Global Perspektiwa 15 Siriýa nähili konstitutsiýa gerek?

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Global Perspektiwa  15 Siriýa nähili konstitutsiýa gerek?

 

Uruşlaryň dowam etmeginiň sebäplerinden biri hem uruşdan soňky şertler barada ylalaşmazlykdyr. Uruşdan soňky şertlere gönükmek uruşlaryň bes edilmegi üçin iň esasy çykalgalardan biri.

Şu günki günlerde mediada Russiýanyň Siriýa üçin konstitutsiýanyň täze taslamasyny taýarlaýandygy, şol taslamanyň amerikalylar bilen ara alynyp maslahatlaşylandygy habar berilýär. Siriýanyň geljegini göräýmäge biri-birine garşy bolan şol iki güýjüň kesgitlemegi sebitde ýerleşýän ýurtlaryň we adamlaryň bähbidine bolmaz. Global güýçleriň bähbitlerine laýyklykda özleri üçin has amatly boljak konstitutsiýa bilen sebitimize durnuklylyk gelermikä eýsem? Şol sebäpli sebitde ýerleşýän ýurtlaryň, ylmy-barlag guramalarynyň, intelligentleriň uruş ýaly ondan soňky şertler barada-da çynlakaý pikir etmegi ýerlikli bolar.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris…

Degişli bolan jemgyýetiniň taryhyndan, medeniýetinden, ynançlaryndan, we başdan geçirenlerinden garaşsyz görnüşde ýazylan konstitutsiýanyň şol jemgyýete asudalyk getirmegi mümkin bolmasa gerek. Şol jähtden aşakda Siriýa üçin teklip edilen başlangyç konstitutsiýa ýörelgeleri birmeňzeş jemgyýetler üçin hem degişli ýörelgelerdir.

Durnukly dolanşyk ulgamyna eýe bolan ýurt dizaýn etmek ýa-da esasy köplügiň häkimiýetini üpjün etjek konstitutsiýa:

Ýakyn Gündogardaky dolanşyk ulgamlaryna ser salanymyzda olaryň iň esasy meselesiniň milletine esaslanmazlygy, milletinden güýç almaýanlygydyr. Öz milletine esaslanmaýan we ondan güýç almaýan dolanşyk ulgamlary hökmürowanlygyny dowam etdirmek üçin öz halklaryna garşy içerde umuman harby we howpsyzlyk güýçlerine, daşarda bolsa global güýçlere mätäçlik duýarlar. Şol sebäpli konstitutsiýa milletinden güýç alýan we şol çäkde esasy köplügiň häkimiýetini üpjün ediji häsýete eýe bolmaly. Jemgyýetler köplügiň ygtyýaryna esaslanýan konstitutsiýa bilen döwletine we edaralaryna eýe çykyp bilerler. Döwletler diňe şeýle bolan halatynda içerde we daşarda güýçli bolup bilerler.

Häkimiýetiň çalyşmagy üçin hökümetiň iş möhletini çäklendirýän konstitutsiýa:

Ýakyn Gündogaryň dolanşyk ulgamlaryny we şeýlelikde ýurtlaryny ejizledýän faktorlardan biri häkimiýetiň legal häsýetde çalyşmazlygy. Häkimiýet başyna geçen liderleriň, şalaryň, emirleriň ömür boýy häkimiýet başynda galmagy. Ol hem şeýle ýurtlardaky köp sanly meseläniň gözbaşyny emele getirýär. Ilki bilen şeýle halatlarda hökümetler jemgyýetçilik legallygyny ýitirýär. Dolanşyk ulgamlary öz jemgyýetinden güýç almaýandygy üçin esasan daşarky goldawlara esaslanýarlar. Ýurtlarynda hökümeti çalyşmak isleýän oppozisiýalar hem ol legal kabul edilmeýändigi üçin esasan global güýçleriň goldawyna garaşly bolýar. Şeýle şertleriň ýüze çykmazlygy, hökümetiň we oppozisiýanyň diňe öz jemgyýetine hasap berip bilmegi, ondan güýç almagy üçin häkimiýetiň möhleti hökmany suratda çäklendirilmeli. İki möhlet bilen çäklendirilen, maksimum on ýyllyk häkimiýet möhleti Ýakyn Gündogardaky legallyk, jemgyýetiň asudalygy, daşarky güýçlere däl, eýsem millete esalanmak ýaly köp sanly meseläni çözer.

