Aktual Analiz 08

Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary

Aktual Analiz 08

Türkiýäniň we siriýaly oppozisionerleriň Afrini ÝPG terrorçylaryndan saplamak üçin başladan “Zeýtun şahajygy” operasiýasynyň birinji aýy tamamlanan bolsa Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary ABŞ-nyň terrory goldaýjy çemeleşmesi sebäpli kadasyz bolmagynda galýar. Türkiýe hem Siriýanyň territorial bitewiligine hem-de öz milli howpsyzlygyna wehim astynda görýän bolsa, ABŞ Siriýada terror guramasy PKK bilen bolan kirli hyzmatdaşlygyny dowam etdirmekde erjellik görkezýär. NATO-nyň iki hyzmatdaşynyň arasyndaky dartgynlyk soňky döwürde “terrora goldaw” sebäpli dartgynlaşan hem bolsa, aslyna seredilende geçmişe esaslanýan düýpli konstruktiw meseleler hem bar. “Arap baharynda” eýelenen tapawutly pozisiýalar, ABŞ-nyň Müsürdäki harby agdarlyşygy goldamagy we ähli zatdan ozal 15-nji iýul agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda durýan FETÖ bilen bolan gatnaşyk Türkiýe-ABŞ gatnaşyklaryna uly zarba urdy.

Daşary işler ministri Çawuşoglynyň Türkiýe-ABŞ gatnaşyklary barada: “Gatnaşyklarymyz iňňän dartgynly. Ýa gatnaşyklarymyzy kadalaşdyrarys, ýa-da gatnaşyklar dolulygyna bozular” diýmegi Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýeten sepgidini aç-açan görkezýär. Amerikan tarapy Türkiýäniň egilşiksizligine düşünmek islemeýän hem bolsa Daşary işler ministri Çawuşoglynyň Tillersonyň DAIŞ boýunça geçirilen maslahatda sözlän sözüne ünsi çekip; “Türkiýäniň aladalaryna düşünýäris. Biz indi söz däl, iş görmek isleýäris” diýmegi, Türkiýäniň ABŞ-na bolan ynamyny ýitirendigini görkezýär. Şeýle-de berilen emma durulmaýan sözleriň berjaý edilmegini talap edýär. ABŞ Türkiýä beren sözlerinde durman halatynda Türkiýäniň düýpli kararlary kabul etjekdigini aýdyp bileris. ABŞ hyzmatdaşlyk düşünjesine laýyk başlangyçlar edip, Türkiýe bilen gatnaşyklary taýdan käbir ädimleri ädýän hem bolsa, özara ynamyň ýaňadandan dikelmegi üçin birnäçe wagt gerek bolar.

Wise-premýer Bekir Bozdag Türkiýäniň serhetýakasynda açylmagy meýilleşdirilýän terror koridory we terroryň döwletleşdirilmegi baradaky taslamany ortadan aýyrjakdyklaryny beýan edip; “ABŞ, terror guramalary PKK/KJK/PÝD/ÝPG meselesinde Türkiýäni güýmemekden el çekmeli; at çalşygy bilen terror guramalaryny we terrorçylary gizläp bilmejekdigini, hakykaty özgerdip we hiç kimi aldadyp bilmejekdigini bilmeli. PÝD we ÝPG-niň terror guramasydygyny çürt kesik ykrar etmeli; terror guramalary bilen hyzmatdaşlygyny we terror guramalaryna berýän tälimini, üpjünçiligini, ýarag, ok-däri we beýleki ähli goldawyny bes etmeli, terror guramalaryna beren ýaraglaryny ýygnamaly” diýip beýanat berdi.

Bu wakalar bilen baglylykda ABŞ-nyň döwlet Sekretary Reks Tillerson Türkiýä sapar gurady. Prezident Erdogan bilen birnäçe sagat dowam eden duşuşyk geçiren Tillerson kärdeşi Çawuşogly bilen hem özara gepleşikler geçirdi. Geçirilen gepleşiklerde taraplaryň biri-birini strategik hyzmatdaş hökmünde görýändikleri nygtaldy we Türkiýe ýene-de bir gezek ABŞ-na talaplaryny ýetirdi. Munbijiň başda durmagynda Siriýanyň demirgazygy bilen bagly gepleşikleri alyp barmak üçin mehanizmiň döredilmegi barada karar kabul edildi. Türkiýe ABŞ bilen gepleşiklere dowam edýärkä beýleki tarapdan-da gönüden terror guramasy PKK/PÝD-ä garşy göreşini dowam etdirjekdigini çürt-kesik beýan etdi.

