Türk Daşary Syýasatyna Syn 08

Siriýadaky oppozision toparlardan biri bolan Siriýanyň Türkmen Mejlisi birnäçe wagt ozal dördünji sessiýasyny geçirdi we täze dolanşygyny saýlady

Türk Daşary Syýasatyna Syn 08

 

 

Siriýadaky oppozision toparlardan biri bolan Siriýanyň Türkmen Mejlisi birnäçe wagt ozal dördünji sessiýasyny geçirdi we täze dolanşygyny saýlady. Biz hem gepleşigimiziň bu sanynda Siriýa türkmenleri üçin täze başlangyjyny we onuň türk daşary syýasatyna bolmagy ähtimal täsirlerini analiz etmekçi.

Atatürk Uniwersitetiniň Halkara Gatnaşyklar Bölüminiň ylmy işgäri, Dr. Jemil Dogaç Ipegiň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Türkiýe Respublikasynyň goldaw bermeginde döredilen Siriýanyň Türkmen Mejlisi üstümizdäki aýyň 10-11-i aralygynda Ankarada dördünji sessiýasyny geçirdi. Halapdan, Latakiýeden, Hama-Homsdan, Damask-Golandan, Rakkadan gelen we üç syýasy partiýanyň agzalaryndan ybrat bolan 360 türkmen delegaty ilki bilen 42 adamdan ybarat bolan mejlisiň agzalaryny saýladylar. Soň bolsa saýlanan 42 agza täze başlygy kesgitlediler. Mejlisiň agzalarynyň hatarynda geçirilen saýlawyň netijesine görä Dr.Muhammed Wejih Juma Siriýanyň Türkmen Mejlisiniň 4-nji başlyklygyna saýlandy.

Siriýada ýaşaýan iň bir gadymy halklardan biri bolan türkmenler ýedinji asyrdan bäri sebitde ýaşap gelýärler. Türkmenler Siriýanyň iňňän giň böleginde ýerleşýärler. Halapda, Latakiýe-İdlibde, Homsda, Hamada, Tartusda, Rakkada, Derada, Damaskda we Golanda türkmenler ýaşaýarlar. Siriýa türkmenleri asyrlardan bäri ýaşaýan ýerlerini we şahsyýetlerini goramak üçin uly göreş alyp barýarlar.

Türkmenleriň göreşi 2011-nji ýylda halk aýaga galyşy bilen bilelikde Başar Asadyň döwlet terroryna garşy başlaýar. 2011-nji ýyldan bäri Siriýanyň hökümeti Liwan serhedindäki, Halapdaky, Baýyr-Bujakdaky, Hamadaky we Homsdaky türkmen obalaryny birnäçe gezek bombalady. Şol hüjümleriň netijesinde ýüz müňe golaý türkmen pida boldy. Türkmenleriň beýan etmeklerine görä saklanan we dereksiz ýiten onlarça müň türkmen bar.

Türkmenler uzak wagtlap terror guramasy DAIŞ-e garşy göreşdi. Häzirki wagtda bolsa terror guramasy PKK/ÝPG bilen göreşýär. Geçmişde DAIŞ bilen çaknyşan türkmenleriň güýçleriniň bölünmegini pursat saýan PKK/ÝPG alan ýerlerinde ýaşaýan türkmen, arap we türk ilaty başga ýerlere göçmäge mejbur etdi, garşy duranlary öldürdi. Şu günki günde-de türkmenler terror guramasy PKK/ÝPG-niň basyp alan ýerleriniň yzyna alynmagy ugrunda göreşýär.

Türkmenler asyrlaryň dowamynda Siriýada, özbaşdak halk hökmünde ýaşamaga dowam etdi. Siriýada türki dilde gepleşýän 1,5 milliona golaý türkmen bar. Ene dilini ýatdan çykaran türkmenler bilen bilelikde Siriýadaky türkmen ilaty 3,5 milliona barabardyr. Türkmenleriň ol ýerdäki taryhy hem Türk imperiýasyna degişli arhiw hem-de Fransiýanyň kolonial dolanşygynyň arhiwleri tassyklaýar. Türkmenler uzak ýyllaryň dowamynda basyşlara, gyrgynçylyklara sezewar edilýär, medeni hukuklary ykrar edilmeýär. Muňa indi halkara jemgyýetçilgi hem reaksiýa bildirmeli.

Türkmenler häzirki wagtda ähli terror guramalaryna garşy göreş alyp barýar. Ýetilen sepgitde türkmenler özbaşdak etniki gatlak hökmünde stoluň başynda oturmak we öz hukuklaryny goramak isleýär. Elbetde türkmenlere Siriýadaky oppozisiýanyň düzüminde dürli platformalarda wekilçilik edilýär. Emma şol platformalarda türkmenleriň hukuklaryny goramak üçin edilýän tagalla möhüm, emma ýeterlik däl. Ýerlikli çözgüt üçin türkmenler hem stoluň başynda özbaşdak etniki gatlak hökmünde oturmaly.

Siriýada syýasy çözgüt üçin ediljek ähli başlangyçlaryň uzak möhletde netije bermegi ýurtdaky ähli taraplara beriljek hukuk derejesine bagly. Şol jähtden Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy  ýörelgesine laýyklykda türkmenleriň ýazyljak täze konstitutsiýada Siriýada ykrar edilmegi, goralmagy we kepillendirilmegi iňňän möhüm. Siriýa türkmenlerine “esaslandyryjy halk” derejesiniň berilmegi düpli çözgüde goşant goşup biler.

Türkmenler Siriýada araplardan soň ilat taýdan ikinji etniki gatlak. Siriýa türkmenleri Siriýada ejir çekenleriň başynda durýar. Hiç haçan etniki-dini terror guramalary bilen baglanşygy bolmadyk jemgyýet hökmünde türkmenler Siriýanyň territorial bitewiligini goran halk hökmünde hak-hukuklarynyň berilmegi baradaky talaplary iňňän ýerliklidir.

Siriýada we Ýakyn Gündogarda ýaşaýan türkmenler döwrebap, günbatarly, demokratik we dünýewi halkdyr. Halkara jmgyýetçiligi goldan halatynda türkmenler hem Ýakyn Gündogarda hem-de Siriýada demokratik we dünýewi dolanşygyň gurulmagyna goşant goşup bilerler. Türkmenler güýçlenen halatynda hem ýaragly hem-de düşünje göreşinde salafi-jihadist guramalaryny dargadar. Şeýlelikde Ýewropa hem bosgun akymyndan hem-de salafi-jigadist terror guramalaryndan goralar.



Degişli Habarlar