Tapawuklylara hemaýat edýän plýuralist konstitutsiýa:

Konstitutsiýa ýurtda köplügiň häkimiýetini ýola goýup, azlyk bolan garaýyşlary, dini ynançlary, pikirleri hökmany suratda hemaýat astyna almaly. Başlangyç hak-hukuklar we azatlyklar azlyk-köplük meselesi bolup bilmez.

Bitewi döwlete esaslanýan konstitutsiýa: Siriýada awtanom dolanşyk durnuklylyk getirmez. Yrak we Ispaniýa onuň anyk delilini emele getirýär. Awtanom sebitlere bölünen Siriýada bir tarapdan sebitler erkinliklerini has-da giňeltmegiň kül-külüne düşer, beýleki tarapdan daşarky güýçler şol sebäpki ýurtdaky işlere goşulyşar. Awtanom dolanşyk ýurduň içindäki tapawutly gatlaklaryň arsyndaky ynamsyzlygy hem artdyrjakdygy sebäpli içerki parahatçylyga we asudalyga goşant goşmaz. Urşy diňdirjek bolsa, awtanom dolanşyk elbetde gymmatlydyr. Emma parahatçylygy ýola goýmak tapawutlyklara hemaýat edýän, başlangyç hak-hukuklar we azatlyklary kepillendirýän, ýerli dolanşyklary güýçli bitewi gurluş bilen has ýeňil bolar.

Wekilçilikde adalatlylyk, dolanşykda durnuklylyk, ýerine ýetirişde birligi üpjün edýän konstitutsiýa: Ýakyn Gündogardaky iň esasy jemgyýetçilik gymmatlyk din. Din-döwlet gatnaşygynyň kesgitlenmeginde praktikadan garaşsyz adalgalar çözgüt getirmän biler. Dünýewi günbatar ýurtlaryň 1-2-nji Jahan uruşlarynda bütin adamazda çekdiren ejiri, dünýewi hasaplanýan Saddam we Kaddafi bilen şerigat bilen dolandyrylýan käbir arap ýurtlarynyň dikdatorlyklary hemmelere mälim. Bu meselede iki ýurduň hem din-döwlet gatnaşyklaryny öz taryhy tejribelerine görä kesgitlemegi ýerlikli bolar. Ýakyn Gündogar ýurtlary taýdan yslam taryhy we Osman döwründäki dolanşyk tejribesi erkin we plýuralist din-döwlet gatnaşygy üçin iňňän ýerlikli nusga. Siriýa taýdan ýalňyş bolan, nähili kesgitlenendigine garamazdan dini gymmatlyklary görmediksireýän, hat-da dine garşy durýan konstitutsiýa. Şeýle konstitutsiýa bilen döwlet jemgyýetçilik legallygy we abraýyny ýitirer. Eger şeýle bolan halatynda milletinden güýç almaýan dolanşyga mejbur bolarlar. Ol hem Ýakyn Gündogardaky dolanşyk ulgamlarynyň şu günki şertlerinden tapawutsyz bolar.

Konstitutsiýa diniň analiz edilmeginde hem plýuralizme şert döretmeli. Eýranda we Saud Arabystanynda bolşy ýaly ýeke-täk dini analize esaslanmaly däl.

Kollektiw şahsyýetlere däl, şahsylyga esaslanýan konstitusiýa: Ýakyn Gündogar tapawutly dini ynançlary, halklary, messepleri, ideologiýalary, tire-taýpalary özünde jemleýär. Şeýle sebitde konstitutsiýanyň kollektiw şahsyýetlere görä ýazylmagy Bosniýa-Gersogowinada görülşi ýaly syýasy ulgamy çykgynsyzlaşdyrar. Konstitutsiýany üýtgewsiz kollektiw şahsyýetlere laýyklykda ýazmak durmuşy durnuksyzlaşdyryjy çemeleşmedir. Şol sebäpli konstitutsiýa şahsyýeti esas kabul etmeli.

Uruşlar elbetde baky dowam etmez. Uruşyň dowamynda näçe güýçli bolsaň bol, uruşdan soňky şertlere taýarlykly bolmadyk güýçler stoluň başynda utdurmaga mejburdyr. Uruşdan soň Siriýada ýalňyşlyga ýol berilmegi sebitimizde durnuksyzlygy üýtgewsiz ýagdaýa getirip biler. Şol sebäpli uruşdan soň parahatçylygyň, asudalygyň üpjün edilmegi Siriýa we sebitimiz üçin konstitutsiýa bilen birlikde köpugurly taýarlyklar görülmeli. Eger şeýle bolman halatynda uruşdan soň ýene-de bähbit global aktýorlara degişli bolar.

Ankara Ýyldyrym Baýezyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr. Kudret Bülbüliň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar