  nebit eksport edilmeginiň bes edilmegi manysyny aňladýar we bu hem ÝB-niň Russiýa bolan tabynlygyny has-da artyrar.

Beýleki tarapdan Siriýa şu günki günde sebitara we hatda halkara krizise sebäp bolup biljek ýagdaýa geldi. Siriýanyň howa giňişligi her pursatda gözegçilikden çykyp biljek çaknyşyga öwrülip biler. Siriýanyň ýakyn geljegindäki esasy we iň uly çaknyşyk PKK/ÝPG-nyň ol ýerden çykarylmagy ýada çykarylmazlygy sebäpli ýüze çykyp biler. Çünki PKK/ÝPG-nyň ýagdaýy diňe bir terror guramasynyň Siriýadaky güýji we barlygy bilen däl, eýsem şol bir wagtda Günbataryň Siriýadaky täsiriniň azaldylmagy bilen arabaglanşykly faktor ýagdaýyna geldi. Şol sebäpli hem Türkiýäniň-Russiýanyň we Eýranyň arasynda Siriýa meselesinde edýän ýakyn hyzmatdaşlyk edýär, beýleki tarapdan ABŞ-Britaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlar PKK/ÝPG-niň gözegçiligi astyndaky ýerlerde iş alyp barýar.

Ankarada geçirlen Türkiýäniň-Russiýanyň we Eýranyň lideriniň gatnaşmagyndaky üçtaraplaýyn maslahatda Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralyp saklanmagy barada kabul edilen karar ABŞ-nyň PKK/ÝPG bilen edýän gatnaşygy we Ýefradyň gündogardaky harby güýji barada berlen möhüm duýduruşdyr. Türkiýe taýdan bu mesele öz howpsyzlygyna garşy bolan strategik howp. Eýran şol sebitiň  ABŞ-nyň özüne garşy bolan hereketlerinde harby baza boljakdygyna ynanýar. Russiýa bolsa uzak möhletde şol sebitiň ABŞ-nyň Siriýadaky täsiriniň esasy merkezi boljakdygy barada pikir edýär. Şol sebäpli hem geljekde Munbiç we Ýefradyň gündogary baradaky basyşlar has-da artar. Üçtaraplaýyn maslahatyň netijesi Munbiç meselesinde diýseň möhüm. Türkiýäniň ilki Tel Ryfadyň gözegçilik astyna alynmagy, soň bolsa Munbiç meselesinde basyşlar arkaly ABŞ we PKK/ÝPG-äni Ýefradyň gündogaryna çekilmegi etabyň başladylmagy sebitdäki güýç deňagramlygy we Siriýanyň geljegi taýdan strategik göçüm bolup biler.

Atatürk uniwersitetiniň halkara gatnaşyklar bölüminiň ylmy barlagçysy Dr. Jemil Ipegiň mesele hakyndaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar