Global Perspektiwa 05 Global aktýorlar bilen sebitleýin dartgynlyklar eýsem näme üçin çözülmeýär?

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris

Global Perspektiwa 05 Global aktýorlar bilen sebitleýin dartgynlyklar eýsem näme üçin çözülmeýär?

 

Global aktýorlar bilen sebitleýin dartgynlyklar eýsem näme üçin çözülip bilinmeýär?

Gepleşigimiziň geçen sanynda global aktýorlar bilen sebitleýin dartgynlyklaryň çözülip bilinmejekdigini gysgaça belläp geçipdik. Bu hepde meselä has giňden ser salmak isleýärin.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Ýakyn taryhda global aktýorlaryň ýa-da global aktýorlaryň öňbaşçylyk etmeginde döredilen halkara koalisiýalaryň çäre gören ýerlerindäki ýurtlaryň hiç haýsyna durnuklylyk gelmedi. Tersine global aktýorlaryň çäre gören sebitlerinde durnuksyzlygyň yzgiderli häsýete eýe bolandygyny aýdyp bileris. Şol ýurtlarda çekilen adam pidalary, göz ýaşy, köpçülikleýin göçler, ykdysady çökgünlikler has-da agyrlaşdy, ýaşaýyş şertleri iňňän peseldi.

Ýakyn geçmişde global aktýorlaryň işjeň gatnaşan dartgynlyklaryna gysga ser salanymyzda şol gynandyryjy hakykata göz ýetirmek mümkin.

Sowet Soýuzy taryh boldy. Emma Sowet Soýuzynyň basybalyjylykly hüjümi bilen başlan Owganystan meselesi başdan geçirilen şonça pajyga garamazdan entegem dowam edýär.

Hawa, Saddam dikdatordy. Saddamyň basyş ediji dolanşygy asytnda köp adam ejir çekdi. Emma global aktýorlaryň işe goşulyşmagy bilen Yragyň başyna gelenleri görenden soň eýsem yraklylaryň näçesi Saddamly Yragy däl, eýsem şu günki Yragy saýlap alardy?

Global aktýorlaryň goşulyşmagy sebäpli böleklere bölünen, talanan Liwiýanyň geljegine liwiýalylar umyt bilen garaýarmykalar?

Eýsem Siriýa? Ýurtda ýaşaýanlaryň tas ählisi ýerinden jyda düşen, ýüzlerçe müň raýaty ölen, baý medeni mirasyň eýe bolan Damask, Halap ýaly şäherleri ýumrulan Siriýada global aktýorlaryň gatnaşmagynda kim, nähili geljegi nazarda tutup bilýärkä?

Owganystanda onlarça ýyl dowam eden uruş sebäpli iň agyr ýitgini çekýän Pakistan şu günki günde ABŞ-nyň abaý-syýasaty sebäpli ozalky ýyllara görä has agyr çökgünliklere sezewar.

Adamzadyň iň bir ärdemli liderlerinden biri bolan Aliýanyň abaý-syýasat, hemle, şantaž we ýerine ýetirilmedik wadalar bilen gol çekmäge mejbur edilen Daýton Ylalaşygy bosniýaly musulmanlara näderejede abadanlyk getirdi? Bosniýaly musulmanlary köpçülikleýin mazarlara gömen serp ganhorlar Halkara Harby Jenaýatlary Kazyýeti tarapyndan jezalandyryldy, emma Bosniýa Gersegowina serpleriň, harwatlaryň we boşnýaklaryň arasynda bölünip, butnawsyz ýurda öwrüldi.

Mýanmanyň öýlerini oda berip, öldürip, mejbur göçüren Rohingiýa musulmanlarynyň pajygasy häzirlikçe Bangladeşe sygynandyklary, alyslyk sebäpli günbatara gidip bilmädikleri üçin halkara jemgyýetçiliginiň ýa-da global aktýorlaryň ünjüsini çekmeýär. Ünsüni çeken halatynda olar has adalatly çözgüdiň tapylyp tapylmajakdygy näbellidir.

Soňky ýüz ýylda global aktýorlaryň goşulyşmagynda Palestinanyň ýeten sepgidi hemmelere mälim. Ysraýylyň basyp almagy sebäpli ýeri günsaýyn kiçelýän Palestine we azatlyklary barha daraldylyp, ýarym açyk tussaghana şertlerinde ýaşaýan palestinalylar…

Mysallary näçe köpeltsek köpeldip oturmaly.

Gynansagan ýokarda beýan edilen dartgynlyklaryň ählisi musulman ýurtlarynyň başdan geçirýän dartgynlyklary. Bular özbaşdak düşündirilmäge degişli bolup durýar.

Global aktýorlaryň goşulyşmagynda meseleler näme sebäpden durnukly häsýete eýe bolýar?

Onuň belkem iň esasy sebäbi global aktýorlaryň eýe bolan düşünjesi. Halkara syýasata ýörelge, adalat, hak, gymmatlyk jähtden däl, eýsem bähbit ratdab garamaklarydyr. ÝB-niň Türkiýe boýunça raportýory hanym Keti Piriniň şu hepde beren 40 müň adamyň ganhory terror guraamasy PKK-nyň özleri üçin howp emele getirmeýändigi baradaky beýanaty şol garaýyşy doly görkezýär. Şol garaýyş özüne hüjüm etmän halatynda terror barada hiç hili aladasy, ärdemi bolmadyk, adamzat üçin aladalandyryjy çemeleşmedir. Şol garaýyşa biziň medeniýetimizde orun ýok. Biz haýsydyr bir meselä imperialist garaýyş bilen çemeleşmeýäris. Öz bähbitleri üçin hiç hili prinsipi äsgermeýän, maksada ýetmek üçin ähli usuldan peýdalanýan, ähli hilegärligi edýän garaýyşy kabul etmeýäris. Biziň medeniýetimizde uruşyň hem öz hukugy bar. Hukugy uruşyň serişdesine öwürýän däl, eýsem uruşa hukuk çägini çekýän, diňe şol çäkde urşy legal görýän garaýyşymyz bar.

Gymmatlyga-adalata görä däl, maksada ýetmek üçin hiç hili çägi bolmadyk, bähbide esaslanýan daşary syýasat düşünjesine eýe bolan global aktýorlaryň ýokarda meselelere, sebitimizdäki meselelere bolan çemeleşmesi hem şübhesiz şol çäkde bolýar.

Şol çäkde global aktýorlar sebitimizde dartgynlyklaryň gönüden göni sebäpkäri, getirijisi bolup bilerler.

Global aktýorlar biri-birlerine zeper ýetirmek üçin ýygy-ýygydan görülşi ýaly sebitleýin dartgynlyklaryň goldaýjysy bolup bilerler. Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň raýatlaryny imperialist maksatlaryna laýyklykda başgalaryna zyýan ýetirmek üçin serişde hökmünde peýdalanmak isläp bilerler.

Global aktýorlar özleri sebäp bolmasalar hem dartgynlyklaryň uzamagyny isläp, şol ugurda syýasat alyp baryp bilerler. ABŞ-nyň Siriýadaky çemeleşmesi onuň iň anyk görkezijilerinden biridir.

Global aktýorlar edýän ýokary mukdarly ýarag satuwlary sebäpli sebitleýin dartgynlyklary özleri taýdan söwda üçin pursat hökmünde görüp bilerler.

Beýleki tarapdan global aktýorlar sebitleýin dartgynlyklar bilen ýüze çykan pajygalaryň täsirinde galmaýar diýsek ýalňyşmarys. Dartgynlyklaryň agyr jerimesini sebitde ýerleşýän ýurtlar çekýärler.

Global aktýorlar sebitde hemişelik däldir. Sebitiň halklarynyň arasyna ekiljek pitne tohumlary olar üçin zyýan däl.

Ýokarda beýan edilen sebäpler bilen sebitleýin dartgynlyklaryň öňünde ilki çözgüt üçin haýsydyr bir jerime çekmejek halkara däl, eýsem sebitleýin hyzmatdaşlyklar döredilmeli.

Şübhesiz meseleler diňe global aktýorlary aladalandyrmaýar. Aslyna seredilende dartgynlyklaryň sebäbi we global aktýorlaryň işe goşulyşmaklarynyň sebäbi sebitde ýerleşýän ýurtlaryň çemeleşmelerinden gelip çykýar. Men sebitleýin dartgynlyklaryň çözülmegi üçin eýelenmeli pozisiýanyň usullary ýa-da eýelenen ýalňyş pozisiýa barada aýdýaryn. Çözgüt sebitleýin derejede gözlenmän halatynda global aktýorlaryň çekeleşiginden sebitde ýerleşýän ýurtlaryň zyýan çekýär.

Goňşy ýurtlaryň imperialist, messepparaz, rasist syýastlaryny tankyt edip bileris. Sebitde ýerleşýän ýurtlaryň şol syýasatlary sebäpli sebitleýin çözgüt tagallalary tebigy ýagdaýda çykgynsyzlaşyp hem biler. Emma ýokarda berilen mysalda görülşi ýaly, global meselelere global aktýorlaryň goşulyşmagy sebitdäki dartgynlyklary çözmeýär, ony hasam çuňlaşdyrýar. Has çuňlaşan dartgynlyklar sebitde ýerleşýän ýurtlary halkara çäreleriň görülmegine has açyk ýagdaýa getirýär. Ol hem müň ýyldan bäri agzybir ýaşalýan sebitiň çagalarynyň agzyny has-da alardýar, ýaşaýan sebitlerini dolulygyna çykgynsyzlaşdyrýar. Şol sebäpli sebitleýin çykgynsyzlyklaryň gymmaty näçe bolsa bolsun, sebitde ýerleşýän ýurtlar tarapyndan çözülmegi üçin ähli şertlerde ýerlikli peýdalanylmaly.

Ankara Ýyldyrym Beýazyt Uniwersitetiniň Syýasy Ylymlar Fakultetiniň Dekany Prof.Dr.Kudret Bülbüliň mesele baradaky synyny dykgatyňyza ýetirdik.



Degişli Habarlar