Türkiýäniň Daşary syýasatyna syn 15

Alparslan Türkeşiň Türk daşary syýasatyna bolan garaýyşlary we bu garaýyşlarynyň şu günki gündäki netijeleri

Türkiýäniň Daşary syýasatyna syn 15

Türkiýäniň syýasatynyň möhüm şahsyýetleriniň biri bolan Alparslan Türkeş ýogalmagynyň 21-nji ýylynda, geçen birnäçe gün ozal Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşmagynda biri-birinden tapawutly çäreler bilen hatyralandy. Biz hem gepleşigimiziň bu günki sanynda Alparslan Türkeşiň Türk daşary syýasatyna bolan garaýyşlaryny we bu garaýyşlarynyň şu günki gündäki netijelerini analiz etmekçi. Atatürk uniwersitediniň Halkara gatnaşyklar bölüminiň işgäri Dr. Jemil Dogaç Ipegiň şu günki temamyz bilen baglanşykly synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

            Türkiýe Respublikasynyň şu günki günde alyp barýan işjeň daşary syýasatyna düşünmek üçin Türk daşary syýasatyndaky geçmiş mysallaryň analiz edilmegi hökmany. Şol çäkde hem belli bir döwürde Türkiýäniň içerki we daşarky syýasatyny ugrukdyrmagy, hem-de Ýewraziýa geografiýasyndaky täsirleri bilen Alparslan Türkeşiň daşary syýasat bilen baglanşykly garaýyşlarynyň analiz edilmegi şu güne düşünmegimiz taýdan has peýdaly bolar.

          Türkeş 1917-nji ýylda Kipriň Nikosiýa şäherinde doguldy. 1933-nji ýylda maşgalasy bilen bilelikde Türkiýä göçdi. Imperiýadan Respublika, ýagny milli döwlete geçiş etabynda başdan geçirilen pikir jedelleşikleri we şol çäkde jedelleşilen milletçilik pikrileri hem Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Mustafa Kemal Atatürkiň hem-de Milletçi hereket partiýasynyň esaslandyryjysy Alparslan Türkeşiň pikirleriniň we garaýyşlarynyň emele gelmeginde täsirli boldy.

          Alparslan Türkeşiň (Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Atatürkiň Pikir atasy hökmünde häsýetlendiren) Ziýa Gökalpyň ýogalmagynyň 50-nji ýylynda geçirilen çärede eden çykyşy şol jähtden örän manyly. Alparslan Türkeş şol çykyşynda şeýle diýipdi: “Ýolumyz Ziýa Gökalpden kuwwat alan bir ýoldyr. Elbetde ýaşaýan günlerimiz täze şertleri emele getirdi. Bu täze şertlere görä ýörelgelerde birtopar üýtgeşiklikler giriziler. Emma esas üýtgemedi: Türkleşmek, yslamlaşmak, döwrebaplaşmak ýörelgeleri şu günki günde hem gymmatlyklaryny goraýan ýörelgelerdir” diýip belledi.

          Alparslan Türkeş ýurdyň daşary syýasatyny: bir döwletiň beýleki döwletler bilen bolan gatnaşyklaryny milli bähbitlerine görä alyp barmagy we dolandyrmagy hökmünde häsýetlendirdi. Alparslan Türkeşe görä: daşary syýasat kesgitlenen mahaly geosyýasatyň möhüm bir ýeri bar. Şol bir geografiýada ýerleşýän döwletler bilen bolan gatnaşyklar ileri tutulmaly.   

          Alparslan Türkeş üçin daşary syýasatyň kesgitlenmegindäki ilkinji prinsip milli maksatlardyr. Bu milli maksatlaryň başynda bolsa garaşsyzlyk we territorial bütewilik gelir. Taryhda milletler hemişe has güýçli syýasy gurluş, has enjamlaşdyrylan harby güýç we has köp durnuklylyk emele getirmäge synanyşypdyrlar. Şol sebäpli daşary syýasatyň ikinji maksady bulary emele getirmäge synanyşmak.

          Daşary syýasat bilen ýurdyň öz içindäki syýasat ikiataraplaýyn häsýetde biri-birlerinden güýç alýarlar we biri-birlerine täsir ýetirýärler. Alparslan Türkeşe görä bir döwlet jebis bolmasa, biri-biri bilen agzybir, bagly, aň-düşünjeli, asuda ýagdaýda bolmasa onuň daşary syýasaty gowşak bolar. Içerki ýagdaý hähili derejede kadaly we güýçli bolsa, daşary syýasat hem şolar ýaly täsirli bolar.

          Alparslan Türkeş BMG-ny ýesirlikde ýaşaýan milletleriň halas edijisi, ykdysady durnukysyzlygyň içindäki jemgyýetleriň durnuklylygy we dünýäde parahatçykygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini belleýärdi. Emma Türkeşe görä BMG öz üstüne alan bu wezipesini käbir sebäplere görä ýerine ýetirip bilenokdy. Bu ýerde Alparslan Türkeş bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti R.T. Erdoganyň BMG-e babatynda meňzeş garaýyşa eýediklerini we tankytlaryny BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşiniň adalatsyz gurluşyna garşydygyny görýäris. Erdogan hem Dünýä Bäşden uludyr diýmek bilen, bu meseläni halkara jemgyýetiň gün tertibine getirdi.

          1933-nji ýylda Atatürk, 1944-nji ýylda bolsa Alparslan Türkeş SSSR-yň dargajakdygyny bilipdiler, SSSR şeýlelik bilen 1991-nji ýylda dargady. Taryh bu iki lideriň dogry aýdandyklaryna şaýat boldy.

          SSSR darganyndan soň Garaşsyzlyklaryna eýe bolan Türki dilli Respublikalar bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň nähili bolmalydygyny Türkeş şu sözleri bilen belläp geçipdi: “Türki dilli halklaryň arasyndaky ýakynlaşma we ýygjam gatnaşyklar başga bir ýurtlara hiç wagt zeper ýetirmek we hüjüm guramak üçin ulanylmaly däl. Türkler dünýäniň haýsy döwletinde bolsa bolsunlar, başga milletler ýa-da bilelikde ýaşaýan beýleki jemgyýetler bilen dostluk we gowy niýet bilen, paratahçylyga esaslanýan hyzmatdaşlyk içinde ýaşamak isleýärler” diýip beýan etdi.

           Şu günki günde daşary syýasat döwletleriň iň möhüm arkalaşyk gurallarynyň biridir. Bir döwlet şol bir geografiýada ýaşaýan milletler bilen, umumy medeniýete eýe bolan jemgyýetler bilen daşary syýasatyň esbaplary bilen aragatnaşyk saklýar. Şu günki temamyzy Alparslan Türkeşiň garaýyşlarynyň esasynda jemlemek islesek: bir döwlet syýasatyny emele getiren mahaly ähli zatdan ozal garaşsyzlygyna we territorial bütewiligine howp salmajak ýagdaýda ähli mümkinçiliklerini ulanmaly. Şol çäkde Türkiýe Respublikasynyň ýolbaşçylary daşary syýasaty emele getiren mahallary milli bähbitleriň nämedigini kesgitläp, şoňa görä hereket etmeli. Daşary syýasat alynyp barylan mahaly Türkiýäniň şol wagtky ýagdaýy gowy analiz edilmeli we şoňa görä hereket edilmeli.

          Alparslan Türkeş ýogalýança çenli türk milletine we Türk dünýäsine hyzmat etmäge dowam etdi. Türkeşiň tutanýerli göreşi durmuşyny ýurdyna we milletine bagyşlamagyň möhüm we owadan bir nusgasy boldy. Şu günki gün Türkiýe Respublikasy R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda Atatürkiň we Türkeşiň goýup giden mirasyna eýe çykýar, türk milletine, türk dünýäsine we adamzada hyzmat bermäge dowam edýär.



Degişli Habarlar