Elbetde ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda bar bolan düşnüşmezlikler PKK/ÝPG meselesi sebäpli ýüze çykmaýar.

Meseläniň gözbaşynda Türkiýäni sebitde esalandyryjy aktýor hökmünde görmek islemeýän ABŞ-da Erdoganyň şahsyna gönükýän, ýalňyş ugrukdyrma esaslanýan Türkiýäniň yslamylaşýandygy we awtoritarlaşýandygy diskursyna bap gelýän çemeleşmäniň bardygyny görýäris. Birnäçe wagtlap media organlary tarapyndan propogandirlenen we Türkiýedäki hyzmatdaşlary tarapyndan goldanan düşünje Türkiýäniň milli bähbitlerine zyýan ýetirip, diskussiýa ugruny üýtgedýardi. Şeýlelikde ABŞ-da Türkiýe “adam hukuklary” we “ynsanperwer gymmatlyklar” sebäpli jedelleşilýärkä Ýakyn Gündogarda ABŞ-na tabynlykdaky Birleşen Arap Emirlikleri, Saud Arabystany we Müsür ýaly ýurtlardaky “adam hukuklary” we “ynsanperwer gymmatlyklar” hiç hili üns çekmeýärdi. ABŞ-nyň durnuksyz çemeleşmesiniň esasy sebäbi Türkiýäniň özbaşdak we garaşsyz daşary syýasat alyp barmagy.

Şeýlelikde 15-nji iýuldaky FETÖ-çi agdarlyşyk synanşygy guralýarka ABŞ-nyň “Agdarlyşygyň bolup bolmandygyny seljerýäris” diýlen beýanaty; agdarlyşykdan soň türk halkynyň ýanynda durmagyň ýerine agdarlyşygy guranlaryň ýagdaýy bilen gyzyklanmagy we Injirlik bazasynyň agdarlyşykdaky roly aslyna seredilende iki ýurduň arasynda öwrülşik nokadyny emele getirýär. FETÖ terror guramasynyň lideriniň ABŞ-da ýaşamagy, Merkezi razwedka gullugynyň we ABŞ-nyň beýleki edaralarynyň FETÖ-ni goldamagy Türkiýe bilen bolan gatnaşyklary diýseň dartgynlaşdyrdy. ABŞ-nyň Türkiýe tarapyndan berşlen onlarça delil görnüşindaki delolaryna garamazdan FETÖ terror guramasynyň liderini Türkiýä yzyna bermezligi we ol barada jenaýat işini gozgamazlygy ABŞ-nyň 15-nji iýuldaky FETÖ-çi agdarlyşyk synanşygyndan biynjalyk bolmandygyny görkezýän esasy görkezijilerden käbirleri.

ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda esasy tapawutlygy emele getirýän beýleki bir mesele bolsa Müsürde harby agdarlyşyk bilen häkimiýetden çetleşdirilen Muhammed Mursi. Türkiýe Müsüriň demokratik ýollar bilen saýlanan ilkinji prezidentini goldan hem bolsa, ABŞ Türkiýä yslamçy hökümeti goldan hökmünde garady. ABŞ Sisiniň agdarlyşygyna kanagatlanma bildiren bolsa, Türkiýe Mursiniň häkimiýetine goldawyny dowam etdirmegi Ýakyn Gündogar üçin ABŞ bilen Türkiýäniň arasynda düýpli garaýyş tapawutlylygyny görkezýär. Şeýlelikde Türkiýe Ýakyn Gündogardaky döwletleriň hökümetleri halklar tarapyndan saýlanmagyny isleýän bolsa, ABŞ öz bähbitlerine laýyklykda hereket etjek hökümetiň iş başyna gelmegini isleýär. ABŞ-da bar bolan garaýyşa görä Ýakyn Gündogarda erkin saýlawlar bilen saýlanjak hökümetler Amerikanyň tarapynda däl, eýsem onuň bähbitleri taýdan howply bolar.



Degişli Habarlar